09:25 ÖZÜM HAKDA | |
ÖZÜM HAKDA "Özüm hakda sazymdan oñat aýtjak ýok" Nury Halmämmedow Bu gün halypa Şahyr Zenan Oguljemal Çaryýewanyñ doglan güni. Biz hem ony Edebiýat Kafesiniñ administrasiýasynyñ adyndan iñ gowy arzuwlarmyz bilen gutlaýarys! Özüm hakda saña näme aýdaýyn, Belki, söhbet eder ony goşgulam. Tymsallarym, yrymlarym-aýdanym, Sözlerimde yşkym bardyr hoşgylaw. Dana sözde, öwüt bermä hakym ýok, Setirlerim golun seren zürýadym. "Ölçäñ, alyñ" diýmäge-de çakym ýok, Dymyplar agladym, içde perýadym. Başym sypap "Goýaý" diýen bolmady, Kän ökünip bakdym eden işime, Gözýaş Göge damdy, mährim solmady, Başym goýup ýördüm dünýäñ döşüne... Özüm hakda ýene näme aýdaýyn, Talhatandan gaýdýar asyl gözbaşym. Sözüm - Tugum, pelsepeler - baýdagym, Watan, Ejem, kakam, Barlyk Sözbaşym. © Oguljemal ÇARYÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |