Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:10
Ýere bakaryn Göklerden...

Hiç ölmerin,
ýok, ölmen hiç,
ölemen aşyk çünki men:
Dünýä sygýar ýüregime
Bilýän älemi gujaklap,,
kalbym dar kine saklardan...
Ruhumy bilmen duşaklap,
çagyrsa dergäh giderin,
borun bärden  uzaklarda...

Ýere bakaryn Göklerden...

Gülleriñ ýañagyn gyjyklap,
Çözüp ýazyñ bagjygyny
Görkünden bimar boluplar
Özümi gujagyna oklap
Dömerin baharystanyñ
Solmaz gülhanasynda

Ýok, meñ ölmäge hetdim ýok

Sygm:an ýalançyñ çygryna
döwlen göwnüm agyrsa-da
dar dünýede darygmaryn
Jan Eýesi çagyranda,
Giderin, ýöne ölmerin
Bölümler: Goşgular | Görülen: 184 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
1
1 Garlawac • 07:50, 02.11.2023
Ruhym galkynyp gitdi bu goşgyny okap:)
avatar
2
2 Мango • 09:23, 02.11.2023
Jan Eýesi çagyranda,
Giderin, ýöne ölmerin...

ýokarky setirler goşgyň ballyja ýeri.
hawa, Eýämiz bizi ýok etmek üçin ýaratmady.
ýok etmejegi hak (ölümi dadyrsa-da).
çagyrjagam hak.
direltjegem hak.
diri etjegem hak.

5 ýyzzyl.
avatar
1
3 Мango • 09:25, 02.11.2023
"ýok ölmen hiç"
"ýok"-dan soň oturjyk (,) goýagaýmalyken.
(ýok, ölmen hiç)
avatar
2
4 Mergenowna • 09:42, 02.11.2023
çyn aşyklar ölmeýar
avatar
1
5 Myhman1185 • 10:16, 02.11.2023
Gowy
avatar
1
6 Pero • 15:30, 02.11.2023
D:aṣ,aýaldogan! Gaty gowy gördüm.
"Hiç ölmerin,
ýok, ölmen hiç,
çünki ölemen aşyg-a men:.."ṣu ýerini "ölemen aṣyk çünki men" diýip alsañ hasam ýerine düṣerdi. Bu bir kiçijik bellijek.
Galamyñ ötgür,sözûñ ýitgir bolsun!
avatar
1
7 Myhman1185 • 17:11, 02.11.2023
Hormatly Beautiful Butterfly with blue wings, "ýitgir söz" nähili söz bolýarka. Ýitip gidýän sözmi?

Ya yetgir sözmi? Okyja yetýän manyda.
avatar
1
8 @Baýram_Bejidow • 23:15, 02.11.2023
Ölmäñ!
avatar
0
9 Medicall • 23:26, 02.11.2023
Bolýa, jigimjan, ölmen:)
avatar
0
10 Medicall • 23:27, 02.11.2023
Ýiti diýjek bolandyr))
avatar
0
11 Medicall • 23:28, 02.11.2023
Etdim ballym, sagwol))
avatar
0
12 Medicall • 23:30, 02.11.2023
Ruhuñyz mydamam belent bolsun:)
avatar
0
13 Pero • 11:37, 03.11.2023
Ýitgir-ýiti,garṣylygyñyz barmy,hormatly @myhman?
avatar
0
14 Myhman1185 • 12:31, 03.11.2023
Hiç hili garşylygym ýok.

-gyr/-gir/-gur/-gür goşulmalary işliklerden sypat ýasaýar diýip ýalñyş öwrenipdirin.

Asyl olar sypatlara goşulyp, ýene sypatam ýasap bilýän ekenler.
avatar
0
15 Pero • 14:14, 06.11.2023
Ýok-la hormatly myhman,siz gaty dogry öwrenipsiñiz. Biz ýalylaryñ kadadan çykarýanlarymyzy hasaba almasañyz.
avatar
-1
16 Mehir • 20:43, 07.11.2023
Başda ýazylşy gowydy şo üýtgeden setiriň bara
avatar

Старая форма входа
Total users: 203