18:59 SEN ýazdyň... | |
SEN ÝAZDYŇ... SEN ýazdyň, men ýaşadym, Ýaratdyň, men ýaşadym. Ýokdan bar eden wagtyň, Onki süýegme söýenip, Huzuryňa sygynyp, SENDEN gaýtdym. Zeminde kim düşüner, Kim söýer, apalar diýsem, Dilime düşer ýaly, Göwnümi açar ýaly, Perişde bar diýdiň-de, Kalby – doga, Eli – şypa, Ynsanyň gujagyna berdiň. Ýörjen-ýörjen boldum-da, Soňlugy ylgaberdim. Ulalamsoň, şol perişdäň, Ýüregni aldaberdim. Ol aglasa – aglaman, Ol gülende – gülmedim, Öýkelese, ynjasa, Bagyşla-da diýmedim. Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan, Günä etdim, ýalňyşdym. Ýazykly bende bolamsoň, Ýazda dünýä iberseňem, Indi kalby kir tutan, Gözi körän, dili peltek, Aýazy, doňlugy ýeten, Gara gyşdym. A SEN bolsa sygynmaga, Zaman berdiň bäş wagtyna. Çakylygyňa barmadym. Kitap bar diýdiň. Ýüregňe her sözüni, Her labzyny gudrat saý diýseňem, Men nätdim?! SEN şonda-da söýýäň meni, Her günümi peşgeş edýäň. Kalba şükür, dile doga berýärsiň. Her ýazygmy, etmişimi, Has ýokardan görýärsiň. Bilýärsiň bir gün ýene-de, Sygynjagmy huzuryňa, Dolanjagmy yzyma. Ýöne başky gelşim ýaly, Perişdepisint ap-ary, Niýeti päk, gözi röwşen, Men barman yzyma?! 29.11.2023 ý. © Gurbanmyrat SARYÝEW. | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |