10:46 Tüýs wagtynda geldiň... | |
Güýzän ýüregime bolup teselli, Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem. Göwnümi uçuryp goýberdiň arşa, Iglän arzuwlarna bolduň-da direg. Ýok, uzaklyk ürküzmedi söýgini, Ýollar ak geljegiň buşlugy ýaly. Geçip barýan günler garrylyga däl, Äkidip barýan deý ýaşlyga sary. Gözleň göl döredip göwün öýümde, Kalbyma keşde deý çekildi adyň. Ýürege yp-yssy rahatlyk berýär Tanşym, tanyş dälim, ýakynym, ýadym. Bilýän, bu pursatlar “Ykbal” kitabma Tämiz sahap bolup, müdimi girer. Sebäp, duýgularma berip teselli, Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem. © Sapa HOMMADOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |