Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:22
Ol...
OL

Nejep BAÝADYŃ goşgusyna

Men onuñ ýüzüne bakyp bilemok,
Ol bir hana - içinde akyp bilemok,
Ýagyşdan öñ gelýär mydam abanyp,
Ýyldyrym boluplar çakyp bilemok,
Ol enemiñ çalman goýan gopuzy,
Leblerinde "dilin" kakyp bilemok.

Ol ot—Baş Ojakdan başda alynan,
Hasa edipGökden inen galamyn.
Daglarda, düzlerde goýup yzyny—
Alyp barýar Baş ojagyň alawyn,
Men dokap bersemdim onuň dolagyn—
Owazyna aşyk boldy gulagym.

Ol bir bilbil, alty aýlyk ýol aşan,
Ganat kakuwynda müňläp ýyl ýatan.
Özi ölüp, mydam sözleri ýaşan—
Ülkeriň gözünde daň bolup atan,
Hazaryň düýbüne dür bolup batan—
Sözlerinden ýasap mizemez watan.

Ol daşymda—ýok-la, hemmäň içinde
Ýaşap ýör, şahyr ol şonuň üçin-de..

23.11.2022 ý

© Ogulçemal ÇARYÝEWA.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 56 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203