02:31 «Men─Weronika Tuşnowa...» | |
«MEN─WERONIKA TUŞNOWA...» Mende, (belki köplerde-de şeýledir) terjime etmek isleýän şahyrymyň goşgularyna başlamazdan ozal, onuň terjimehalyny öwrenmek gylygy bar. Eger-de, şahyryň terjimehalynda «özüni alyp barşy» goşgularyndaka gabat gelse, meniň hut guşum uçýar. Tuşnowa bilen hem şeýle boldy. Onuň goşgularynyň ýüregagyrysyna sebäpkär ynsan onuň terjimehalyndan tapyldy. Ol hyýaly gahryman däl-de, hakyky gahryman eken...Öz döwürdeş şahyrlarynyň biri bolan Aleksandr Ýaşine aşyk bolmagy, Weronika Tuşnowanyň döredijiliginiň tas ählisini öz içine alýan goşgulary ýazmagyna sebäp bolýar. Goşgularynda hem öz hamrakdygyny boýun alyp duran Tuşnowa, söýgüsinde-de hamraklyk edýär─ol Ýaşiniň köp çagaly maşgalasyndan özi üçin aýrylmagyna dözmeýär. Netijede, ömürboýy armanly söýginiň zaryny çekip gezýär... Weronika Tuşnowa bilen köp ýyllar dostlukly gatnaşykda ýaşan şahyr Mark Sobol şeýle ýatlaýar. «Men bir gün Weronikany hassahananyň onkologiýa bölüminde ýatan döwürleri soramaga bardym. Degişmelerim, gülkünç gürrüňlerim bilen ony başardygymdan güldürjek, şatlandyrjak bolup azara galyp başlanymdan, ol gaşyny çyryp «Gerek däl!» diýdi. Weronika tanalmaz derejede gaty horlanypdy. Oňa urlan agyr sanjymlar dodaklaryny ýylgyrtmaga-da mejal bermeýärdi. Birdenem! Birdenem, Ýaşin geldi. Ony gören Weronika hut şol bada ikimiziňem otagdan çykmagymyzy talap etdi. Biz atylyp diýen ýaly daşyna çykdyk. Biraz salymdanam onuň:«Oglanlar, giriäýiň!» diýen sesi eşidildi. Men otaga girenimden doňup galdym. Biziň öňümizde duran, (men muny gara çynym bilen aýdýaryn) hakyt, perizatdy! Weronikanyň durşy bilen ýaldyrap, ýylgyryp duran ýüzünden ýaňa, ol kesel garasyny görene meňzemeýärdi. Men şonda onki süňňüm bilen, Weronikanyň hut Söýginiň özüne öwrülendigini duýdum...» Bu, Weronika Tuşnowa hakyndaky ýatlamalardan, ol hakynda aýdylanlardan diňe ýekejesi. Dürli-dürli gürrüňleriň hemmesi-de bir tarapdan meňzeş. Olar biragyzdan Weronika Tuşnowanyň söýgi bilen dem alandygyny, öz söýgüsine iň soňky demine çenli wepaly bolandygyny özüçe beýan edýärler. Şeýle ýatlamalaryň içinde «Weronika agyr keselden aradan çykan diýlip kesgitleme berlen bolsa-da, ol, meniň göwnüme öz söýgüsine tap getirip bilmän aradan çykan ýaly» diýip ýazanlar hem bar... Weronika Tuşnowanyň goşgularynyň ýene bir tarapy, ol beýleki rus zenan şahyrlarynyň köpüsine meňzemeýän sada häsiýetli. Men öz ýanymdan, meger, şol sadalyk onuň beýle bir meşhur bolup gitmezligine sebäp bolsa bolandyr diýip oýlaýaryn. Ýöne edebiýatçy alym Wadim Kožinowyň aýdyşy ýaly, hakyky şahyryň başy ölümsiz. Onuň haçan ykrar edip, haçan okaljagy, diňe wagtyň elinde. Belki häzirki pursat hem, Weronika Tuşnowanyň türkmen okyjylary üçin mälim bolmaly wagtydyr, kim bilýär... © Aýgül GARAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |