20:03 Bu ýollar uzakmy?... | |
BU ÝOLLAR UZAKMY?... Köp zat islemedim pany dünýeden, Derdimiñ derdinden dumanly serim, Uçmagy arzuwlan göwnümi güýmäp, Maña symrug guşuñ ýelegni beriñ!. Herne üzlen ýaly mähir damarym, Gursagym gussaly, ýürek ýamaly, Ykbalym süzenok ýagşy- ýamany, Durmuşyñ süzgüçli elegni beriñ!. Belki geçmişimde galsyn şol günler, Eger gaýdyp gelse dörär düwünler, Kanagadym synýar soñky döwürler, Kalbyma sabyryñ çelegni beriñ!. Herkim bir-biregi duzlaşyp barýar, Geljek ýalan bilen sazlaşyp barýar, Bu ýollar uzakmy?, azaşyp barýan, Ýapyşyp ýöräre kelebni beriñ!... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |