17:26 “Dyrmalanan ýara bolup ganadym...” | |
"DYRMALANAN ÝARA BOLUP GANADYM" Asyl-asyl boldy-da bir agyr ýük, Kalby ýere garşy sozdy, ine-de. Arzuw syýam bilen ýazan geljegmiň Hatlaryny ykbal pozdy ýene-de. Ýagmalanyp şirin-şeker gijeler, Düýşler talanyldy, umyt şel açdy. Yşk bolup ýaşalan köňül köşgüniň Gapysyny bir del ýapdy, ýel açdy. Wagt ýöremez bolup galdy şondan soň, Sekuntlary barmak basyp sanadym. Setirlere ruhum bilen siňdim-de, Dyrmalanan ýara bolup ganadym. Başym sämäp hijriň derdinden ötri, Yşnagymda nam-nyşan ýok diriden. Sözläň, eý betbagt duýgulam, Öňki özümi men gözlemeli nireden? © Sapa HOMMADOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
0
0
| |