Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:59
Hawa!...
HAWA!...

Dertmi sen dermanmy? Parhyn bilemok,
Anyk bilýän zadym sensiz kyn maña,
Gijigen bagtymyñ nyrhyn ýülemok,
Çäresin gözleýän dertden dynara.

Ýene, bu giñ asman depämden basýar,
Özümi kapasañ içinde duýýan,
Ömrümi geljegñe sapak deý işip,
Püre-pür käsäme sabrymy guýýan.

Günler geçer, ýene aýlanar heññam,
Giñlik bermez ajap sazlañ mukamy,
Hazan urmuş, göýä bir meniñ üçin,
Ýapyk eken bu gün yşkyñ dükany.

Başym sallap, bimanyja ýylgyrdym,
A sen bolsa, ýörsüñ bagty gijeñläp,
Meni bir ömürlik söýmelidiñ sen,
Söýerdiñem, ah ýöne sen ejem däl.

Men çykaryn bu dertleriñ içinden,
Dermanymam sen bolmarsyñ unytma,
Bagtlydygmy duýaýgynyñ sensizem,
A:ýyñ yşgy görünäýse bulutda...

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 115 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Балканов • 20:59, 10.05.2023
Örän gowy goşgy!
avatar
0
2 Мango • 22:16, 10.05.2023
Dertmi sen dermanmy? Parhyn bilemok,
Anyk bilýän zadym sensiz kyn maña,

başlanyş iki setiri gowy welin, yzyndan gapma-garşylyklar başlaýar...
"Dertmi sen, dermanmy?... bilemok" diýip dertdigini, dermandygyny bilmeýänini aýdýar, yz ýanyndanam "dertden dynmaga çäre gözleýär"...
hany, onuň dertdigini bilmeýädiň?

Gijigen bagtymyñ nyrhyn ýülemok,
Çäresin gözleýän dertden dynara.

***

"ýül..."-li ýerinem düşündiräýmeseler...
sözlükde-hä:
"ýülmek" - Sürlüp ýylmanak bolan, taýpy - diýilýär.
"ýülmemek" - Ýüzüni gyrdap ýylmamak, ýülmenek etmek, taýpy etmek.

***

ikinji kupletde "...Püre-pür käsesine sabryny guýýar" we o sabyr käsesinden soňky jemleme bendinde joşup daşyna dökülýär:

Men çykaryn bu dertleriñ içinden,
Dermanymam sen bolmarsyñ unutma,
Bagtlydygmy duýaýgynyñ sensizem,
A:ýyñ yşgy görünäýse bulutda...

hany, "anyk bilýädiň, onsuz kyndy saña"...
indi näme boldy?
dertdenem onsuz çykjakmyşyň, dermanyňam dämiş ol (ýogsam "derdimmi, dermanymmy" diýip kelle döwýädiň), sensizem men bagtly, biläýgin şony, duýaýgyn şony... diýip Gahrymanyň boluşy "üzüm çig eken" diýen birine meňzeýär...
goşguda gahryman öz-özüne gapma-garşy gelýär...
näme-de bolsa üstünlikler!
avatar
0
3 Мango • 22:34, 10.05.2023
Meni bir ömürlik söýmelidiñ sen,
Söýerdiñem, ah ýöne sen ejem däl.

ejäniň söýgüsi bilen ýanýoldaşyň söýgüsini deňäp bolarmy? deňelmelimidir?
"ah" diýip arman etmesem gelişmeýär, "ah, ýöne sen ejem däl" käşgä ejem bolsadyň (ýa-da ejem ýaly söýsediň)...
ýok. ejäň ýeri başga, ýanýoldaşyň ýeri başga, "ah"-lamak gerek däl...
***
onsoňam, ejelerem bir kemsizem däl.
olaram çagalarynyň hemmesini deň söýmeýär...
hemmesi balasydyr, söýýändir, ýöne içinde любимчик-leri bardyr... :-)
her hili eje bar... bir eje tanaýan ogluny gelninden gabanyp tas aýrylyşdyrypdy....
... şöle...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203