Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:28
Sary gül

SARY GÜL

Eý, sary gül,
Diňe güýzde açylýaň.
Ýöne sary güller
Aýralygyň alamaty bolup açylýar.

Eý, sary gül,
Hiç kim seni alanok,
Ysganok,
Ellänok,
Şonuň üçin sen hiç kimiň
Bagty üçin gülläňok.

Eý, sary gül,
Söýgüden jyda bolanlaň gözýaşy suwarýar seni.
Gussasy guradýar seni.

Eý, sary gül,
Gynansaňam,
Gynansamam,
Sen söýgä öwrülip bilmediň.
Çemen bolup bogulmadyň,
Ysgap, ysyňdan melul bolunmady.

Heý, sary gül,
Eý, sary gül..

21.01.2024 ý.

© Gurbanmyrat SARYÝEW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Kyyas • 20:26, 22.01.2024
Kimdir birine aýdyp, gynajyñy dökmek üçin Güle ýüzlenipsiñ welin hökman "Sary gül" diýmände-de boljak ýalymy!
avatar
0
2 Мango • 01:10, 23.01.2024
Eý, sary gül,
Diňe güýzde açylýaň.
Ýöne sary güller
Aýralygyň alamaty bolup açylýar.
"Aýralygyň alamaty saýylýar" -ýalyrak bolsa näderdi-kä?
avatar
0
3 sussupessimist • 08:49, 23.01.2024
sary güli, umumanam sary reňki aýralygyň alamaty hökmünde ulanmak klişe öwrülen ýaly
avatar

Старая форма входа
Total users: 202