17:26 Eje, meň üçin dileg et! | |
Eje, meň üçin dileg et! Bir çak hüwdüňdäki ýaly, Eje, meň üçin dileg et! Ýeňerim ýaly bu ýoly, Eje, meň üçin dileg et! Gaýgy etme gije zol turup, Aglama gözüň dolduryp, Düýş görseň gowluga ýorup, Eje, meň üçin dileg et! Ýanbermezek bu durmuşda, Synalýas biz turuwbaşdan, Säherde, ümüş-tamyşda, Eje, meň üçin dileg et! “Bolsun!” diý, ile ýaramy, Ýama ýüregmiň deň ýary, Dep et-de köne ýaramy, Eje, meň üçin dileg et! Obam menden alys oýda, Ak gün dogjakmyş golaýda. Bar işiňi çetde goý-da, Eje, meň üçin dileg et! Gün gyzyp, agarsa igde, Çagalar ýüzer güzerde, “Talyp bolsun gyzym!” diý-de, Eje, meň üçin dileg et! Sorýan säheriň howasyn, Özüň bir uly dogamsyň! Men dilemämi goýaýsam, Eje, meň üçin dileg et! Ogulnur ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |