19:19 Tüweleme | |
TÜWELEME Tüweleme, Tüweleme, Unudyberipsiň meni, Tüweleme, Tüweleme, Soguryberipsiň meni Ýüregiňden Garagyňdan. Çykaryberipsiň meni Ykbalyňdan, Ahwalyňdan... Sary saçlaryňam indi, Men tarapa daraňok-da. Sary gaşlaryňam indi, Men görgülä ýaranok-da. Tüweleme, Tüweleme, Hakyt indi elleriňem Salam bermeýär bir maňa, Hakyt indi ellerimem Salam bermeýär bir saňa, Toba... Toba... Eý, toba. Okaňokmyş bir goşgymam, Geň galaýyn, geň galaýyn. Halaňok köňül köşgümem, Geň galaýyn, geň galaýyn. Ýakmady seni yşkymam, Geň galaýyn, geň galaýyn, Geň galyp derde düşdümem, Çürüşdimem, Mürüşdimem, Tüweleme, tüweleme. Haý-haý bolaňda nä sary, Haý-haý güleňde nä sary, Ýüzüň sary, Sözüň sary, Kirpikleriň hasam sary. Beýdip saralyp ýörşüňe Bolarsyň sen kimiň ýary?! Hudaý bilsin, Alla bilsin. Men-ä ýigrim bäşden geçip Saralyb-a bilmerin, Horlanyb-a bilmerin, Bilmerin çepiksi bolup, Gülmerin göçüksi bolup. Agras bolup bilmesemem, Ah, ras diýip bilmesemem, Söýýän sözün gije-gündiz Saňa garap diýmesemem, Şol-a şeýle, Menem şeýle, Bol-a senem, Bir söz söýle. Bolman-da diý, tüweleme, Tüweleme, Tüweleme... 24.04.2023ý © Gurbanmyrat SARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |