Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:34
Eje

EJE


Eje, meni bagryňa bas, gujakla,
Elleriň ýylysy, ýüregiň mähri,
Synama ornasyn kowsun dünýämden
Maňa ýapşak bolan sussupesligmi.

Eje, meni bagryňa bas, gujakla,
ýumşak aýaň sypalasyn serimi.
Ýüregimiň derdi gözden syrygyp
Ýuwsun aýralygyň oýan ýerini.

Eje, meni bagryňa bas, gujakla,
Ýyly demiň ot goýbersin synama.
Çekile-çekile sapagy ýolnan
Ýapyşalga bolsun sönýän ynama.

Eje, meni bagryňa bas, gujakla,
Undaýyn dünýäni, tutuş barlygy.
Bir pursatlyk arşda seýil edeýin,
Hemdemme öwürüp bagtyýarlygy.

Eje, meni bagryňa bas, gujakla,
Asla hiç wagt açylmasyn gollaryň.
Barlygyňda mydam bagta bürener,
Geçmeli menzillem,alys ýollarym.

© Bagtygül TEKÄÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Bagty | Teg: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 lirika • 20:52, 27.04.2023
,,ýapsak" -su sözi gosgynyñ içinde seýdip alsyñyza gynandym. Baýram Akadowyñ Aýsat Hojamuhammedowanyñ ,, nämçüýn" söziniñ bolmaýandygy metbugatda eden çykysy ýada düsüp gitdi.

Aýralyk ýüregi oýusy birhili esidilýän ýaly... (ylalasman bilersiñiz)
Çekile-çekile sapagy ýolnan,
Ýapysalga bolsun sönýän ynama --bu setirde näme diýjek bolduñyz?

Hemdemme--bu söze-de düsünmedim.

Asla hiç wagt açylmasyn gollaryñ --Mähriban käbäñ gollaryny açman nädip gujaklasyn..

Umuman, bu meniñ öz pikirlerim ylalasman bilersiñiz. Bagtygül, üstünlikler arzuw edýän :)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202