20:08 Goşgyny nädip ýazýaň? | |
GOŞGYNY NÄDIP ÝAZÝAŇ? (Köpçülikde berlen sowal) Sözlemäýin gaýrylarny, Ýokuş gördüm aýrylanmy... Şol hakdaky duýgularmy, Syrymy paş edip ýazýan. Uzak gepiň mahlasyny, Duzlap kalbyň ýahnasyny, Geçen günleň ählisini Görülen düýş edip ýazýan. Geregi ýok diýmegimiň, Sebäbi ýok söýmegimiň, Gül keşdeli köýnegimiň Etegni ýaş edip ýazýan. Setirde özüm däl, meniň Duýgulam ýaşaýar, biliň! Hyýalda özümi şonuň Öýünde ýaşadyp ýazýan. Gadyrym başgadyr söze, Ýetdiren paýdyr bu bize, Özümi şeýle bir yza Meýletin noş edip ýazýan. © Ogulnur ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |