23:19 Nejip Fazyldan terjimeler | |
⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀JANYM STAMBUL Ruhumy eredip, soňra galypda doňdurdylarda, Oňa Stambul at goýup, dikeldip goýdular ýerde. Içimde köräp duranym – ol meniň ýogum hem barym. Meniň özümdir zaman hem mekan aşan mähribanym. Gülüne altyn çaýylan, suwy kümüş tuwulgalydyr. Aý bilen Gün ikisi hem ezelden Stambullydyr. Deňiz bilen gara ýer hem onda ýetendir wysala. Görlen oraşan düýşleriň şäherim janly mysaly. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Stambul – meniň janym, ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Watanymda watanym... ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Stambul, ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Stambul... Taryhlar bizi jyklaýar galalarda gädiklerden. Serwi saçlaryny ýaýyp ahyrýete bolýar perde... Bulutda çarpaýa galýar Fatihe dost bolan gyr at, Dürden örülen gupbalar bardyr milýardlarça karat. Şahadat barmagy deýin göge uzap dur minara, Her nagşynda täk many bar: kim tapmyş ajala çäre? Dirilikden janly ölüm, günäden agramly rehmet; Beýogly guduran çagy, aglarmyş Garajaahmet... ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Sebäbini gel-de tap! ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Hökman Stambulda tap! ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Stambul, ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Stambul... Bogaz misli kümüş mangal – gaýnadyp dur serginligi, Çamlyjada jemlenipdir asmanlaryň bar çuňlugy. Tolkunlap duran suw ýaýrap, kenar etegin ezip dur, Bu dünýäden nadyldygyn ol birhili görkezip dur. Agşamlar aýnalarynda ýangynlar çykan Üsküdar, Arwah-jynly myhmanjaýlar ýaýrap ýatan şäherçe bar... Gulagyma ilýän sesler deprekmi ýa ud sesimi? Biri aýdyň otaglarda, gör, iňledýär „Kätibimi“. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Zenany kesgir, syzgyr, ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Damakgan ýaly gyzgyn... ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Stambul, ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Stambul... Ýedi depäniň üstünde zaman bir keşde çekip dur, Ýedi sesden, ýedi reňkden sansyz şekiller çykyp dur. Kadyköý bezemen, Eýýup kibtigysyk, Moda gompy, Ýel öwüsýär, gobsunyşýan etekleň günäsi şoňky. Säher wagty Hisarlarda peýkam ýazýar kirişinden. Heniz hem gohlar gelip dur gadym Topgapy köşgünden. Ene ýaly dost tapylmaz, Stambul ýaly hem diýar, Güleni beýlede dursun, aglaýany-da bagtyýar. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Gijesi sümmül ysly, ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Türkçesi bilbil sesli ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Stambul, ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀Stambul... ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀*** Hawa, düwün-düwün ykbalym meniň; Jan derini dökdüm – kän oňa sebäp. Ýeter düýpsüz asmanlardan ürkenim; Ýeter gören görgim jahanda selpäp. Gözýetim tilkidir, tutsam diýip oý Etme! Ýollar – ýumak ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀ýüpi çolaşyk. Düýşlerime sebäp bolan jadygöý Tutup dur öňüme bir mawy yşyk. Betdogaçy, men nä seniň gyr jynyň? Kükürtmi bu tüsseleýän inimde? Gamdan kesgin, gyldan inçe gylyjyň Müň bir yza sebäp bolýar beýnimde. Sözlük, söz ber aňladara halymy: Her kim oňa kynçylyksyz düşünsin; Köne eşiklerim, tutuň golumy, Aýna, kimdigmi aýt durma-da ümsüm. Ýogsa-da menmikäm – aýdyň siz açyk, – Ýeri şahlarynda göterýän öküz? Menmi belalaryň gardygy palçyk, Zada öweý, durmuşa ýat bir öýsüz? Men – tozdan ganatly bir kebelejik, Kap dagyn göterip agypdyr gäbim. Men – Arşy demine dartan zerrejik, Şoldur görýän horlugymyň sebäbi. Ne ýalanda duşýar, ne hakykatda, Ýumlan gözlerime görünýän nagyş. Nähak ýaşapdyryn – ýok tebigatda Kalbymdaky ýaly inişdir çykyş. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀YŞARAT Ol çeşmäniň başynda çekýär teşnelik derdin, Aýallyka aýalda, ýurtluka ýurtda gözi. Panydaky bar zady geçegçä meňzederdim, Her zat hakyky zadyň solaksy arka ýüzi. Bar bolan ýokluklaryň ömrüni uzaldýaryn, Yşklar - hyýal, erkinlik – zyndan kysym ymarat. Garşyma bakan çagym täk Allahy görýärin, Ýokluk atly bu dünýä barlykdan bir yşarat. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀MERDIWAN Diýýärler: „Sen şygryňda aýagňy üzme ýerden“. Hany bak-la, göklere çykýan merdiwan nirde? ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀ALLAH WE YNSAN Seni gözlärim ýaly meni uzaga atdyň. Älemi meniň, meni özüň üçin ýaratdyň. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀YLMYHAL Kitapdan dagym ýandy, bir üýtgeşik hal boldy! Soňunda maňa galan diňe ylmyhal boldy. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀ÖPMEK Ellerimi öpjek bolan dodaklary depeýin, Allah diýýän, bäri gel, aýagyňdan öpeýin. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀YŞK Rebbim, Rebbim, bu işiň aýan boldy türkçesi: Seniň yşkyň ataşdyr, ataşyň – gül bakjasy. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀BAGYŞLA Gözümi baglan reňk üçin, gulak gerdigim ses üçin, Bagyşla, Seni ýatlaman aldygym her nepes üçin. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀BAKYLYK Ynsan orlup gelen gamyşmyş göýä, Ol – ösýän ýellere bagly bir tüýdük. Tümlüklerden çykyp gelip bu dünýä, Hatar mazarlardan başga ne gördük? Bakylyk – ilki we soňky baş sözdür, Ölmez ýaly, ölme edildik höküm. Allahym, kalbyma syryňy syzdyr, Solmaz reňk, bütinlik bolsun meň hakym. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀JAŇ SESI Otagymdaky şemi üfledi bir jaň sesi, Gözlerim gördi halka guraplar uçan sesi. Şemal urdy ýüzüme, akdy ataş yz goýup, Bakdym – topragyň asty dur giden däliz bolup. Ýyldyrym ýanyp söndi, ýyldyrym sönüp ýandy, Ýeriň astynda üýşüp ýatan suwlar oýandy. Saga, sola urunýan jaň sesi aşdy umma, Jaňa durman urdular, jaňa urdular durman. Suwuň ýüzi tolkunyp, gezek topraga ýetdi – Ol güňledi, äpet jaňlar gorkunç, gorkunç ses etdi. Baksam birgiden keşiş – olaň haly ne bolar? Ebedi bir tümlüge inip barýardy olar. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀GEÇILMEZ Bu gapydan gol we ganat gyrylmazdan geçilmez; Aýalyňdan, dost-ýaryňdan aýrylmazdan geçilmez. Içerde bir päk otag bar samyr derisi düşelgi, Şol otagdan gelsin diýp çagyrylmazdan geçilmez. Eti zäher, ýagy zäher, baly zäher dünýäde Bütin pany lezzetlerden irilmezden geçilmez. Barlyk neçüýn, ýokluk neneň, ýaşaýyş nä aslynda? Başlardaky akyl pylçap urulmazdan geçilmez. Gyýçak daşly bogazlardan ýol araýar bir gämi, Işe ezber gämibaşy aralmazdan geçilmez. Ne okadyň, ne öwrendiň, neler bildiň – boşuna, Ýer çökmezden, asman ikä ýarylmazdan geçilmez. Geçitleriň hem gulplaryň diňe Onda açary, Iň soňunda täk etege saralmazdan geçilmez. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀BAÝRAM Ölüm ölene baýram, baýramda begeneris, Neneň gowy: baýramda agaç ata müneris. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀GAPY Gapy-gapy ömür ýoly, biz soň gapyda galmaly, Soň gapyda gülmek üçin, her gapyda aglamaly. ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀GOWY ZAT Ölüm gowy zat: berildi perde aňyrsyndan habar, Ol gowy zat bolmasady, heý ölermidi pygamber? ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀ŞOL PURSAT Aýak astynda ýukalan daş basgançaklar mysaly Sejde ýerne urla-urla alnymyň çyksa sürçegi! Gökleriň urýan gamçysy meni eredip mazaly, Agramym hiç ynjytmasa tabydymy göterjegi. Hiç bir kişä meňzemesem, diňe meňzesem özüme, Harp tanamaz, reňk saýgarmaz, ses eşitmez biri bolsam. Garaňkylygy ýuwursam, nury urýança ýüzüme. Şol pursata gowuşýançam bir özümçe diri bolsam. © Nejip Fazyl Kysakürek Türkçeden terjime: © Orazgylyç ÇARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 25 | |
| |