Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:00
Diňe seniň...

DIŇE SENIŇ...

Müňlerçe gözlerden tapyp gözlerim,
Tutup, bu müňlerçe seslerden sesim,
Bir seniň döz gelip, meni gözleýip,
Diňe SENIŇ gelmegiňi isledim.

Hatda meni sorap, daglar gelse-de,
Geň däl, Aýdyr-Gündür aglap gelse-de,
Sekundsaýyn, janym, sen bir bilsediň,
Diňe SENIŇ gelmegiňi isledim.

Ýagyş saçym ýuwýar ýüz bersem sähel,
Gaýmak bilen ýüzüm ýuwýar ak säher,
Men bolsam olardan ýüz öwrüp, päheý,
Diňe SENIŇ gelmegiňi isledim.

Ünsüm çekip bilmän düýrükdi düýnüm,
Garşylanman, müýnürgedi gündizim,
Tagatlarma ertiriň däl, men – hüýli,
Diňe SENIŇ gelmegiňi isledim.

Ýyldyzlar her gije ukudan galyp,
Ýalňyz meni üwrediler, öwdüler,
Men bolsa diňlemän, hüwdüden galyp,
Diňe SENIŇ gelmegiňi isledim.

Men diýip, bulutlar, garlar geldiler,
Men diýip, durnalar-gazlar geldiler,
Men diýip geldiler, men bolsa, diňe...
Diňe SENIŇ gelmegiňi isledim.

© Laçyn PÜRJÄÝEWA

05.03.2006 ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 103 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
1
1 Мango • 13:05, 14.02.2023
owadan surat.
surat diýýänim surat däldir.
surat diýýänim - goşgy.
---
o "sen" boljak kişi bu goşgyny okasa-ha geläýmeli...
ýa gelenlere "sen däl" diýdimikä bu gahrymanka?
avatar
1
2 Aksary • 15:50, 14.02.2023
'SENIÑ' baş harp bn ýazylmagynyñ sebäbi nämedenkä?
avatar
3
3 Мango • 15:56, 14.02.2023
1) şo zada ähmiýet berdigi.
2) şo zada üns çekdigi.
3) gaty ses bilen GYGYRYP diýdigi.
avatar
1
4 Aksary • 16:31, 14.02.2023
DÜŞÜNDIM!
avatar
2
5 Medicall • 17:01, 14.02.2023
Sizem gaaty gygyryp aýdypsyňyz düşünenňizi :D
avatar
0
6 Medicall • 17:09, 14.02.2023
Goşgudaky "SEN" gelen bolsa-da "sendä-how, päheý, men-ä başga wirine diýdim" diýp allanşyk bolandyr-eý,yzyndan "SENIŇ" diýip joşup goşgy ýazmak üçin
avatar
0
7 Aksary • 17:26, 14.02.2023
Bu da düşünişmegiñ bir görnüşi :)
avatar
0
8 Мango • 22:42, 14.02.2023
.
avatar
2
9 ibrahimbadakhshan • 01:06, 15.02.2023
Bilmedim-dä, Laçyn bir zatlar diýjek bolupdyr. Başymyza aýlajak bolan ýaly!? Maňa-ha bir beýtinden başgasy ýakmady
(Ýagyş saçym ýuwýar ýüz bersem sähel,
Gaýmak bilen ýüzüm ýuwýar ak säher, )
avatar

Старая форма входа
Total users: 203