07:58 "Galdy Arkaç Aýnam-how" | |
"GALDY ARKAÇ AÝNAM-HOW" Käbir pursatlar bolýar: seni özüniñ gözelligi, joşguny bilen täsiri astyna alýar-da, üýtgeşik duýguly, ruhy galkynyşly dünýä atarýar. Onsoñ ýüregiñde ol gözellige, gözelligi döredýänlere gadyryñ bimöçber gory kemala gelýär, kalpdan joşup zybanyñda tarypa öwrülýär. Ynha bu gün hem şeýle günleriñ biri. Aýna hem Söhbet kinofilmini, onda ýerine ýetirilýän aýdymlary, artistleri bilmeýänimiz, "Aýnam how" aýdymy ýerine ýetirilende oña goşip hiñlenmedigimiz az bolsa gerek. Öñ teatrlara baryp sahna eserlerine tomaşa edenem bolsam opera teatryna baryp görmändim. Diñe telewizorda tomaşa edipdim. Emma "eşiden deñ bolmaz, gören göz bilen" diýilşi ýaly, mawy ekranda seredeniñden hut teatrda göni tomaşa etmek aýratyn duýgy berer eken. 22.06.2023 ýyl ykbal meni bu teatryñ gapysyndan tomaşaçy höküminde getirdi. Mähriban Watanymyzda her ýylda bellenilýän Medeniýet hepdeligi we Magtymguly Pyragynyñ şygryýet günleriniñ çäklerinde geçirilýän dabaralarynyñ günüñ iknji ýarymynda Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky drama teatrynda sahnalaşdyrylan "Arkaç" operasynyñ sahnada ilkinji görkezilişi boldy. «Arkaç» operasynyň režissýory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow, sazyny ýazan Türkmenistanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýew. Sahna bezegi:Mekan Annamyradowyň ýolbaşçylyk etmeginde ýerine ýetirilen. Bu sahna eseriniñ edebi esasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň librettosy bolan "Aýna" halk dessany esasynda opera geçirilen. Rollarda: Söhbet - Kadyr ESENOW Aýna - Dünýägözel BEGALIÝEWA Jumaguly baý (Aýnanyñ kakasy:) - Begenç GAÝYPOW Baýrygül (Aýnanyñ ejesi) - Tylla Saryýewa, Babyl - Gadam Akmyradow, Jully - Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Alekber çopan - Guwanç Saparmyradow, Miwe bajy - (Alekber çopanyñ aýaly) Arzygül Gylyjowa, Ablak - (Alekberiñ gyzy) - Göwher Kakabaýewa. Bu sahna eserindäki ähli ýerine ýetirilişler, aýratyn hem Söhbediñ keşbini janlandyran Kadyr Esenowyñ operanyñ dowamynda janly sesde ýerine ýetiren halk aýdymlary tomaşaçylaryñ uly söýgüsine mynasyp boldy. Bizem öz gezegimizde sahna ussatlarynyñ ählisine üstünlikler arzuw edýäris. © Edebiýat KAFESI | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |