Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:19
Sen aýdym aýdañda....
SEN AÝDYM AÝDAŇDA...

Bu köñül bilmedim nämä ulaşdy,
Güneşiñ telleri güle çolaşdy.
Bir görsem sen Zar-zar, bir görsem Bar-bar,
Pikiriñ kelebi birden bulaşdy-
Soñ çözlenip geñ enaýy gül açdy!

Gözüñi aç, oda girme perwana-
Menem geldim köñlüm köze sermãge.
"Ak maýañ ýolunda" aýdym aýdýan kim?
Sandygym açaýyn "Toý paý" bermäge-
Dünýä çykdy bu pursady görmäge.

Saz elenýär, yşkly sözüñ odunda,
Göwün badym durarmy öz badynda?!
Ýeller dymdy, saña gulagyn goýup,
Bir zatlar-a galypdyr oñ ýadynda -
Duýgularymyñ zyýaraty adynda.

Dag üstüniñ sili gaýtdy içimde -
Sesiñ uçýar durnalaryñ göçünde.
Asman aýnasyny ýüzüme tutdy -
Dilimi dişledim şonuñ üçin-de -
"Pyýadam" paýhasyn bermez göçümde.

Sen aýdym aýdañda wagtlar döwüldi -
Ýürek perdesini çekdi köñülde.
Zenan Hudaýynyñ heýkeli ýaly -
Syrym dymýar Galam küýsän dilimde -
Bu zatlar däl indi meniñ elimde...

17.03.2023

© Oguljemal ÇARYÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 176 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Seýran • 09:10, 19.07.2023
Ahyrky iki bendi ýeterligem eken. Galany san artdyrmak üçin ýazylan deý. Okap otyrkaň hem lezzet alynmaly goşgudan.
avatar
0
2 Tuman8225 • 20:50, 19.07.2023
Özi okap berse diňlemek hezil goşgularyny.
avatar
2
3 Medicall • 21:12, 19.07.2023
@tuman8225, Näme üçin minuslaýañyz ol agzany? Goşgy barada öz pikirini aýdany üçinmi?
avatar
0
4 Medicall • 20:55, 20.07.2023
@ Seýran, bu size awtordan jogap:
" Сен айдым айданда" бу гошгыны Хажы Язмаммедин айдымларыны динлап яздым. Менде айдым-саз, танс пурсатларындан, овадан чекилен суратлардан сон хем кате дорейар.
Айдымчынын ирки язгыларында ,,Зар-Зар диен айдым бар экен.Шол айдым калбымы гозгады. Гайта 1-нжи , 2-нжи бендин хатырасына сонкы бентлер дореди.
X.Язмаммет , А. Кадыр бн дурмушда гурлешип гормесем-де саг болсун айдян. Ылхамлары жошсун! Оларын айдымы мана бирначе гошгы язмагыма себап болды.
avatar
0
5 Seýran • 11:16, 21.07.2023
Sag bolsun. Her şygra bir ýagdaý sebäp bolýar. Eger başky iki bendiň hatyrasyna dörän bolsa ne ýagşy, barha güýçlenipdir gaýtam.
avatar
0
6 Seýran • 11:17, 21.07.2023
Dogry, köp şahyr öz şygyrlaryny labyz bilen okaýar, diňläp hezil edýäň. Emma ony biz hem okaýas ahyry.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202