19:27 Halym | |
HALYM Haýsy älemden düşdüm ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀bu topraga? Däl belli. Ýatyryn, aşagyma jäç bölegi düşelgi… Jeňler turýar başymda – kükeýär gandyr däri, Başarsaň pikir etme, unut bu kyn hünäri. Ýerdäki kölegeler maňa salýarlar badak, Göýäki ýer ýarylyp, meni goýnuna saljak. Ýanmak meniň takdyrym – başga çäre ýok mende, Ýaşaýaryn zamanyň bölünäýen ýerinde. Alsam, adym – dilegçi, bersem, adym – bergili, Hiç zat bilen sazlaşyp bilemok men görgüli. Daş örsem: „Gyşyk“ diýýän tapylyp dur her döwür, Ok atsam, eşidýänim: „Ylga, yzyna öwür!“ Her bir alan demimde edýärin müň bir puşman, Maňa özümden beter asla tapmarsyň duşman. Bir sowal bar şübhekär akly otlara atjak: Soňzuz barlygy nädip düýpsüz ýoklukdan tapjak? Bolar, bolmaz her bir zat, ýokluk-da Onuň guly. Şuňa aklyň çatdymy – lalsyň, sallanar eliň. Allahy hakykatdan sorany saýma sagat. Hakykat näme? Hakyň islegidir hakykat. Aglada dur çaga deý şarbagyny ýel üzen, Rebbim emr etmiş: düzel ýa bolmasa çyk düze! Ýaşaýyş zar içinde, onuň örtügi zardan. Maňa görä, ýaşaýyş Baglumdaky mazarda... © Nejip Fazyl Kysakürek Terjime: © Orazgylyç ÇARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |