Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:31
"Ejeme gowuşmaly güldesse" goşgular toplumyndan

SENIŇ ÜÇIN, EJE

Meň üçin garraýan ejem,
Meň üçin armaýan ejem,
Neneň halyň,
Taplaň ýegmi?!
Nähili bolaýanda-da,
Haýyş başyňy bir egme!

Sen meni ömürli etdiň.
Sen meni köňülli etdiň.
Ýogsam şahyr aýtmyşlaýyn:
«Betdim, nähili betdim».

Saçlaryň ak – sebäbi men,
Gynanjyň, begenjiň menden.
Ýöne ine bir gün ger-ä,
Eger-eger, oýun-çyndan,
Seň näzik göwnüňe degmen.

Men gujaklap ýörmerin zol,
Baryp ýüregim gujaklar.
Ýüregňi,
güler ýüzüňi,
Arzuw-umytlarym ogşar.

Ynan, ulalar giderin,
Saçym agarar seňki deý.
Ile goşularyn şeýdip,
Çüwer gider-le meňki heý.

Hemem alada ederin,
Şu günümi, ertirimi.
Bu ýyllar öçüribersin,
Günälermi, bilmänlermi,
Goýman syratly görkümi.

Bolýa, ykbal, seni goýsa,
Seň üçin garrasam, arsam.
Ahyry arzuwlaryňy,
Durmuşa geçirip barsam...

EJE

Gysylyp täleýiň towna,
Ýaşaýan derde gowrula,
Meni kerwene dogrula,
Eje.

Egsildim, gussaň tebitine,
Nesibäm gezýär ymsyna,
Seretsene, meň ebtime,
Eje.

Gözýaşym nemlär ýaglygym,
Hasratly ýoldan agdygym,
Diý ýene-de: «Oguljygym»,
Eje.

Yhlasym bolupdyr y:kgyn,
Gaýgylar dünýäme akgyr,
Edeýin men nämä ýykgyn,
Eje?

Gowşady zeminden örküm,
Nämeleri diýmez her kim,
Bersene, olaryň merkin,
Eje.

Gör-ä, kiçelipdir kalbym,
Ýüzüm dertli, içim ýangyn,
Ýitiripdirin beren dogmuň,
Eje.

Kemalsyz ekenim doglan,
Neçün synam dogram-dogram?!
Dünýä berdiň şahyr oglan,
Eje.

EJEMIŇ AHWALY

Bar zat gowluk bolmalydy,
Seniň pikiriňçe, eje.
Geljekki ykbalym seni
Goýýar ikirjiňe, eje.

Bilýän, toýa-tomga çyksaň,
Biraz gürrüňçi aýallar:
«Ogluň okuwa girdimi?»
diýip, tekrarlap sorarlar.

Ana, şonda seniň ýüzüň,
Gyzar gider meň derdimden.
Diliň uzynlygny däl-de,
Gysgalygyny berdim men.

Sen diýersiň: «Ýok, girenok,
Yhlasa edýär o çagam.
Şu ýyl talyp bolsun diýip,
Dileýär kakasy dagam».

Soň turarsyň toý ýerdenem,
Uzyn ýoly haýal ýöräp,
Öýe gelersiň, men welin,
Bilmerin ýagdaýyň sorap.

Hemişeki ýaly soňra,
Bagryňa basyp diýersiň:
«Gürrüňden gutular ejeň,
Senem okuwa girersiň».

HAÝYŞ

Men ýaşaman bilmeýärin,
Duýgulaň gapysyn kakyp.
Görýärin arzuwlarymy,
Elmydama aýna bakyp.

Uly arzuwlam sygardan,
Dogrusy, aýnam kiçeňräk.
Eje, kemsinme goňşular,
Geçse agtygyn güjeňläp.

Olaň çagalary mydam,
Hereketdedirler görseň.
Ogluň şygyrly dünýäsin,
Käte pikir edip gör sen.

Iller gün-güzeran üçin,
Geçýärkäler munça ýoly.
Aklym ýazlan-ýazylmadyk,
Ýazjaklarymdan dos-doly.

Onsoň senem düşün, eje,
Bilmeýänme il deý ýaşap.
Galamy bir goý diýmegin,
Diýme, ogluň galar boşap

***
Asmandaky gök kepderi,
Gögeren göwnümdi, eje.
Ine, şu goşgy depderim,
Ýaşalan ömrümdir, eje.

Ýyllar ýyndam ýyldyrymdan,
Günlerem gyzgalaň, eje.
Köp ýykylyp bu ýüregim,
Tapyndy gozgalaň, eje.

Ýygra ogluň açylmady,
Maňlaýyman ýygra, eje.
Çar tarapym bäş bolsady,
Sygmadym hiç çygra, eje.

Illeň çagasy otmuka?!
Ýansam tüsseleýän, eje.
Ýollaň uzakdygnam bilip,
Ýene assalaýan, eje.

Çaga diýip aýnamaýyn,
Ýaşymam ýigrim bäş, eje.
Muňa seretme, günälem,
Egnime agram daş, eje.

Daş keşbimiň üýtgeşmesi,
Iň bärkisi bilseň, eje.
Ýüregim ýygyrt-ýygyrtdyr,
Bir darkaşyp gülsem, eje.

Ylgap ýören aýaklarym,
Gör, nirlerden ätdi, eje.
Synagdyr diýdiň durmuşa,
Synap ogluň nätdi, eje?!

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 115 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Saryýew • 19:37, 25.04.2023
Teswirleriňize garaşýan.
avatar
0
2 lirika • 22:49, 25.04.2023
Birinji gosguda:
,, Haýys basyñy bir egme! -biz haýys, towakga etmämizde-de eziz enelerimiz adamyñ öñünde basyny egmez. Çünki Kerim sahyr aýtmyslaýyn(sitata görnüsinde däl): ,,Ol enedir ynsanlaryñ belendi"-nygtap geçipdir

Bu ýyllar öçüribersin,
Günälermi, bilmänlermi -birhili düsünmedim, ýyllar günälerem öçürÿärmikä?

Onsañam, näme üçin biz ejelere, enelere ,, sen" diýip ýüzlenip gosgy ýazýarkak? Ýa öýde-de ejelerimize sen diýip gürlesýasmikäk?! Ejelere, enelere hormatymyz uly olara siz diýip ýüzlemeli ýaly (gosguda-da).
Kakamyrat Rejebowyñ aýdysy ýaly (sitata görnüsinde däl): ,, Alla näçe hormat goýsagam, näçe beýigem bolsa oña siz diýip ýüzlenilenok". Emma enä siz diýip ýüzlenilýär sen däl
avatar
0
3 Мango • 23:50, 25.04.2023
gowy goşgular...
ýöne, nämüçindir 10-lykdan urýan setirler ýok.
onda-da 5 ýyzzyly basasym geldi.
üstünlikler!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203