Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:18
Edebiýat agşamy geçiriler
EDEBIÝAT AGŞAMY GEÇIRILER

2-nji aprelde sagat 14:00-da «Kämil bilim» okuw merkeziniň kitaphanasynda edebiýat agşamy geçiriler. Döredijilik agşamynyň myhmany ýaş şahyr Ogulnur Ataýewa bolar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Ogulnur barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp, onuň bilen gyzykly söhbetdeşlik gurap bilerler.

Habarlaşmak üçin: (+993 63) 46-44-03.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/jemgyyet/medeniyet/edebiyat-agsamy-geciriler-d58990. 31.03.2023ý.

Ýaş şahyr gyz Ogulnur Ataýewanyň ilkinji goşgular kitaby çykdy

Ýyllar göçýär, geçip barýar, başyňdaky çagalygam,
Köpelýändir durmuş hakda saňa berýän soragymam,
Günler geçdi, soň ýat boldy, şol çägeli Garagumam,
Talyp boldum, men özüme diýipdimle «Bagty çeken»,
Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän, ejem eken.


Ýakynda, özüniň ajaýyp goşgulary bilen tanalýan ýaş şahyr gyz Ogulnur Ataýewanyň “Göwnümiň göwni” atly ilkinji goşgular kitaby çykdy. Kitap Ogulnur Ataýewanyň saýlanan goşgularyndan ybarat. Olarda awtoryň hakyky duýgy-düşünjesi bilen birlikde, durmuş filosofiýasyndan alan tälimi hem öz beýanyny tapýar.
Kitabyň ilkinji sahypasy:

“Garylsa-da ýag bilen suw bir-birine goşulmaýar, gumly gyzyň aýdymyna dagly ýigit düşünmeýär.”
– diýen oýlandyryjy setirler bilen başlaýar.

Ogulnur Ataýewa barada durup geçsek.

Ogulnur Ataýewa 1996-njy ýylyň 5-nji fewralynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda alty gyzly maşgalanyň üçünjisi bolup dünýä indi. Ogulnur 2003-nji ýylda Garagum etrabynyň 1-nji orta mekdebine okuwa baryp, ol mekdebi 2013-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ogulnuryň goşgulary ilkinji gezek 2016-njy ýylda “Garagum” žurnalynyň 10-njy sanynda çykdy.
Ogulnur Ataýewa mekdebi tamamlap, Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebine okuwa girýär we 2018-nji ýylda bu başlangyç hünär okuw mekdebini tamamlaýar.
Zehinli şahyr gyz özüniň ukyp-başarnygy we ylahy zehini bilen 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolýar. Ogulnur Ataýewa, 2021-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ogulnur edebi-çeper telegepleşiklere, döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp gelýär.

Çeşmesi: https://ashgabat.in/2022/05/20/yas-sahyr-gyz-ogulnur-atayewanyn-ilkinji-gosgular-kitaby-cykdy/. 31.03.2023ý.

Kimkä?

Pikir edýän durmuş hakda,
Ejizlänmem duýamok kä,
Öňde-soňda şu maňlaýa,
Täleýi ýazylan kimkä?

Kimkä meň ömürlik höwrüm,
Durmuş ýoly öwrüm-öwrüm,
Söýüp-söýüläýjek döwrüm,
Söýgüm bolup geljek kimkä?

Görksüz kalbym syrçalajak,
Ýalňyzlygmy parçalajak,
Dünýäm içre gunçalajak,
Gül açjak bagbanym kimkä?

Duýgyň diňe ot däldigni,
Ýa bir ýalan zat däldigni,
Dünýäň ajy öt däldigni,
Subut edip söýjek kimkä?

Duýmasa ýürek ýazarmy?
Ýazyp ýeňlenýär, ýalanmy?
Wah, meň söýgüden ýananmy,
Kemlik bilmän söýjek kimkä?!

Ogulnur ATAÝEWA
Bölümler: Edebiýat täzelikleri | Görülen: 142 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 23
avatar
1
1 Bagabat • 11:30, 31.03.2023
OGULNUR ATAÝEWANYŇ GOŞGULARY:

GARAŞDYM

Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy,
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
…Garaşdym.

Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama,
Guda gelse ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama,
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
…Garaşdym.

Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
Iliň gözi maňa göni dikilýär,
Sen dünýäni ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän… şu zatlardan çekinýän.
Halyň niçik, daşgulakdan soraşdym,
…Garaşdym.

Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäge käte gel ahyr.
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teý ahyr,
Ynanýaňmy, men kiç kime garaşsyz
Garaşdym.

Kämahallar ýyllap duşman oňarsyň,
Maýam dörär käte kowup-gaçara,
Derdim çekişeňok, asyl özüň dert,
Sen hossar däl, saňa syrym açara
Men bu gije ejem bilen aglaşdym,
…Garaşdym.
avatar
0
2 Bagabat • 11:31, 31.03.2023
SEN DIŇE SYNLA!

Sen diňe synla,
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänmi, göwnümiňem synyşyn.
Ody öçürilmän galan çäýnek deý,
Gaýnap-gaýnap bar hasratyň dymyşyn…

Sen diňe synla,
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy.

Sen diňe synla,
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy,
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýaly soldurşyny ter gyzy.

Sen diňe synla,
Saňa ýat adamy, perişan haly…
Urunsa-da yraň-dyraň ugrugyp,
Sen diňe synla,
Meň sensizem ýaşaýanmy, gülýänmi
avatar
0
3 Bagabat • 11:31, 31.03.2023
***

Hergiz menden özüň hakda sorama,
«Ýatlamok» diýsemem ynanan bolaý.
Gider diýip getirmändim oýuma,
Indi göwnüm tapjak bolmaňam goýaý.

Dagam üýtgeşik bir eden işim ýok,
Seni ýönekeýje söýdüm diýmesem.
Üýtgeşik ýada-da düşüp baraňok,
Ýüregimde ýaşaýansyň ýöne sen.

Söýgi küýsän çagy güller guraýar,
Söýgi göýä üzüm suwly şerbetdir.
Ýoklugyň ýüregmi şeýle gysdyrýar,
A barlygyň barja zatdan erbetdir.
avatar
1
4 Bagabat • 11:31, 31.03.2023
***

Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň
Iň ýamany.
Aýaň, yşka duşmadygy,
Synlap öň ýanany.
Aşyk ýöne ýerden gysmaz
Galamy.
Undup bolýa ähli derdem,
Unutma ýok,
Dert salany.
Bar zat ýazgydyňa görä,
Pozup bilmersiň
Sen ony…
Noldan başlap ýene nola
Getirýän yşkyň jemini.
Bu bir durmuş kadasy
Görüp gelen ýok
Soňuny…
Çaklaýşymdan juda ýeser,
Gör, ony.
Mydama söýüp ýaşadym,
A sen meni?
avatar
0
5 Bagabat • 11:32, 31.03.2023
«Sen»

Dünýäň ähli baýlygyna,
Çalşyp bilmedigimsiň sen.
Gyýylma bitaýlygyma...
Gowşup bilmedigimsiň sen.

Duýgulam ýaşaýar entäk,
Köreýän yşkymy ýelpäp,
Bu ýollarda selpäp-selpäp,
Duşup bilmedigimsiň sen.

Säher durmaz aklygyna,
Ynsan ötmez päkligine,
Henizlerem ýoklugyňa
Alşyp bilmedigimsiň sen.

Ötdi ýaşlygym nalaýa,
Aýt bizi näme baglaýar?
Nika, öý hem bir täleýe,
Duşup bilmedigimsiň sen.
avatar
0
6 Bagabat • 11:39, 31.03.2023
Sonaň akja köýnegi

Elleriňe döneýin eje. Ýüregiňe döneýin eje. Şu giden mähelläň arasyndan bar ünsim bilen seni synlaýan. Ýaşlar toý zalyna girenden. Günäsizje çaga ýaly kemşerip başladyň. Sen bagtlydyň biz bilen hemişede bagtlydyň. Seniň şonda niçiksi duýgulara berleniňi bir men göräýdim öýütýän. Hatda akja toý köýneginiň eteginden näzirgäp ýapyşyp gelýän Sonada düşünmedi. Seň gözleriňde bolsa geçmiş,birgiden bassaşja gyzjagazlardan doly öýüň keşbi bardy.
… Harplyk baýramy .

Ogulnur Ataýewa
avatar
1
7 Мango • 12:33, 31.03.2023
“Garylsa-da ýag bilen suw bir-birine goşulmaýar, gumly gyzyň aýdymyna dagly ýigit düşünmeýär.”

gyzyklyja gördüm.
"arap bilen ajem" diýilýäni ýada düşdi.
"gumly gyz we dagly ýigit"
dagsyz biri we dagly biri ýa-da gumly biri bilen gumsyz biri...
ýöne "arap bilen ajemiň tapawudy ýok" hem diýilýär, ýöne bu başga meselede diýilýär.
haladym ýokarkyja setiri.
avatar
1
8 Мango • 12:35, 31.03.2023
Kimkä?
Dünýäm içre gunçalajak,
Gül açjak bagbanym kimkä?

birhili bagban gunçalap, gül açýan ýaly bolupdyrmy?
avatar
1
9 Мango • 12:42, 31.03.2023
Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň
Iň ýamany.

gow ken şunsy.
ýazylyş stilinem haladym.
avatar
1
10 Мango • 12:45, 31.03.2023
kellä geldi.
nämeüçindir diňe söýgi gürrüňleri...
birsydyrgyn söýgi temasy.
ýogsam gowja ýazýan eken.
üstünlikler.
avatar
1
11 Мango • 12:51, 31.03.2023
kitabynyň sahaby barada:
dizaýnere 2-lik
"öwnümiň öwni" diýip ýazany üçin.
gaş bejerjek bolup "G"-ni çykarmak nämä gerekdi?
aňyrsyna bakyp duran figuraň ýarty bolmagy hem dogry däl.
onda-na arassaja edip:
Ogulnur Ataýewa
Göwnümiň göwni
-diýip ýazylan bolsa-da gowy bolardy.
(indiki çykjak kitaplarynda üns bererdä).
---
kitabynyň çykmagynam gutlaýaryn.
avatar
1
12 Medicall • 13:46, 31.03.2023
Ogulnur gowy ýazýar. Sebäbi ol Şahyr...
"Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,"
şu setirini "men bir göze ilen juwan gyz ahyr" - diýse-de manysynda-da sözünde-de artykmaç üýtgejek zat ýok ýaly.
belki "nowjuwan" sözi owadan görüp bogny artykmaç bolsa-da goýandyr. Emma büdreýär şol ýeri
avatar
0
13 Pero • 09:35, 05.04.2023
Ogulnuryñ gowy goşgulary bar. Ylhamyna bereket!
avatar
0
14 Pero • 09:37, 05.04.2023
Mango,kitabyñ dizaýneri siz bolsadyñyz nämeler bn bezärdiñiz?
avatar
1
15 BayramberdiGeldimyradov • 12:26, 05.04.2023
Birnäçe kerem: ,, Her sapar teswir ýazmaýyn -la barybir wagtym gidýär. Kopmýuterim bolan wagty ýazaryn " diýip, ýazman geçýän. Ýöne su gezek ýazyp baslajak:

Bäh, suratdaky Ogulnur bolsa, gelin wagty hasam owadan eken, men diñe gyz wagtynda gosgy okaýsyny görüpdüm. Ýañylmasam, medenýet institutyna-da giripdimikä öýdýän.

,, Kimkä " gosgusynda dördünji setirini kapyýalasdyrmandyr.
,, Dünýäñ ajy öt däldigni, Subut edip söýjek kimkä"-ony hiç kimem subut etmezmikä diýýän. Sebäbi bu durmusy sen ýasaýañ. Öz-özüñ subut edäýmeseñ señ mañlaýyñdan çykjak ýigidem edibilmese gerek.
,, Ody öçürilmän galan çäýnek deý, Gaýnap-gaýnap bar hasratyñ dymysyn..."-çäýngi suwdan dolduryp, oduñ üstünde goýmalymyka? Bizä çölde bolsak tüñçäni, bolmasa-da gitirini suwdan dolduryp gazyñ üstünde goýýas. Gaýnap-gaýnamasam birhili.... Ýaman ýazmak kyn düsýär: bir-ä telim prastoýrak bolýa, birem birini kõpbilýänsiräp tankyt edesim gelenok. Umuman, Ogulnura üstünlikler!
avatar
0
16 BayramberdiGeldimyradov • 12:46, 05.04.2023
,,Sen "gosgusynyñ dördünji topbagynda ,, baglaýar " ,, täleýe " sözleri kapyýalasmaýar. Gosgyñ onki süññi (bogun, kapyýa, säginme, grammatika...) bolmasa gosgy bolanok! Bir halypanyñ:,, Kapyýasyz gosgy gosgy däl, ol proza bolýar. Gosgynyñ esasy artykmaç tarapam sonda"diýipdi. Harp ýalñyslyk giden bolsa bagyslañ telimiñ prostoýrakdygyny ýene bir gezek ýañzydasym gelýär
avatar
0
17 BayramberdiGeldimyradov • 12:58, 05.04.2023
okadygymça ýene pikir kellä gelýär ,, Sen diñe synla, Iç-içime sygman aglaýanymy" -birhiliräk esdilýär. Içiñem içinde bir iç bar ýaly. ,, Hiç içime sygman aglaýanymy" diýen bolsa...
avatar
0
18 Мango • 13:18, 05.04.2023
içi-içine sygmazlyk
Ylgamakdan ýa-da gahar-gazapdan ýaňa çalt -- çalt dem almaklyk.

Ol içi-içine sygman, zordan gürledi.

https://enedilim.com/sozluk/soz/i%C3%A7
avatar
0
19 Мango • 13:31, 05.04.2023
"Ody öçürilmän galan çäýnek deý"
şu setirler barada "çäýngi suwdan dolduryp, oduñ üstünde goýmalymyka? Bizä çölde bolsak tüñçäni, bolmasa-da gitirini suwdan dolduryp gazyñ üstünde goýýas" -diýilen pikire garşy gelip, goşgy setirleriniň adwokatlygyny edesim geldi.

standart pikirlenme diýen zat bar.
ýagny, "derýanyň kenaryna iki adam geldi" diýsem, köp kişi (köpçülik) şeýle göz öňüne getirýär, ýagny derýanyň kenaryna iki sany adam ýan-ýana bolup, şol bir kenara bileje geldiler. bu standart pikirlenme.

standartdan daşary pikirlenýänler "derýänyň kenaryna gelen iki adamyň hersi bir tarapdan, aýry kenarlara gelip biljeginem" допускать edýärler (pikirlenip bilýäler).

indi gelenli çäýnege.
dostlar çäýnek diňe farfordan bolmaýar.
demir çäýneklerem bar, onam oduň üstünde goýup bolýar.

"Ody öçürilmän galan çäýnek deý"
demir çäýnek bolanok - oňa kitiri diýmibem bilersiňiz, ýöne ylalaşyp bilemok, kitiri aýratyn gap, ýöne ýörite metal çäýnekler hem bar... :-)
avatar
0
20 BayramberdiGeldimyradov • 13:41, 05.04.2023
Ilki göz öñüme gelen zady ýazaýdym. Ýöne henize-bu güne çenli demir çäýnegiñ bardygyny göremok. Mümkin bardyr
avatar
0
21 BayramberdiGeldimyradov • 13:54, 05.04.2023
Sen diňe synla,
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy. -bärde ,, ir agsam" ümüs-tamysmyka?
avatar
0
22 BayramberdiGeldimyradov • 20:03, 05.04.2023
,, Türkmen diliniñ düsündürisli sözlüginde" ýok eken ,, iç-içime sygmak" ýöne enedilim-de bar. Ynha, sözlükdäki sözler:
Içi düşmek, Içi gaýnamaz, Içi güjükli gürrüň, Içim tap, Içinden gaty (ýaman) getiren, Içinden ýalyn geçen, Içinden ýol eden, Içini üzmek, Içini ýakmak, Içiňden geçip barmak, Içiňde saklamak, Içiň eljuk diýmek, Içiň gatamak, Içiň gorulmak, Içiň gülmek, Içiň gysmak, Içiňi bermek, Içiňi gidermek, Içiňi dökmek, Içiňi sowatmak, Içiňi tutmak, çiňi ýakaýyn diýen ýaly, Içiň tütemek, Içiň ýanmak, Içi pikirli, Içi pis, Içi ýatakly, Içi ýylamazlyk, Iç keselleri lukmany
avatar
0
23 Medicall • 22:48, 05.04.2023
Içi-içine sygmazlyk - bu nämedir bir zada (nämedir bir zatdan kemsinip?) ýüregiñ çişip, içiñi hümledip gezip-gezip iñ soñy aýtjak zadyñam sojap-sojap aglap aýtmak. Ýa bir zady gõwnüñe alyp, ýa kimdir biriniñ ýoklugy üçin agras-agras dymyp gezip iñ soñam ýekelikde içiñi çekip-çekip (ýüregi çişip diýilýär) aglamak.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203