21:02 Sen surat çekipsiñ | |
SEN SURAT ÇEKIPSIŇ Sen surat çekipsiñ şeýle enaýy, Gözlerde görünýär dünýäniñ gamy. Neçüýn geýdirmediñ oña daraýy - Ýüpek ýüzli mawy galamyñ hany? Ýatdan çykarypsyñ arzuwly dañy.! Gizläpsiñ-a ýañakdaky damjalar - Pyşyrdaýar ýapraklaryñ ýüzünde. Meni görse Mizan biraz ynjalar, Hyýallarym a:l asmanyñ ýüzünde. Balkyldap dur, ýalpyldap dur sözümde. Daşa seret - ho: l görünýän salgymda Ganatlarym süýräp - süýräp men gelýän! gamda - Gandyr öýtme janym ýüregmi dilýän! Haýsy reñk söýýänim diñe sen bilýäñ... Bu geçen ýolumy köwşümden sora, Ýa-da ähli zady öýmäm pyśyrdar. Akpamyk men - ýeññem bolmady jora Tamada däl bu gün gulak daşarda - Sen surat çek ähli zady başar - da! Ýapraklar gaçypdyr, üstünde gyzlar, Tans oýnaýar, "şark- şark..! " edip kaşykda. Bilmen nirä barýar aýdymçy gazlar, Indi olar öñki ýaly aşyk däl, Men pyrlansam - pyrlanyşym ýaşlyk däl. Sen bolsa suratyñ çekip otyrsyñ - Güýz, kalbyma özüñi ekip otyrsyñ... © Oguljemal ÇARYÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |