13:28 Damjalar | |
DAMJALAR Geldi – geçer Dost bolanlar gitdi eýýäm, Öňki ýazlar gelmez, bilýän. Ýaşlyk golun salgap gitdi – Arzuwlarym aglap ýitdi – “Jikge” gondy naşy aşyk – Aşda ýitdi ýagly kaşyk. Dünýä barýar gurup kerwen – Wagtam üýtgeýär her gün. “Geldi – geçer!” edýän pikir. Meni ýalňyzlyga dözmän – Duşmanym galdy. Şükür! * * * “Aýal eýle, aýal beýle..” diýýärler, Hem onuň elinden çörek iýýärler. “...orak urup agyrtmaýar bilini, ýöne aýal şeýle bolsa siz aýdyň, Adam Ataň gapyrgasyn, hilini... * * * Maňa “Gülüp gez” diýýärsiň joram, Ýüzümi güldürdim, dünýä-de güldi. “Saňa näme boldy?” – geň galýar soran, Içimde bir göz çeşmesin sykýar – Ýagasy gelip dur bar ýerde ba:ran – Daşyma baksalar dünýä azaşar, Salgymy içimden taparlar soran – sen meni nädäýdiň garagöz joram! 06.10.2022 ý. * * * Wah, men bu ýola uzakdyr öýdüpdim, Nirde durun, ortadamy, ahyry? Kä begendim, käte juda göýdükdim, Gökde Zöhre, ýerde goýup Tahyry – Ýere düşüp boldy iliň şahyry... Şahyrmy ol, aýdyp bilmen kim bilýär? Saýraý – saýraý, gury saýran heň bilýär, Men bilýän, ol hyýal bolup bilmedik – Ene, bagtly aýal bolup bilmedik.. * * * Pyşyrdaýan, syçrap gidýär “Damjalar” Olar bir gün gögererler gül bolup. Kime many, kime gamly sanjylar, Kime ýagty, kime matal,tün bolup. Ertekiler käte ýalan, çyn bolup – Barybir sowala jogap tapylmaz, Men ýaşap bilýänçäm munda “Kim” bolup... 03.10.2022Ý Ol oda çoýundy goly sandyrap, Ellerinden akyp gitdi, Gözlerinden akyp gitdi – Kalbynyň doňy, Ýüreginiň ýaňy, Biri odun daşady, Biri bilin guşady – Ol bolsa gugaran öý deý,emaý bilen boşady – Soň gamyn otdan gözledi – Ot tüsseläp oňa dözmedi, Öçdi, Ol bolsa erän gözýaşyn – Içdi! 05.10.2022 ý. © Oguljemal ÇARYÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |