19:03 Ewrika | |
EWRIKA Reňk tapdym, Älemgoşaryň sekizinji reňki, Ýer ýüzünde ýok, Hiç pasyla mahsus däl, Arşyň pynhan syryn bilip, Peşgeş aldym ony. Dem tapdym, Nesimiden gaýdýan ýollary yzarlap, Hiç tükenmeýän, Gysmaýan, Içiňe çekilmeýän, Bagryňa sorulmaýan... Heň tapdym, Ýetmiş iki saz guralda çalyp bolmaýan, Ýedi nota sygmaýan, Bilbilleriň saýraýşyny gaýra goýýan, Diňlenmedik, eşidilmedik, Şanyna aýdym aýdylmadyk... Jeň tapdym, Gan dökülmeýän, Agysy ýok, top sesi ýok, Ýer eýelemek gerek däl, Ýurt düňdermek gerek däl, Ýeňiş-ýeňliş näbelli, Emma belli-külli. Ýer tapdym... Ýer planetasyndan däl, Ýupiterden, Marsdan, Aýdanam däl, Täp-täze gum çekilen, Ýurt ýeri galdyrylan, Adamlary täze dünýä inen, Baglary indi gögerip gelýän, Howasam ilkinji gezek formulasy düzülen, Dünýä kartasyna girizilmedik... Seni tapdym, Ewrika! Bu barada başga zat aýtjak däl, Nädip, nireden, nä halda, Özüň bil-dä... © Gurbanmyrat SARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
0
| |