Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:55
Ýör, oglum, mama gideli!


ÝÖR, OGLUM, MAMA GIDELI!

Däl bu günler çakymyzyň...
Sygjak ýermiz ikimiziň,
Dünýede iň ýakynymyz,
Ýör, oglum, mama gideli!

Asyl-ha, syr bermez ile,
Kyrk sanalandyr, «Kyrk çile»,
Intizardyr gözi ýola,
Ýör, oglum, mama gideli!

Ömür gyzyl-gara sowsan,
Geçer gider nämä sowsaň,
«Eje» diýer, mähre suwsan,
Ýör, oglum, mama gideli!

Basar seni, meni bagra,
Bu duýgular sygmaz şygra,
Gowzasyn içim bir töwra,
Ýör, oglum, mama gideli!

Galpak, inji paýyň diýip,
Göterjek ýok daýyň diýip,
Aýdyp berer hüwdä salyp,
Ýör, oglum, mama gideli!

© Ogulnur ATAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 117 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 4.2/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Rowaç • 13:07, 13.01.2024
Ömür gyzyl-gara sowsan,
Geçer gider nämä sowsaň

Sowsan - bi näme bolduk? Sowsany diýeli, ýöne matany nädip sowjak? Bişow kapyýamy?
avatar
0
2 Мango • 13:41, 13.01.2024
REKLAMA

Ýör, oglum, ýör!. (Meretmämmet HANMÄMMEDOW)
avatar
0
3 Мango • 13:50, 13.01.2024
Galpak, inji paýyň diýip,
Göterjek ýok daýyň diýip,
Aýdyp berer hüwdä salyp,
Ýör, oglum, mama gideli!

hüwdä salyp nämäni aýdyp berer?

"Galpak, inji paýyň diýip," sulam gutarylmadyk sözlem ýaly. belki: Galpak, inji paýyň berip, Göterjek ýok daýyň diýip...

üstünlikler!
avatar
0
4 Medicall • 15:00, 13.01.2024
Aý, ýok bu reñka beter gõzilginç. Saýtyñ öz standartlaryna görä goýubersenäñaý ballym, beýlekileñ postlaryna göräjesine. )
avatar
0
5 Мango • 15:12, 13.01.2024
pikirimi sorasalar şeý diýerdim:
reňklemek dogry däl.
gara bolmaly, sözbaşylar (ady) diňe bold (galyň) edip bolar.
reňk çalyberseň sowet okuwçylarynyň mekdepde tutýan "ýaşlyk" albomyna meňzeýär. bilemok häzirki okuwçylar olar ýaly albom tutýan däldirler.
saýtyň stili bolmaly.
şu wagt erbet däl.
şrift: "Times New Roman" - kitap şrifti. bu gowy.
reňkler: pastel rahat reňkler (saralan kagyz ýaly, gözüne ýakymly).
maňa galsa goýulýan suratlarada standart salardym ölçeglerinde...
diňe inçeräkden ýatyk format goýdurardym (käwagt wertikal ölçegdede goýýalar welin.... ol köp ýer alýa...)
avatar
0
6 Medicall • 15:30, 13.01.2024
Sagbol, Mango, meñ pikirimi okan ýaly ýazypsyñ, saýt stantartlaryny, stilini her agza düşündirmeli
bolsa-da ýaltanamok welin, ýöne dogry düşünýanden ters düşünýan kän admin aýtsa...
Gurbanmyrat öñ goýarkada şeýledi. Ol goýa, men düzleýan, men düzleyan ol öz edesi gelenine düzetýar ýene... Hiç meñ düzedişimi saýtyñ standarty diýip kabul edip bilmän ýörda şu jigimiz:)
Bu gelende-de birinji goýan postunda düzledim, ol yene öñki hereketini etdi, ikinjini düzledim, onam şeytdi. Ol günem meñ nerwi juda yadawdy, şoñçürip "nätseñiz şeýtsenäñ" - e tutdy meñ sabrymam:))

Umuman hormatly awtorlar! Agza boldugyñyzdan, tanadygymdan awtorlara geçirýan, adamçylygymy ýitirmän göwnüñize degmän düşündirjek bolyan, düşünmeseñiz özüm düzedip berýan... Bularyñ baryny size hormatym üçin edýärin. Sizem meñ postuñyzy redaktirlejek bolşuma dogry düşünseñiz iñ bolmanda saytyñ
kadasyna eýermegi başardygyñyz bolardy, :)
avatar
0
7 kysmat • 16:21, 13.01.2024
Gelneje salam. Gowumy ýagdaýlaryňyz?! wah men düşünmämsoňun şeýdýän-dä. a tak saýtyň bir ýerde prawilasy bar bolsa okajak-la men. bilmämsoňun kellä gelenini edip ýörün. asylam boýnuma alýan tehniki taraplara kän gowşakdyryn men. düzelerin-dä-ä-ä...
avatar
0
8 Medicall • 17:54, 13.01.2024
Salam jigim, Alla şükür, oñatlyk. Sizi gaýtadan kafemizde görenime begendim))
Saýt standartlaryny berjaý
etmek barada
öñem teswir
ýerlerde-de
aýdýandyryn, size öñ aytsamam kãnbir "iññirdäp" azar bermejek bolubam sowarak geçen
ýerlemem bardyr, şu reñklemek meselesinde esasy © Kakajan Balkanow agamyza köp duýdurupdym teswir ýerlerde. Olam beýleki agzalaram düzgüni bilsin diýip teswir ýere ýazýadym köplenç. Şahsyna-da ýazypdym bir iki sapar))

Saýtda post açanda känbir aýtdyrman, postlaryny bir-iki düzrdemden soñ derrewjik düşünip düzgüne giren iki sanjak awtor bar:

© Mango
© sussupessimist
(göz degmesin:)

Beýlekileri başda agza bolanlaram enteklerem hökman redaktirlemeli bolýan:)
Senem öwrenişiber, redaktirlesem yzyna "düzedip" goýmasañ bolýar gaytadan:)

Menýuda saýt barada bölümde düzgünler bardyr, hormatlylar, tanyşybermeli.

Jigim size-de üstünlikler, post açmagy dowam ediñ arkayyn!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202