Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:36
"Mukam" tansyna
"MUKAM TANSYNA"

Gülden-güle tans oýnaýar kebelek,
Gyzyl güller näz edýärler enaýy.
Döwre guran dünýäñ özi tegelek,
Begenjinden geýinipdir daraýy.
Görsenr, bu yşkdan jahan çyraýy.

Ak kebelek saz içinde towlanýar,
Ter gülleriñ baş egişi ne gözel.
Ak ýagyşdan göwher daşlar ýuwlan, ýar,
Janym, bu aýralyk berlipdir ozal,
Şemal hem ýatladýar pyşyrdap gazal.

Başýuwy gözleýän mekgejöwenim,
Ykjadypdyr sap-saryja gulpagyn,
Eý asman! Damjalarny öwenim!
Daglara geýdirip akja telpegin-
Meniñ elýaglygym nirde ýelpenen?

Men ony seripdim güneşde güle-
Hum içine düşen daman damjalar.
Ak kebelek, hany özüñ al ele,
Ganatyndan dökülip dur hünjiler-
Olar iññe bolup maña sünjiler.

Güller tans oýnaýar, "Ah, tansyk, tansyk!"
Ýer tapmadym bu pursady sermäge.
Bogazym dolup dur, bol indi hamsyk!
Ot içinde perwaz urýar perwana,
Neçüýn bu saz meni goýdy armana?..

29.06.2023ý.

© Oguljemal ÇARYÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 140 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 01:49, 11.07.2023
Başýuwy gözleýän mekgejöwenim,
Ykjadypdyr sap-saryja gulpagyn,

başýuwy – süzmeden süzülip çykan suw. ony şampun ýerine ulanypdyrlar. saryja gulpaklar ykjan bolsa, diýmek mekgejöwen şampun tapan bolmaly. :-)
(degişmedir, gaty görmäweriňler)
---
"Güller tans oýnaýar, "Ah, tansyk, tansyk!"..."
"tansyk-tansyklar" geň eşdilýär.
---
soňlamadaky howsalany haladym:

Bogazym dolup dur, bol indi hamsyk!
Ot içinde perwaz urýar perwana,
Neçüýn bu saz meni goýdy armana?..

oda ymtylýan tans edýän-u etmeýän perwananyň soňy armanly...
ýöne goşguda kebelek "Gülden-güle tans oýnaýady"... soňy ot bilen gutardy...

büýem bir interesnyý goşgy.
avatar
0
2 Medicall • 20:43, 11.07.2023
Halypa şahyr Oguljemal Çaryýewadan:

Салам! Манго унс беренине саг болсун! Мукам тансыны горуп дуйгуланып яздым. Менин хем говнум танс ойнады. Мекгежовен менин яшлыгым ве Гулпакларым хем умытларым. Тансык--нагыш ады ягны херекет диймек. ,,Алем" , ,,Гушлы гол" диен ялы. Тансыкда учуп барян шекил бар. Элбетде гошгы душундириш талап этсе максада лайык дал. Йоне душундиресим гелди. Ене бир гезек Саг бол, Манго! Сенин почеркин ашагындан адамкарчилик бн таныш йуз горйан...
avatar
0
3 Мango • 09:39, 12.07.2023
Salam Oguljemal hanym.
adam köp geplese gelşiksiz ýagdaýa-da düşäýýär.
menem "tansyk" barada bilmän bir zatlar diýipdirin.
tansygyň hereketli nagyşdygyny sizden öwrendik.
minnetdar. janyňyza saglyk we galamyňyza ýitilik dileýän.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202