Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:56
Lýusifer

Lýusifer

Aýt hany,
Han pişijek,
Jan pişijek,
Kim dakdy saňa bu ady:
Lýusifer-a,
Lýusifer?!

Kim seniň eneň-ataň,
Kim seniň ýedi arkaň?!
Arkaýyn aýt, çekinme,
Eýäň ýaly men barkam.

Pasportyňam barmy seň,
Meňzeşiň näçe sany?!
Aýtsana, heý, Lýusifer,
Pişikleň näçe jany?!

Haýsy ýurtda doguldyň,
Kime pişik oguldyň.
Gürle-dä näme üçin,
Biziň ülkä kowuldyň.

Dur, dur özem bezzat sen,
1950-nji ýylda
Multifilme düşüpdiň.
Žak, Gas ýaly syçanlaň,
Tasdan ganyn içipdiň.

Özem bir ýaltadan ýatak,
Biridiň «Suw perisinde».
Haý bolýar-da pişiksiň-dä,
Bolşuň kime ýarasyn-da?!

Akylly bol,
Hakylly bol.
Biziň ýurda geleňsoň.
Süýtjagaz iç,
Gaýmajyk iý,
Syçan awla,
Keýpden çyk,
Ýadasaňam hiňňildik uç.

Garaz, näme Lýusiferjik,
Aýdylany diňläber.
Arassa bol, ýalpyldapjyk
Han pişige meňzäber.

Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 161 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
2
1 Мango • 13:48, 31.05.2023
bu ne bela soraglar?
1) Kim seniň ýedi arkaň?!
2) Pasportyňam barmy seň, (propiskaň nirä?)
3) Näme üçin, Biziň ülkä kowuldyň?...

"Akylly bol... Biziň ýurda geleňsoň".

öz-ä Lüsifer bor-da akylly boljakmy?
oňa 7 arkaly anketa doldurdyp, pasport berip, propiska salyp ýalňyşaýmaň...
Akpamygyň kökesini dişläp, oduny öçürip ýören jenaýatçy pişigimizem bize aňryýany bilen ýetik...
Lüsifere ýer ýok!
avatar
0
2 Мango • 00:13, 01.06.2023
dostum Gurbanmyrat.
ýazýan, goýýan zatlaryňa teswir ýazylsa oňa ýetesi näme bar?
gowy, erbet... tapawudy näme? ýazýalarmy, diýmek bir zat bardyr-da...
ýazýan öz okaýanyny tapsa, oňam pikirini bilse - diňe begenmeli.
Buratino-da diýse diýäýýär... kessaplygam ýok, nadanlygam.
***
men-a begenip ýön, tüweleme diýip, dost saryýew okamaga zatlar goýýar -diýip... senem... öýkelegiňi getiresiň gelip du-la how.
bötme. dowam et.
avatar
1
3 Mekan • 00:22, 01.06.2023
Menem "Arzygüliñ gatygyny dökenem şu pişikdir" diýip degişjek boldum. Ýazmanym gowy bolupdyr, Gurbanmyrat gaty görjek eken :-)
avatar
1
4 Pero • 11:16, 01.06.2023
Gurbanmyrat ṣu tymsaljygy eṣidipmidiñ: Bir gyz durmuṣa çykjak ỳigidiniñ öñûnde ṣert goýupdyr:
-Ýylda bir gezejik maña öýden çykyp gitmäge rugsat ber. Nirä,näme üçin diýip sorama! Diñe birje gün. Razy bolsañ menem saña mynasyp ýar bolaýyn. Ýigit razylaṣypdyr.
Bular ençe ýyl agzybirlikde gülala-güllükde ýaṣap ýörmüṣler. Adamsynyñ bilesigelijiligi gününe goyman,ahyry ýeñilipdir-de aýalyny yzarlamaga gidipdir. Görse aỳaly yns-jyns ýok bir çola ýere baryp ýetipdir. Kän otyrypdyr,aglap görüpdür,soñra bolsa ṣeýle bir gygyrýamyṣ,ṣeýle bir gygyrýamyṣ,heý goýaý. Bütin gününi ṣeỳdip geçiripdir. Soñsm öỳüne gaýdyp gelipdir. Sabyr-takady galmadyk adamsy ahyry ayalyndan name ün beỳle edýänligini sorapdyr. Ayalam syrynyñ açylanyna kän gün hapa bolup gezipdir. Ahyram adamsyna ṣeý diyipdir:
- Meñ alan terbiýämde göwnüñe degselerem göwne degmeli däl. Içiñe salmaly,diliñi diṣlemeli,ýogsa sen bigünä bolsañam günåkär bolarsyñ. Öý hysyrdulary bilen seniñem,gaynlarymyñam beýlekileriñem igenjini yzygider eṣidip cydam etmeli bolýan. Ýogsam maṣgalamyz dargap biler. Derdimi içime atybersem kesele galjak men. Ana,ṣoñ ün gidýän ṣol çola ýere - diyip jogap beridir.

Diýjek bolýanym biz ṣeýle häsiýetdäki adam bolanymyzdan soñra(basym ýaralanýan) nirede bolsañam gaçyp gutulma ýok. Emma arasynda nepesiñi durlamak ūçin hemme zatdan,hemme kiṣiden biraz uzaklaṣyp özümize arakesme berip bileris. Bu gowy çykalga.
avatar
0
5 aygull • 12:18, 01.06.2023
Düýn öýe sag-aman bardyňmy, Gurbanmyrat?
Çagalaryma zordan ýetişýän öňem, senem uly alada bolduň))
avatar
0
6 Saryýew • 12:23, 01.06.2023
Hawa-la, gelneje Begenjiň jany sag bolsun öýe çenli ýoldaş bol-da:)
avatar
0
7 aygull • 12:25, 01.06.2023
Bolupdyr. Häzir bol. Ohranasyz çykmagyn hiç ýere))
avatar
0
8 Saryýew • 12:32, 01.06.2023
Şuwagtam Begenç bilen jaňlaşyp otyryn. Öýlän edara bileräk gidip geläýeli-dä diýip)) Düýn agama-da aýtdym. ýakyn günlerde JANPENA tapyp bererin-ä diýdi))
avatar
0
9 Saryýew • 14:06, 01.06.2023
Gelneje, taňryýalkasyn size! Nesip bolsa, ýetişdigimden paýlaşmakçy. Onsoňam meniň paýlaşýanlarym öňem dürli ýyllarda metbugatda çap bolan makalalar... Ýöne bir-ä şolary häzirki ýaş döwürdeşlerem okasyn diýip, birem olaryň çap bolanyna köp ýyllar geçensoň edebiýaty söýüjileriň ýadyna ýene bir düşürmek üçin paýlaşýaryn. Gowuja zady özüm-ä wagtal-wagtal gaýtadanam okap durmagyň tarapynda... Meni goldaýanyňyz üçin sag bolsunlar!!!
avatar
0
10 Medicall • 11:00, 06.06.2023
Meñlim, şu tymsaly gowy gördüm, ýerlikli, nusga alarlyk tymsal. Bu teswirleñ içinde ýitip gitmesin, post edip aç-da öz awtorlygyñda goýaý. Şu mahal ýadyma düşdi, soñ aýdaryn diýsemem ýene unudaryn-da, aýdylman, alynman galar..
avatar
0
11 Pero • 11:20, 06.06.2023
Hop boladi
avatar

Старая форма входа
Total users: 202