Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:28
Dag ýere duwlananda - dowamy
Beýleki han-begleriň hem ýüzünden Aman serdaryň aýdanyna goşulýandyklary görnüp durdy. Gowşut hanyň ogullaryny çagyrmakdan başga alajy galmady. Bu wagta çenli Humsagül ogullarynyň barynyň başyny jemlemegi başarypdy.
Olar, gaýtam, Gowşut hany masgara etdiler. Baba handan başlap, Nobat han, Hüjrep han, Hally han, Hyraly han, Ýaýlym han bu işi başarmajaklaryny aýtdylar. „Biz seniň synaňa tyg çekip bilmeris” diýşip, giň ýeriň gürrüňini edýärler gaýta. Gowşut han saklanyp oturyp bilmedi: „Güm boluň şu ýerden” diýdi. Ogullary çykyp gidensoň hem onuň gahary köşeşmedi. Hatda ol ogullary barada öňden bäri ýüreginde berç alan pikirini daşyna çykaranyny hem duýman galdy:
― Bu gün bormy, ertir bormy, biziňem kazamyz dolup, amanadymyzy tabşyrarys. Ýöne biz ölmeris ― baky dünýä gideris. Soňra hanlyk biziň ogullarymyza galar. Ilem: „Şularam Gowşut hanyň ogullary-da” diýer. Ana, men şonda ölerin...
Bu gürrüňe oturanlar birhili boldular. Bu sözler olaryň hupbatly geljeginden habar berýän ýalydy. Birden olaryň göwnüne Gowşut han olary taşlap gidip barýan ýaly bolup göründi. Olar şu wagta çenli öz orunlarynda durmagy başarypdylar. Hany ýüzügara-da etmändiler. Ýöne öňlerinde bular ýaly synagyň garaşýandygy olaryň ýatsalar-tursalar ýatlaryna-da düşenokdy. Häzir olar özlerini jadylanan ýaly duýýardylar. Bu günki bolup ýören zatlar şeýle bir geňdi welin, häzir olar birden: „ Owh” edäge-de ukudan oýanaýjak ýalydylar. Adam adatça ukuda özüni şunuň ýaly duýýar. Eliňi uzatjak bolarsyň ― eliň diýeniňi etmez, ylgajak bolarsyň ― aýagyň özüňki däl ýalydyr. Bularyň häzirki bolup oturyşy şondan gowy däldi.
Gowşut han bulardan hem hiç zat çykmajagyny aňdy. Onuň ýüzünden belli bir zat aňmak kyn bolsa-da, alaçsyzlygyna jany ýanýardy. Ol ömründe ilkinji gezek ölümiň hakyky demini duýan ýaly boldy. Ömrüniň şeýdip tamamlanyp biljekdigi hakdaky pikir onyň aňynda bialaç peýda boldy. Onyň mundan ozal durmuşyň manysy hakda uzak oýlanyp oturmaga wagty hem bolmandy, oňa zerurlygam duýmandy. Näçe pikir edeňde-de, ýazgydyňy üýtgetjek gümanyň ýokdy. Ýazgyt kitaby onuň eli ýeterden örän ýokardady. Şeýle bolýan bolsa, bu durmuşda öz egniňe ýüklenen ýüki eltmeli ýeriňe eltjek boluber. Başgasy saňa galmandyr. Ol özüniň perişde däldigine gowy düşünýärdi. Molla Töre ahunyň wagyz edişi ýaly ýaşamak oňa başartmandam, başartjagam däldi. Ahun bir gezek: „ Adam çyn yhlasy bilen Allatagalanyň öňünde perişdelerdenem sarpaly bolup biler” diýipdi. Beýle yhlas Gowşut hana berilmändir. Uly iliň öňüne düşüp, diňe bir ýörejek ýoluňy saýgarmagam aňsat däl. Ol ömründe agyr günäleri etmedigem bolsa, wyždanynyň aýdanlaryna göz ýuman gezekleri kän bolupdy. Onuň ýigreneni alamançylykdy. Ýöne alamançylyk bilen meşgullanýan käbir serdarlaryň öňünden çykyp, petigulusyny bermedik gezekleri az bolan däldir. Olaryň edýän işine göz ýummagy belli bir derejede halkyň bähbidi hem talap edýärdi. Halkyň garnyny doýurmak hanyň gös-göni borjy bolup durýar. Alaman şowly bolup çyksa, birbada bu mesele çözülen ýaly hem bolýardy. Alamançylyk bilen bagly ýitgilere bolsa adamlar bolaýmaly zat yaly seredýärdiler. Gün-güzeranlarynyň agyr bolmagy adamlary gara garynlarynyň guluna öwürýärdi. Depelenen ykballar, bimahal üzülen ömürler olaryň kän bir gözüne-de görnüp baranokdy. Gowşut hanyň özüniňem maksadyna ýetmek üçin serişde gaýgyrmadyk gezegi az bolmandy. Saragt galasyny dikeldenlerinde başdan geçiren kynçylyklary yatdan çykar ýaly bolmandy. Ýagdaý galany örän tiz dikeltmegi talap edýärdi. Diýmek, adamlar gije-gündiz durman işlemeli boljakdylar. Beýle agyr işi yerine ýetirmek üçin adamlar iň bolmanda doýa garna iýmelidi. Galany gurmaga başlamazdan öň bolan maslahatda bu mesele ör-boýuna galypdy. Şonda maslahata gatnaşanlaryň köpüsi ony alamançylygyň hasabyna çözmegiň tarapdary bolupdylar. Gowşut han näme diýsin. Tutuş halkyň alamanyň pidasy boljak bolup durka, islendik saldan ýapyşmaly bolýar. Gowşut han şonda köpçüligiň gelen kararyna boýun bolupdy. Bular ýaly meselede jylawy bir eliňden goýbereňsoň, golastyňdakylary täzeden agyzdyryklamak örän kyn bolýar. Alamançylyk netijesinde talanyp alnan zatlar galany gurujylara sarp edilýärdi, ýesir alnan gullaram Buharanyň gul bazaryndan çykýardy...
Gowşut hanyň ýagdaýy barha agyrlaşyardy. Ýara eýýäm topukdan ýokary geçipdi. Gara şeýtan gidip, Salyh tebibi alyp geldi. Tebip hana ýene tirýegiň şiresini içirip, şu aralykda taýýarlap ýetişen melhemleri bilen em etmäge başlady. Tebip em etse-de edýärdi welin, bu emiň ýaranyň hereketini togtadyp biljegine birem ynamy ýokdy. Göwnüne bolmasa, hanyň birneme gyzgyny hem galan ýalydy. Bu bolsa gowulygyň alamaty däldi. Ýöne ol şonda-da syr bermezlige çalyşdy.
― Han aga, derman Allahdandyr. Biziňki bir mydama-da delil etmekdir. Inşallah, şu emler kömek eder.
Ol derman ýasamak bahanasy bilen gapa tarap howlukdy. Oturan han-begler ony gözleri bilen ugratdylar. Göýä, onuň hereketinden möhüm bir zady aňjak bolýan ýalydylar. Häzirki dörän yagdaý olar üçin düşnüksizdi. Dogrudanam, bar zat şeýdip çepbesine çöwrülip oturyberermikä?
Däri-dermanyň täsiri bilen Gowşut han biraz ynjalan yaly etdi. Ol Gara şeýtana ýüzlendi:
― Gara, bulary güpbasdy edip alyp gaýdandyrlar. Ajy bardyr, suwsuzy bardyr. Goňşy öýe eltip, nahar-çaýlaryna serediň. Ýöne hijiňiz hiç ýere dargamaň.
Gowşut hanyň sesi hoşgylaw çyksa-da, munuň buýrukdygyna hemmeler düşündiler. Şiriň dişini görkezmeginiň onuň ýylgyrýanyny aňlatmaýanlygyna hemmeler düşünýärdi. Gapa tarap ýönelen han-begleriň hereketinde birhili howlukmaçlyk duýulýan ýalydy. Ýa bu Gowşut hanyň göwnünemikä?
Öýüň içinde hanyň ýeke özi galdy. Ol şeýle bir günüň haçanam bolsa bir wagt geljekdigini bilyärdi. Ýöne onuň şeýle tiz alnyndan çykjagyny asla güman etmeýärdi. Birden Eýeberdi çolugyň çölde çuwsuzlykdan heläk bolşy onyň ýadyna düşdi. Ol çolukçylyga ýaňy başlap, çöle onçakly belet däl eken. Şonuň üçin hem onuň azaşmagyny geň görüp oturasy iş ýokdy. Geň zat onuň öz goşlaryna elli ädim galanda jan bermegidi. Ol ýene bir depe aşaýanlygynda, buz ýaly suwa agzyny basaýmaly eken. Ol görgüliniň üçüne baranda, Gowşut han bir gürrüňiň şaýady bolupdy. Ýasda oturanlardan kimdir biri Eýeberdiniň ýogalyşyny geň gärýänini aýtdy. Şonda törde oturan Kerim molla şeýle diýipdi:
― Ol şehit ölmeli eken. Bu onuň ýazgydynda bar bolara çemeli. Ol ýene bir depeden aşaýsa, boljak däl ekeni. Adama öljegi kyrk gün öňünden belli bolarmyş. Ýöne ruhunyň bakydygy üçin adam oňa kän bir ünsem bermezmiş. Ýöne başy ýassyga ýetende welin, habar gelen şol güni ýatlarmyş. Ana, şol habary alan adam şondan soň näme etse-de, edeni tersine bolarmyş. Eger ol bir keselden ýogalmaly bolsa, edil şonuň ýaly kesel bilenem başga biri keselläp, haýsydyr bir dermany içip sagalsa, muny eşidip, oňa-da şol dermany içirseler, ol sagalmakdan-a geçen, gaýta, keseli öňküdenem beterlär. Ana, şondan soňky hereketler ýazgydyňy üýtgetjek bolmakdyr. Bu bolsa adam oglunyň birine-de başartmaz.
Bu wagt munuň ýadyna düşýän wakany diýsene. Gowşut han ömrüniň dowamynda Eýeberdiniňkiden has elhenjiräk, has täsinräk, has ýatda galyjy ölümleriň, gör, näçesiniň şaýady bolupdy. Şolardan saýlanyp, birden şonuň ölüminiň ýadyna düşmeginde nähili hikmet barka? Gowşut han birden alasarmyk ukudan aýňalana döndi. Şu gün daňdandan bäri öz düşüp ýören güni hem heý bir akylyňa sygarmy ? Ol dumanda gezip ýören ýaly dälmi? „Aýagymy çapyň, aýagymy çapyň” diýip, iliň üstüne dyzady oturdy. Özi alagada gylyjyny aýlaýanda bolmajakdymy? Bular ýaly injikleri ol öň az kesipdimi? Ýa başga biri kesende awusy az boljakdymy? Ogullarynyň bolşuna näme diýjek. Atalarynyň ýüregine tyg urmakdan gaýtmadyk bihepbeler gel-gel bu günki gün onuň tenine dözmedik bolýarlar. Gowşut han şu gün olaryň birden-biriniň diýenini etjegine ynanmanam durmandy. Şol boluşlary bilen haýsam bolsa biri, adatça edişleri ýaly, soňuny saýman, gylyjyna ýapyşar öýdüpdi. O diýeni hem bolmady. Handyr beglerem bir aýyply iş eden yaly bolşup, ýere seretdiler oturdylar. Tebipleriňem egni salyk. Şolaram em etjek bolup, ölüp-öçüp baranoklar...
Gowşut han birden Sary hany ýatlady. Ýüzi ýagtylyp giden ýaly boldy. Soňky döwürde Mary töwereklerinde özüne şondan ýakyn adamyň bolmandygyna ol häzir düşünip galdy. Türkmeni bir ojagyň başyna egirmek, tire-taýpa dawasynyň soňuna çykmak barada ikisi hem bir pikirdedi. Tekeler bilen saryklaryň arasyny sazlamakda Sary han uly hyzmat bitiripdi. Gowşut han şu wagt salam berip, öz gapysyndan giren Sary hana gözi düşende, gözüne ýaş aýlanyp gidişini ýatlady. Olar biri-birleriniň ýüzüne seredenlerinden pikirdeşdiklerine, biri-biri üçin dogandanam ezizdiklerine düşündiler. Ol wagt Sary han Pendiden Babyşgala göçen saryklara ýolbaşçylyk edýärdi. Pendide oturan saryklara ýer azlyk edensoň, olaryň ýaryny Babyşgala göçürmek kararyna gelnipdi. Saryk hany Maksut han göçüp gidýänlere ýolbaşçy edip, Sary hany bellemegi teklip edýär. Şol gün Sary hanyň aşygy alçy gopýar.Ony hem han saýlaýarlar, hem-de öýlendirýärler.
Sary han öz toparyna ýolbaşçylyk edip başlan ilkinji günlerinden teke garyndaşlary bilen arany sazlamagyň ugruna çykýar. Bir gün hem bu meseläni çözmek üçin ýaşulularyň maslahatyny çagyrýar. Üç gün dowam eden çekeleşikden soňra Sary han öz diýenini gögertmegi başarýar. Şondan soň ol ýanyna Soltannyýaz batyry hem-de Gurbannyýaz gyzyly alyp, Gowşut han bilen duşuşmaga ugraýar.
Şol duşuşyk Gowşut hanyň häzirem göz öňünde dur. Hawa, olar biri-birlerini gören batlaryna sözsüz düşünişdiler. Gowşut han ony gowy garşy aldy. Ol Sary hanyň elini goýbermän, öz ýanynda oturtdy. Sary han derrew öz niýetini mälim etdi:
― Han aga, hemmämimiziň aslymyz bir. Iki dogan agzala bolsa, olaryň duşmanlarynyň gurdy gündiz uwlar. Soň olar nädip tüýt-müýt bolandyklarynam bilmän galarlar. Iki doganyň agzynyň birikmegem bu günki gün ikimize bagly. Men geçeni geçdi bilýän: köne saman sowurmakçy däl.
Gowşut hanyň egninden dag aýrylana döndi. Ol birden bogazynyň dolanyny duýman galdy. Ýöne syr bildirmezlige çalyşdy. Ol şu wagta çenli ýalňyz bolandygyna, diňe şu wagt hakyky egindeşini tapyp oturandygyny duýupdy. Bu duşuşyk Mary türkmenlerini, ýok, tutuş türkmeni Turandaky ýeňilmezek güýje öwrüpdi. Indi olaryň isläni bolar. Eýrany, Turany boýun egdirmek indi diňe wagtyň işi.
Şonda Sary han öz haýyşyny hem mälim edipdi:
― Han aga, soňky ýyllarda saryk düw-dagyn boldy: biri dagdan çykdy, biri düzden. Men olaryň baryny bir ýere jemlemekçi. Onuň üçinem maňa kerwen kömegini etseň. Ýene bir haýyşym: Murgap derýasynda bent gurmaga kömek berseň.
Gowşut han oňa ýardam bermäge sözem berdi, sözünde-de durdy. Ol jar çekdirip, birnäçe günüň dowamynda üç-dört sany kerweni jemläp, Sary hanyň öňüne saldy. Hoşlaşjak bolanlarynda, ol Sary hany gyraraga çekip:
― Işiňi bitireňsoň, kerwenbaşylara: „Gowşut hana altyn goýup gaýdypdym, zähmet hakyňyzy şol altynyň ujundan alaýyň” diýäý. Galanyny özüm oňararyn — diýdi.
Şeýdip, Sary han Çärjewde, Amyderýanyň boýlarynda, Maryda, Pendide we Hywa tarapynda dagynyk ýaşaýan saryklary bir ýere jemlemegi başardy. Bu iş tamamlanansoň, kerwenbaşylar Sary handan zähmet haklaryny talap edenlerinde, ol Gowşut hanyň öwreden sözlerini gaýtalapdy. Aňyrsynda sähelçe baýlyk bolanda, ol öz hyzmatyny bitirenleri boş goýberjekmi? Ol kerwençileri gowy naharlap, taňryýalkasynyny yetirip, ýola saldy. Kerwenbaşylar bolsa Gowşut hanyňka gelip, haklarynyň berlerine garaşyp ýatyberdiler. Han mal soýup, olary naharlap, haklaryny töledi. Şonda-da kerwenbaşylar gitmän, ýeňselerinin gaşaşyp durlar. Gowşut han ahyry olardan munuň sebäbini soramaly boldy.
― Han aga, biz-ä Sary hanyň aýdan gyzylyndan hantamadyrys.
Gowşut han loh-loh gülüp, soňam çynlakaý görnüşe giripdi-de:
― Sizem zatdan doýjak däl-ow. Olam siziň doganyňyz ahyry. Birküç gün hak-heşdeksiz hyzmat edeňizde, maýyp bolýaňyzmy? — diýip, bu gürrüňi oýna yazdyrdy...
Bu ýatlamalar Gowşut hana öz derdini undaňkyrladypdy. Umytdan püre-pür günlerdi o günler!.. Gara şeýtanyň çybşyldysy ýene ony bu içgysgynç güne gaýdyp getirdi. Şeýdip güýlünip oturmagy bar zatdan agyr görýändigi daşyndan bildirip duran Gowşut han iň soňky umydyna ýapyşdy:
― Sary hana habar ýollamanmydyňyz?
― Habar ýollandy han aga, ýöne ara-da esli bar-da. Çapar barýança, ony tapýança, habaryny aýdýança, wagt gerek-dä. Inşallah, olam gelip ýeter. Gerek zadyňyz barmy? Belki garbanarsyňyz?
― Salyh tebip gelip gitsin. Aýagymyň ýarasyny ýuwup, sarap bersin. Namaz wagty golaýlandyr. Dik durmaga yagdaýym bolmasa-da, oturyb-a okap biljek.
Gara şeýtan gelşi ýaly çykyp gitdi.
Umytdan hem çäksiz aladadan doly gözleri bilen Gara şeýtanyň ýüzüne bakan Humsagül, onuň özüni alyp barşyndan many aljak boldy.
― Hudaýa şükür, hanyň ýagdaýy birneme gowulaşan ýaly. Täret kyljak diýýär. Sen bir suwjagaz gyzdyr. Bir gabam tap — diýip,Gara şeýtan tebipleriň oturan öýüne tarap haýdady.
Salyh tebibiň öňki ýapan melheminiň peýda etmändigi görnüp durdy. Hanyň aýagy eräp gidip barýardy. Göwnüňe bolmasa, gatyrak basyberseň, onuň dyzyndan aşagynyň hamy eti bilen sypyrylyp, ýalaňaç süňk bolup galaýjak yalydy. Salyh tebip, ýaranyň üstünden ýüzärligiň suwuny akydyp, soňam ýene melhem ýapdyda, üstünden ak matany usullyk bilen sarady.Onuň teklip eden tirýek şiresinden Gowşut han bu gezek ýüz öwürdi. Tirýek içip, namaz okamagy gelşiksiz hasap etdi.
Salyh tebip çykyp gidensoň bir eline kündük, bir eline-de legen alyp, Humsagül gapydan girdi. Adamsynyň dik oturandygyny görensoň onuň biraz göwni giňedi. Ýogsam, ol daşarda zowzullap ýörşüne ýok zatlary kellesine getiripdi. „Aýagy syzlamaýan az-azla. Emgek bolup geçip gidäýedidä. Beýdip oturmag-a gelişjek däl eken muňa”. Şular ýaly sözler bilen öz ýanyndan özüni köşeşdirmäge çalyşýan Humsagül kalbyna çöken gorkudan barybir saplanyp bilmeýänini boýun almaly boldy. Ýüreginden, göýä, daş asylan ýalydy. Ol bu bolan işe belli bir derejede özüni sebäpkär saýsa-da, ony boýun almakdan ejiz gelýärdi. „Muňa bir zat bolmasyn,ýogsam...”
― Näme öwelip dursuň? Akytda suw akytjak bolsaň!
Humsagül adamsynyň sesine ukudan oýanan ýaly boldy. Onuň sözlerindäki gödeňsilik nämäniň alamaty? Ýa olam meni günäkär hasap edýärmikä?
Gowşyt han ýalňyş hereket edenine bada-bat düşünse-de, eýýäm giçdi. Ol aýalyna gödeňsiräk daramak bilen öz arkaýynlygyny bildirmek isläpdi, ýöne sesi şeýle bir ýasama eşidilipdi welin, onuň heniz ýaňy şinelän howsalasy hem gol-pudak ýaýradyp oturyberipdi. Ine, bu jahanda seniň üçin iň eziz adam öňüňde dur, han. Belki bu onuň bilen iň soňky gezek ikiçäk galyşyň bolar. Ol häzir senden abaý-syýasat islänok. Senden näme isleýänini onuň özem bilýän däldir. Eger saňa bir zat bolaýsa, onda häzirki bolup oturşyň, etjek hereketleriň, aýtjak sözleriň ölýänçä onuň ýadyndan çykmaz. Sen onuň bilen şeýle bir äheň bilen gepleş, goý, ol şol äheň üçin mydama saňa minnetdar bolup gezsin. Goý, häzir oňa aýtjak sanlyja sözleriňde şu wagta çenli söz bilen aňlatmaga çekinen duýgularyň bary jemlensin. Goý, her bir hereketiň oňa zeminiň ýüzünde duşuşmagymyzyň bimany bolmandygyny, hakyky durmuş bilen ýaşandygymyzy, bize ýaşamaga kuwwat beren zadyň söz bilen aňladylmadyk, näz bilen bildirilmedik söýgüdigini yatlatsyn. Gowşut han duýdansyz kalbyna dolan duýgulara bozulyp, suw akytmaga taýýar bolup duran ayalynyň gözüne gözi düşende, öz häzirki ýagdaýynyň oňa aýandygyny, ony düşündirmek üçin sözüň asla gerek däldigini aňyp, aýalyna aýdyp-diýip bolmajak derejede minnetdar boldy. Ol gözlerde bu pursat tutuş ýaşaýyşyň manysy jemlenipdi. Belki, ol şu garaýşa mynasyp bolmak üçin bu jahana gelendir. Belki, ol şu pursatyň hatyrasyna şunça hupbatlara döz gelendir. Adamsynyň nazary bilen nazary çaknyşan Humsagülem onuň garaýşynyň manysyna düşünipdi. Ol garaýyş ony ähli aladadan azat edipdi. Ol bu durmuşdan almaly zadyny aňyrýany bilen alandygyny duýdy. Ýa bu hem bir Allahyň ýalkadygymyka?
Olar häzir kalplaryny heýjana salyp, guş bolup pelpelleden duýgyny hiç wagt söz bilen aňladyp bilmezler. Adam ogly bu düşnüksiz bagtyň şaýady bolup bilmez. Bu zatlaryň indi geregem ýok. Asla indi hiç zadyň geregi ýok...
Gowşut han ilki iki elini goşarlary bilen birlikde ýuwup, soň üç gezek agzyny çaýkady. Soňra uç gezek sag eli bilen burnuna suw çekip, çep eli bilenem sümgürindi. Birdenem tärete niýet etmändigi onuň ýadyna düşdi. Ol içinden: „Hiýet etdim Allahyň razylygy üçin täret kylmaga” diýdi-de, iki owujyny Humsagülüň akydan suwundan dolduryp, yüzüni ýuwdy. Ýüzüni üç gezek ýuwansoň, ilki sag elini, yz ýany bilen hem çep elini tirsekleri bilen birlikde üç gezek ýuwdy. Soňra kellesindäki tahýasyny gapdalyna taşlap, sag elini ölledi-de, aýasy bilen elini maňlaýyndan başlap, ýeňsesine çenli ýöredip, soňra ýene yzyna ― maňlaýyna gaýdyp getirdi. Soňra elini täzeden ölläp, sag eliiň süýem barmagy bilen gulagynyň içini, başam barmagy bilenem gulagynyň daşyny sypady. Şol bir wagtyň özünde çep gulagyny hem çep eli bilen şeýdip sypady. Elleriniň beýleki üç barmaklarynyň daş ýüzi bilenem ýeňsesini sypady. Soňra gezek aýaklara ýetdi. Gowşut han sag aýagyny üç gezek ýuwup, gezek çep aýagyna ýetende mesh etmek bilen oňaýmaly boldy. Ol täret kylyp bolansoň, aýalyna ýüzlendi:
― Gitmänkäň namazlygy golaýyma süýşürip git. Soranlara-da namaz okaýar diýäý.
Humsagül gap böwürdäki sandygyň üstünde duran namazlygy adamsynyň ýanyna ertip goýdy-da, kündügi hem içi suwly legeni alyp, gapa tarap ýöneldi. Gapydan çykjak bolanda öz adamsyna onuň şeýle bir seredesi geldi welin, tolgunmadan ýaňa tasdan elindäki legenini elinden sypdyrypdy. „Olam häzir meniň yzymdan garap otyrmyka? Belki, ýene-de bir aytjak zady bardyr?” Ýöne bir düşnüksiz duýgy ony daşaryk itekledi. Göýä, ol ýaňky gaýtalanmajak pursatyň täsiriniň gowşamazlygyny isleýän ýalydy.
Gowşut hanyň oturyp ilkinji gezek namaz okajak bolşudy. Şonuň üçin hem beýdip namaz okamak endiginiň ýokdugyna ol diňe namazlygyny ýazyp, onuň üstüne süýşensoň göz ýetirdi. Ýaraly aýagyň üstünde-hä oturyp boljak däl. Onuň agyrysyna-ha çydaram welin, agram düşse, aýagy suwjaryp, namaz okap otyrka täretini bozmagy ahmal. Diňe üm bilen okaýmak galýar...
Bu wagt goňşy öýde oturan han-begleriň içini it ýyrtýardy. Olar öňde özlerine nämäniň garaşýanyny bilmän kösenýärdiler. Gowşut hanyň ýagdaýy dogrudanam şeýle agyrmyka? Aýagyny çapmagy haýyş edende içlerinde bir garadangaýtmaz tapylaýanlygynda, häzir bar zat ap-aýdyň bolsa-da bolaýardy. Olar hanlarynyň bir aýaksyzam halka baş bolup biljegine aňryýany bilen göz ýetirýärdiler. Ýöne onuň ayagyny çapanyň bilen zäheriň öňüni almak başartjakmy beri? Olar bu soragyň jogabyny eşitjek bolup, Salyh tebibi çagyrtdylaram. Ol hem çürt-kesik bir zat aýdyp bilmedi. Ol oturanlara bakyp:
― Bu zäher bilen ýüzbe-ýüz bolup görenimiz ýok. Aýak bada-bat çapylan bolsa, zäheriň öňüniň alnaýmagam ahmaldy. Ol peýda etmänem bilerdi. Bu hakda kesgitli bir zat aýtmak kyn — diýip, gümürtik söz urupdy.
Bu gümürtiklik oturanlary biraz ekezlendirenem bolsa, bu waka bilen baglanyşykly alasarmyk duýgudan hiç mahalam saplanyp bilmejekdiklerini olaryň her biri duýup otyrdy. Olar göräýmäge arkaýyn ýaly görünseler hem, kellesinde harasat gopmaýany ýokdy. Han-ha, bir gyrada Aman han içini hümledip otyr. Ol islendik wakadan llki bilen özüne gelip biljek peýdany gözleýärdi. Eger peýda geljegi göz-görtele bidirip durmasa, onda şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagy üçin näme edip boljagy hakynda oýlanar. Eger ondan hem bir uç tapylmasa, onda il ugruna bolubererdi. Ine, häzir hem ol Gowşut han heläk bolaýan ýagdaýynda, özüne nämäniň garaşýandygyny aňynda saldarlap otyr. Hana hiç zat bolmawersin welin, bir bolmasyz iş bolaýsa, ilki bilen han saýlamak meselesi ýüze çykar. Ol hanlyga dalaş edip biljekmi? Aman han bu meselede özüni goldap biläýjek han-begleri seljermäge başlady. Iň kyny Gowşut hanyň ogullaryny aradan aýyrmak bolar. Olaryň hanlyga dalaş etmäge bolan hukugyny ykrar etjek az bolmasa gerek. Olaryň kellesinde ýel şuwlaýanam bolsa, halkyň depesinde gamçy bulamak höwesiniň olaryň kalbynda şineläp ýatan bolmagy hem mümkin. Garaz, şeyle mesele ýüze çyksa, olaryň dek ýatmajaklary-ha belli. Hanlyk olaryň haýsyna ýetende-de gowulyga garaşyp oturma. Atalarynyň çemçeläp ýygnan abraýyny çanaklap dökmäni olar hiç zatça-da görmez. Olar häzir-ä bar abraýy keýp-sapada görýärler. Bar, hanlygy olaryň elinden gaňryp aldyňamda. Olar soň seni günüňe goýjaklarmy? Iň gowusy öz urugyňa hanlyk edip oňaýmakmyka diýýän...
Artykguly serdaryň başyndan geçirip oturan duýgulary ony otdan alyp, suwa salýardy. Bu gün ol bigaýratlyk edäýdimikä? Gylyjyny sogrup alagada, hanyň möhümini bitiräýenliginde, bu wagt beýdip, iňňe ýuwdan ýaly bolup oturarmydy? Bar, ol diýlenini etdi hem diýeli. Daş etsin welin, şeýdip,ol hanyň ajalyna sebäp bolaýan bolsa, ana, şonda näderdi? Onsaň dur gaýratyň bolsa, hanyň ogullarynyň öňünde! Bidöwletler senden onuň hununy talap etmekdenem gaýtmazlar. Başyňy orta goýmaýanlygyňda hem atalarynyň ömrüni olaryň näçe bahalajaklary belli däl. Heý, bular ýaly hanyň hununyň aşagyndanam çykyp bolarmy? Ýa bu sözleri öz bigaýratlygyňy delile getirjek bolup aňyňda aýlap otyrmysyň, serdar? Haýsy bolanda-da bu göçüň öz duşundan geçendigi Artykguly serdara mälimdi.
Içini hümledip oturanlaryň arasynda, her hili ýagdaý ýüze çykanda-da, Gowşut hana asla tyg çekip bilmejekler hem bardy. Olar hanyň aýagyna tiken batmagyna hem dözmezdiler. Haýsy niýet bilen bolanlygynda-da onuň bedenine tyg çekmek olaryň başarjak işi däldi. Şonuň üçin hem olar bu meselede özlerini müýnli hasaplajak hem bolup oturman, diňe gudraty güýçli Allatagalanyň rehmetine bil baglap otyrdylar. Ýazgytdan gutuljak gümanyň ýok, şonuň üçin hem diňe Ýaradana bil baglaýmak galýar. Hernäme-de bolsa, uly iliň ýüzüniň tuwagyna tyg çekmeli bir etme, Biribar!
Sary han ikindinara gelip ýetdi. Bärden atyny çapdyryp baran çapar ony Babyşgaladan tapmady. „Düýnki Pendi tarapa gidişi. Allah ýol berse, şu gün yzyna dolanmakçydy” diýdiler. Çapara garaşaýmakdan başga alaç galmady. Gara şeýtanyň sözleri onuň gulagynda ýaňlanyp durdy: „Sary hansyz dolanaýma. Gowşut han çagyrýar diý. Örän gyssagly diý”.
Sary han şol gijesini Pendide geçirmeli boljagyny bilip durdy. Dogrudan hem, ol işlerini birýüzli edýänçä, gün ýagşy gijikdi. Oňa gije yzyna dolanmaga hiç hili zerurlyk ýokdy. Yzyndan arkaýyndy. Ol gara öýleriň birinde özi üçin salnan düşege geçip gyşaran badyna uka gitdi. Ol birhili bolup ukudan oýananda heniz daň atmandy. Ýatan ýerinden zöwwe galan Sary han esli wagt äme-säme bolup oturdy. Ol gören düýşüniň täsirinden çykyp bilenokdy. Düýşünde Gowşut han başy ak silkme telpekli, egni iňňeden çykma gyrmyzy donly, aýagy lowurdap duran gara ädikli toýa gelen märekäniň arasynda eýläk-beýläk ylgaşlap ýör. „Bu nämäniň toýy boldugy” diýip, Sary han geň galýar. „Onuň özüniň-ä toý tutmak neti ýokdy. Ýa toý garyndaşlarynyň biriniňkimikä? Hernäme-de bolsa, onuň bolup ýörşi-hä birhili. Hereketleri ýaman ýeňil görünýär.” Birden hem onuň gözi Sary hana düşýär. „Sarym, men-ä öýlenäýsem diýýän. Senem eşidip geläýdiňmi?” Ine, birdenem toýa gelen märekäniň ortarasynda şaňňyrdap, täze gelin peýda bolýar. Gowşut han ylgap onuň ýanyna barýar-da, goşaryndan ýapyşýar. Ol gelni idenekledip, Sary hana tarap gaýdýar. Gelibem: „Gelnimiň ýüzüni görjekmi?” diýip, loh-loh gülýär-de, gelniň ýüzündäki öýmäni ýokary serpýär. Şondan soňky gören zady Sary hany gaty geň galdyrýar. Kürtäniň içinde müň ýaşandyr diýdirýän kempir syrtaryp otyr. Onyň ýüzüniň ýygyrtlary joýa-joýa bolup durdy. Onuň garaýşy Sary hana şeýlebir erbet täsir edýär welin...
Sary han daň atansoňam gören düýşüniň täsirinden çykyp bilmedi. Hernäme-de bolsa, ony gowulyga ýormaga çalyşdy: „Han aga bir zada begenäýjekmikä?”
Sary han yzyna ― Babyşgala dolanyp gelen badyna Gowşut hanyň çaparynyň oňa garaşyp oturandygyny habar berdiler. Ol çapar bilen saglyk-amanlyk soraşansoň:
― Eýgilikmi beri? Beýle gyssagly barar ýaly näme zerurlyk bar? — diýip, oňa soragly bakdy.
― Aý bir maslahat barmy, nämemi. Tiz alyp gel diýdiler. Başga bilýän zadym ýok.
Sary hany beýle howlukmaçlyk geňirgendirse-de, göwnüne erbet pikir getirmän, ýol şaýyny tutmak üçin, öýüne girip gitdi. Ol ýadawdygyna garamazdan, egin-eşigini çalşyrynyp, şobada ýola düşmek bilen boldy.
Sary hany garşy alan Gara şeýtan Gowşut hanyň ýatan öýüne barýançalar, bolan işi oňa habar berdi. Dünýesi düňderilen Sary han: „Wah...” diýip hyrçyny dişledi. „Hudaý tutan diýerler bular-a. Hanlaryna dözmediksiräp, tutuş halkyň aýagyndan palta urýanlaryna düşünenok bular. Ol gylyjyny gynyndan nädip sogranyny hem duýanokdy. Häzir onuň bar pikiri zäheriň öňüni almakdy. Her zat etmeli welin, Gowşut hany halas etmelidi. Onuň her alan deminiň türkmen üçin nähili ähmiýetiniň bardygyna Sary handan gowy düşünýän ýok. Bu jelegaýda onuň ornuny tutup biljek bir adam hem ýokdy. Sary han onuň edýän käbir hereketlerini aňynda saldarlan mahaly, bir zada göz ýetirýärdi: Eýranda, Turanda pikir örüsiniň giňligi babatda onuň bilen bäsleşip biljek bir adamam bolmaly däldi. Ne şasy, ne gedasy...
Sary han gelip girende, Gowşut han öýüň töründe dag ýaly bolup, güberilip ýatyrdy. Onuň bolup ýatyşyny gören Sary han ýagdaýyň agyrdygyna, bir pursat hem eglenmeli däldigine göz ýetirip:
― Han aga, niräňden çapmaly? — diýip seslendi.
Gowşut hanyň bada-bat jogap bermezligi ony erbet ýagdaýa saldy. Gijä galaýdymyka ol?
Sary hanyň sesini eşiden Gowşut hanyň bada-bat bogazy dolupdy. Onuň gözlerinde buldurap duran ýaşy gören Sary han bar zada gepsiz-gürrüňsiz göz ýetirdi. Ol gözýaş ejizligiň alamaty däldi. Ol halkyň geljekki ykbalynyň agysydy.
Gowşut hanyň yşarat etmegi bilen, ony dik oturtdylar. Onyň ot bolup ýanýandygy Sary handyr Gara şeýtana hem duýlan ýaly boldy.
― Sen ýetişmediň, Sary han... Sen dogandanam ileri bolduň...Zäher göwrä urdy. Indi niräni çapjak?
Gowşut hanyň sesinde ejizlikden nam-nyşan ýokdy. Ol öz ajalyny boýnuna alan adamyň sesidi.
― Boljak işe çäre ýok diýenleri çyn eken, Sary han. Daňdandan bäri düýşde gezen ýaly bolduk. Aýagymy çapmagy hem şeýtan maslahat beren ýaly bolup dur. Bu zatlar hökman şeýle-de bolmaly eken. Howlugaýypdyrys öýdýän, Sary han! Ýa nähak ýere halkyň boýnuna erkinligi dakjak bolaýdykmykak? Biz kim bolupdyrys şunça adamyň täleýini üýtgedere? Ilkinji tanyşlygymyz ýadyňa düşýärmi? Şonda gözüňe gözüm düşen badyna bir zady aňypdym: sen meniň maksadymyň nämedigine göz ýetirýän ýeke-täk adamdyň. Munuň şeýledigini bilmek üçin sözüň geregi ýokdy. Men söýenere adam tapanyma begenip, iki bolup bilmändim. Göwnüme bolmasa, seni meniň ýanyma Ýaradanyň özi öňde goýan maksadyma ýetmegime ýardam bermek üçin ýollan ýalydy. Ýok, sen meniň gözlerimi ýumdurmaga gerek ekeniň...
Sary hana ýüzüni aşak salyp oturaýmakdan başga alaç galmandy. Ajalyny boýnuna alan adama näme göwünlik berjek? Duşman urmaly ýerini bilipdir. Basym türkmeniň bili omrular. Onsoň oňa nähili darasaňam bolar durar. Bizden başga kişä bir dagyň ýykylanyny görmeli etmäweri, Biribar!
Gowşut hana oturmagyň barha kyn düşýändigi görnüp durdy. Oňa bir gapdala gyşarmagy teklip edenlerinde, ol garşy çykyp durmady. Ol tebiplik işiniň tükenendigini gowy bilýärdi. Ýöne ol bir zada geň galman bilmeýärdi: onuň ömür tanapy şeýle aňsatlyk bilen üzüläýermikä? Boldugymyka indi şü? Düýnem ol özüni tutuş halkyň ykbalyna dahylly hasap edýärdi. Bu gün bolsa olary biri-birine baglaýan ýüp şarta üzüldi duruberdi. Han özüniň kem-kemden ýeke galyp barýanyny duýdy. Indi oňa hiç kimiň nepi degjek gümany ýokdy. Ol bu dünýäden-ä umydyny üzüpdi. O dünýä barardanam heniz irdi. Bu dünýä gelip, ol näme gazandy. Manyly ömri goh-galmagal, uruş-sögüş bilen geçdi. Amansähet serdaryň ony öz ýerine hanlyga teklip edeni ýaňy ýalydy. Şondan soň onuň edeni ugruna-da boldy. Köpleriň howuny basyp biljek aladalar ony birjigem aljyratmady. Ol durmuşyň gowgasynyň içinde özüni suwdaky balyk ýaly duýýardy. Iliň öňüne düşmegiň öz yazgydy ekenligine ol islese-islemese ynanmaly bolupdy. Ýöne bütin ömrüni şeýdip ýaşamaga onuň haky barmydy? Belki, ony şeýtan azdyrandyr? Belki, ol şöhrata kowalaşandyr? Öz adyňa zikge kakdyraňda, hemişelik goşun saklap ugraňda, juma namazlarynda hytba okalanda adyň tutulýandygyny eşideňde, göwnüň nähili galkynandygy ýadyňa düşýärmi? Belki, bir döwletiň hany bolmak oňa bar zatdan eziz görnendir? Öz öňüňde goýan maksadyňa ýetmek üçin näçe pida bermeli boljakdygyň hakda oýlanmalydyram öýtmändiň şonda. Ýok, ýok, ol hiç haçan halkyň depesinde gamçy bulamagyň hatyrasyna elini eline-de uran däldir. Birden Hywa hanlygynyň goşunlaryndan üstün çykylansoň, Maryda geçen ýaşulylaryň maslahaty Gowşut hanyň ýadyna dýşdi. Şol maslahatda ol üç sany teklibi orta atypdy. Ol wagtlar Gowşut hanyň dabarasynyň dag aşýan wagtydy. Ol häzir islendik teklibiniň geçjegini bilip durdy. Onuň eden teklipleri şonda köp adamlary geň galdyrypdy. Ol özüne söz sözlemek nobaty gelip ýetende, şeýle diýdi:
― Adamlar, biz öň Hywa hanlygynyň raýatydyk. Ol syndy. Häzirlikçe bize batyrynyp biljek adam ýok. Ýöne biz mundan beýlägem güýçlenmegiň aladasyny etmeli. Onuň üçinem diňe birek-birege söýenişmeli. Şonuň üçinem Mary hanlygyny Ahal hanlygynyň raýaty hasap etmeli. Ahalyň hany Nurberdi Döwletýar ogluny hanlaryň hany saýlap, Mary hanlygyny hem oňa tabyn etmeli. Nurberdi hanyň abraýyny saklap, Mara gelende-de Ahaldakysy ýaly öz öýünden örsün diýen niýet bilen oňa abraýly ýeriň abraýly maşgalasyny alyp bermeli.
Başga bir wagt bolan bolsa, onuň aýdanlaryny unamajak kän bolardy. Ýöne şol wagt onuň sözi gaty geçginlidi. Onyň diýeni hem boldy. Özüň şaýatsyň, Biribar, men hanlyga ymtylmandym. Kysmatym şeýle ekeni... Indi bu zatlar hakda pikir edip oturmagyň bir geregi barmy? Ýaşaljak ömür ýaşaldy, boljak iş boldy. Indi oňa diňe o dünýäde hasap okap, kysmatyna kaýyl bolaýmak galýar.
Gara şeýtan Sary hany Gowşut hanyň ýanynda galdyryp, daş çykdy. Derrew hem Gowşut hanyň ogullaryny yzyna tirkäp, gapydan girdi.
― Siz ataňyzyň ýanynda boluň. Sary han bilen azajyk aladamyz bar.
Gara şeýtanyň aýdan sözlerini eşidip, olaryň näme üçin gitjek bolýanlaryny aňsa-da, Gowşut han sesini çykarmady. Indi onuň bularyň işine goşulmaga haky ýokdy. Ogullaryna-da gaty-gaýrym söz diýjek bolmady. Goý, otursynlar. Başga näme elinden geljek bularyň?
Gara şeýtan Sary hany handyr begleriň oturan öýüne alyp bardy. Sary han oturanlar bilen görşüp çykansoň, görkezilen ýere geçip oturdy. Gara şeýtan oturanlara ýüzlendi:
― Gowşut handan el üzäýdik öýdýän. Salyh kösäniň çakyna görä, ertire çykjagy gümanamyş. Indiki maslahat?
Bu sözler oturanlary geň galdyrmadyga meňzeýärdi. Gowşut hanyň bäri bakybermezligi islendik ýaramaz habara garaşaýmalydygyna olary boýun edipdi. Hanlaryna bir zat bolaýsa, çoňky etjek hereketlerini hem olar saldarlap otyrdylar. Ýöne hiç kim öz pikirini aýtmaga howlugybermedi.
Basym Aman handyr Artykguly serdar ýalylaryň gürrüňiniň hörpünden bularyň belli bir karara gelip bilmejekleri mälim boldy. Olaryň hersi ýorgany özüne tarap dartyp, ony amatlyrak edip ýapynmagyň aladasyny edýän ýalydy. Olar Sary hanyň-a pikirini hem biljek bolmadylar. Sary hanyň özi hem aýdan sözüniň ýer almajagyny bilip, sesini çykarmady. Bu ýerde esasy gürrüň hanlaryna bir zat bolaýsa, daşky duşmanlardan nämä garaşmalydygy barada gitdi. Bu barada-da umumy gürrüňden aňry geçilmedi. Sary han bularyň gürrüňini diňläp oturşyna, içinden: „Tapdyňyz akmak duşmany. Ol sizi başyna ýapsynmy? Gowşut han aradan aýrylansoň, sizi bir oksuz özüne boýun etjegini ol bilip dur ahyryn. Siziň özüňizem ony bilip dursuňyz” diýip oýlandy. Aman hanyň:
― Agşamyň haýryndan ertiriň şeri diýipdirler. Ertire bir çykalyň. Belki, han bäri bakar — diýmegi bilen, maslahat tamam boldy. „Gowşut hanyň bularyň bolup oturşyny görmeýäni hem bir gowy zat” diýip içini hümleden Sary han daş çykmak bilen boldy.
Bu wagt daşary gowy garaňkyrapdy. Handyr begleriň oturan öýünde ýanyp duran ýag çyranyň tüsse gatyşykly ysyndanmy ýa-da ol ýerde oturanlaryň öýüň içini dolduran alaçsyzlygynanmy, belli däl, ýüregi bulanara gelen Sary hana aýazly gyş gijesiniň sowuk howasy hoş ýakdy. Uzak gün asmanda garalyp duran bulut zym-zyýat bolupdyr. Mawymtyl asmanda petreşip duran ýyldyzlar Marynyň bu hasratly gününiň näme bilen tamamlanjagyny görmäge howlukýan ýalydylar. „Biziň bolşumyz şeýled-ä, han aga” diýip, Sary han içini gepletdi. „Sen-ä demiňi sanap ýatyrsyň, bizem arassa howadan öýkenimizi dolduryp, ýyldyzlaryň bolşundan many çykarjak bolýarys. Mundan birnäçe gün mundan öňem senden aýryljagymy aýtsalar, dünýä üstüme düňderilerdi. Ruhumyň bu wagtky rahatlygy nämäniň alamatyka? Ýa ömürdir ölümiň manysy biziň çak edişimizden başgaçamyka? Öz yakynyndan aýrylýan adama güýç-kuwwat berýän zat nämekä? Müň gezek duşmanyň gylyjynyň öňünden sowulmaga ýetişip, bu gün beýdip ýatmagyň hikmeti nämekä, han aga? Gudraty güýçli Ýaradan saýlama mahluklarynyň şeýle bimany synyşyny görkezmek bilen bu pana göwün bermegiň, oňa bolşundan beter many berjek bolmagyň gereginiň ýokdugyny ýene bir gezek ýatlatmak isleýärmikä? Şeýle bolaýanda-da seniň ömrüň bimany geçdigi däl, han aga! Ýaradanyň howanyň ýüzünde ýöreden, ýönekeý gözlere görünmeýän galamy bolmak üçin nähili belent mertebe gerek!” Sary han beýdip daşarda içiňi hümledip durmagyň gelşikli däldigini aňyp, Gowşut hanyň ýatan öýüne tarap ýöneldi.
Bu wagt Gowşut han gözlerini näbelli bir nokada dikip, sesini çykarman ýatyrdy. Onuň sarsman ýatyşyny görüp, çydamlylygyna haýran galmazlyk mümkin däldi. Tersine, göwnüňe bolmasa, onuň ýüzi barha ýagtylyp barýan ýalydy. Birden ol parahat sesi bilen :
― Handyr begleri çagyryň, hoşlaşyk wagty geldi – diýip seslendi.
Han-begler gelýänçä ony dikeldip oturtdylar. Dony bilen aýaklaryny ýapyp oturan Gowşut hanyň çoňky sagatlaryny ýaşaýandygyna ynanar ýaly däldi. Onuň ýüzi öňküsindenem owadanlanyp, gözleri ýitelen ýalydy. Onuň öňünde tegelenişip diýen ýaly oturan han-begler aýdan sözüni gapyp almaga taýyn bolup otyrdylar. Ahyry ol oturanlara ýüzlendi:
― Biz-ä bu gowgaly dünýäniň azabyndan dynýarys. Duýman durkak duşmana şam bolduk oturyberdik. Siz beri ägä boluň. Agzybir boluň. Türkmen bir köp halk däldir. Adam pahyr bu dünýäniň panydygyna, öz öýüniň mahmanydygyna düşünse-de, garaz, dek ýatjak däl. Ýöne bir aýtjak zadym ― nähili güne düşseňizem paýhasyňyzy gahar-gazaba pida bermäň. Öňde size kyn günler garaşýar. Ýöne Allatagala özüni söýenler bilendir. Şondan daş düşmeseňiz, iň bir ajy zat hasaplanýan ölümem sizi eýmendirmez.
Gowşut han sözüne biraz dyngy berdi-de, özüniň çep elini aýasyna alyp, ýanaşyk oturan Sary hana tarap ýüzüni öwürdi:
― Sary, meniň ojagymy unutma, üçüm, ýedim geçýänçä şu ýerde bol. Men senden razydyryn.
Bu sözleri eşiden Sary hanyň bogazy doldy. Häzir ol ýeke oturan bolsa, möňňürip goýbererdi. Ah, türkmen, sen kimi ýitirýäniňi bir bilýäňmi? Şu sözlerden soň teke bilen saryk biri-birine gyýa bakyp bilermi? Iň soňky deminde-de öz borjuny ýerine ýetirip otyr ol!
Han-begler ýeke-ýekeden gelip, Gowşut han bilen razylaşdylar. Olar çykyp gidensoň, hanyň ýanynda ogullary, Gara şeýtan, Sary han, birnäçe garyndaşy galdy. Soňra aýaly Humsagül bilen gyzy Keýigi alyp geldiler. Humsagülüň gözleri dym-gyzyldy. Onyň ýaşmagynyň öl-myžžyk bolandygy Gowşut hanyň gözüne ildi. Ol adamsynyň minnetdar bakyşyna mynasyp bolup, bu ýerde-de ýaşmagyny açmady... Ol hanyň aýalydygyny ýene bir gezek subut edip: „Razy bol” diýip, çala pyşyrdady-da gapa tarap ýöneldi.
Gowşut han gyzy Keýigi bar çagalaryndan gowy görýärdi. Oňa ýöne ýere Düzüw lakamyny bermändiler ahyryn. Ol bu gezegem atasynyň buýsanç damaryny oýandyrdy: möňňürmedem, zarynlamadam. Keýik gussadan doly sesi bilen:
― Razy bol, kaka! – diýip seslendi-de, nurlanyp duran gözlerini onuň ýüzünde egledi. Soňam kakasynyň ellerine maňlaýyny degrip, gapa tarap howlukdy...
Gowşut han olary minnetdar garaýşy bilen ugratdy. Häk, şular bir erkek bolan bolsa bolmaýarmy! Ertir olar ses edip aglarlarmyka? Goý, aglasynlar. Mertlik etmeli ýerinde mertlik etdi olar.
Gowşut han ukusynyň tutýanyny bahanalap, özüni ýatypmaklaryny haýyş etdi. Ol ajal bilen boljak soňky söweşine güýç toplamak isleýärdi. Ýa, Biribar! Mert ýaşatdyň, iň soňunda-da ryswa etmäweri. Ýa, büýem bir seniň maňa eçilen rehmetiňmi? Kapyryň ýurduma eýe çykanyny görkezmejek bolduňmy maňa? Edeniňe şükür!
Oturanlar han ynjalandyr öýdüp, ýuwaş ses bilen özara gürrüňe başladylar. Diňe Sary han dostunyň çep elini sypdyrman, häzir bolup otyrdy. Ol hanyň barha haýallaýandygyny duýýardy. Iň soňky deminde onuň iňlemejeginem aňýardy. Ýöne ol hökman elini gysyp, onuň bilen kyýamata çenli hoşlaşýandygyny mälim eder.
Gowşut han daňa ýakyn jan berdi. Gara şeýtan: „Waý, kaka!” diýip, atalarynyň üstüne özlerini zyňan hanzadalary gyra çekişdirdi-de:
― Baryň, daşarda aglaň, il bilsin — diýdi.
Bir pursat hem geçmänkä, daşary uly uwwulda öwrüldi. Hanlarynyň ýogalandygyny eşidip, adamlaryň üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Şol pursata çenli çagyrylyp getirilen tebiplerden, han-beglerden, hanyň ýakynlaryndan başga bir adam hem onuň düşen gününi bilmeýärdi. Türkmeniň başyndan inen bu ajy hasraty habar bermek üçin ýerlere çaparlar ýollandy.
Gowşut hanyň jynaza namazyny Molla Töre ahun okady. Onuň yzynda tolkun atýan adam deňzi Allatagaladan öz hanlaryny ýalkamagyny dileýärdi...
Gowşut hanyň kyrky geçýänçä, onuň ýasyna gelýänleriň yzy üzülmedi. Öz adamlary bilen Ahaldan at salyp gelen Nurberdi hanyň bu ölüme örän gynanandygy her bir hereketinden görnüp durdy. Ol türkmeniň işiniň gaýdandygyna, bu gezek hem utulandyklaryna gowy düşünýärdi.
Gowşut hanyň ýasyna türkmen tire-taýpalarynyň ýolbaşçylarynyň, han-begleriniň görünmedigi ýokdy. Tutuş türkmen onuň ýasyny tutdy. Ol dirikä bir elini salganda olaryň bary onuň daşyna üýşmäge taýyndy. Ýöne ol elini salgap ýetişmedi.
Gowşut hanyň ýerine ogly Babany han saýladylar.
Bu wakalardan soň birnäçe ýyl geçip, Mary uruşsyz orslara boýun egensoň, ops patyşasy bu welayaty dolandyrmak üçin öz dikmesini belleýär. Aýdyşlaryna görä, ýerli ýaşulylar onuň Marynyň bazarynda şol bir wagtky suw paýlap ýören derwüş bilen örän meñzeşdigini tassyklapdyrlar.

© Orazgylyç ÇARYÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Orazgylyç Çaryýew | Рейтинг: 3.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 17:04, 20.06.2024
Sary han...:
― Han aga, hemmämimiziň aslymyz bir. Iki dogan agzala bolsa, olaryň duşmanlarynyň gurdy gündiz uwlar. ...Iki doganyň agzynyň birikmegem bu günki gün ikimize bagly...

bir hili bu sözlerden soň Sary hana simpatiýam artdy.
uly şahsyýet ekenler...
avatar
1
2 Мango • 18:18, 20.06.2024
gowy ýazylypdyr, biraz uzynrak diýmeseň.
Gowşut hanyň goragy bolan däldir-dä... ýogsam nokerli zatly bolandyr-a...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203