Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:14
Eje meni çagalygma alyp git...!!!
EJE MENI ÇAGALYGMA ALYP GIT...!!!

Ýene öz hüwdiñe bendiläp göwnüm,
Eje! Meni çagalygma alyp git!,
Durmuşyñ ýollary edip dur öwrüm,
Eje! Meni çagalygma alyp git!.

Göwnimi ýyksalar gujagña ylgap,
Gereksiz zatlara elimi salgap,
Ýyly gujagyñda diñerdim aglap,
Eje! Meni çagalygma alyp git!.

Ulalmagym üçin gamym kän iýdiñ,
,,Biribardan özgä ynanma..." Diýdiñ,
Gadryny bileýin beren ak süýdiñ,
Eje! Meni çagalygma alyp git!.

Suw alan ýerleriñ tapman adasyn,
Unudyp gitdiler beren wadasyn,
Durmuşyñ oýnuny oýnap ýadadym,
Eje! Meni çagalygma alyp git!.

Zeýrenmek öwrüldi indi endige,
Geçmişim salaýyn syrly sandyga,
Ýene-de täzeden dolap gundaga,
Eje! Meni çagalygma alyp git!.

©Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 117 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Pero • 16:15, 20.09.2023
Men seni küýsedim!
Hemem günortanky ukyñ kadalygyn,
Gamsyz çagalygym!
Çagalyk bir gowy zat eken,ṣazada,ṣagyzlary ekenik hemmämiz.
avatar
0
2 Seýrаn • 09:12, 21.09.2023
Şu goşgyny okap, şular ýadyňa düşdümi ýa şulary aýdaýaýyn diýdiňmi?

Dogry-da walla, şol bir tüýslek goşgular kategoriýasyna degişli.
avatar
0
3 Seýrаn • 09:13, 21.09.2023
Täzelik gerek han ogul goşga, täzelik. Goşgy gynandyrmaly, ah çekdirmeli, ahmyrdan ýaňa halyň ýüňüni çekip, übtügini çykarmaly diýlen zat ýok.
avatar
0
4 Pero • 09:26, 21.09.2023
"Dogry-da walla, şol bir tüýslek goşgular kategoriýasyna degişli." ṣu sözleme kån düṣünmedim indi bir söz goṣup täzeden okap görỳän:"Dogry-da walla, şol bir tüýslek "ZATLAR" goşgular kategoriýasyna degişli." diýjek bolduñyzmy Ses agza?!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203