Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:17
«Gan bilen ýuwulan, laýda durlanan...»
Exclusive


***
Gan bilen ýuwulan, laýda durlanan
Tamdyrda köz içre tutaşdy köňül.
Pikir toprak kimin sözde dyrmalan
Zebanylar üçin ataşdy köňül.

Alla ynanşym deý güýçlüdi iman
Käte perişdeden tämizdi kalbym.
Çölüň derýa kimin ýollary diýmän
Kybla ýüzüp gidýän gämimdi kalbym.

Göýä men daşadym dowzaha odun
Mendim adamzadyň günä sährasy
Göterdi asmana bukulgy adym
Ýerde ganat kakýan şeýtan şöhraty

Sowuk duýgyň mähri bilen ulaldym
Ýyly dilegleri ýolladym Göge.
Çorak ýeri deşjek bolýan burawdym
Towlansam-da hiç ýetmedim ýürege.

Ötünjim kemterdi men-menligimden
Köňlümiň merkine çoýundym ýördüm.
Gijäniň goýnunda köwläp çigildem
Ähli etmişimiň düýşüni gördüm.

© Seýran OTUZOW
Görülen: 170 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 4.5/10
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Merdan • 13:32, 01.06.2024
Ine goşgy!
avatar
0
2 Merdan • 13:34, 01.06.2024
Sowuk duýgyň mähri bilen ulaldym
Ýyly dilegleri ýolladym Göge.
Çorak ýeri deşjek bolýan burawdym
Towlansam-da hiç ýetmedim ýürege.
avatar
0
3 Мango • 13:38, 01.06.2024
Seýran däde.... ýaman gowy-gowy deňeşdirmeleri, ýaman kän ulanypdyrsyňaý... bir goşgy üçin kän dämi? 

(1) Alla ynanşym deý güýçlüdi iman
(2) Käte perişdeden tämizdi kalbym.
Çölüň derýa kimin ýollary diýmän
(3) Kybla ýüzüp gidýän gämimdi kalbym.

1-njide "Alla ynynyşyň" özi eýýäm iman ahyryn. osoň "Alla ynanyşym imanym ýaly güýçli" diýmek ters ýaly. ýagny, imany "deý" diýip deňeşdirýän zadyňam iman ahyryn...

2-njide "aý, goýsana. diýäýýäň häki bir gep owadanlamak üçrip" diýesimi getirdi.

3-njä aşyk boldum, ynandym, kabul etdim. ugruňy dogrulap, çölem bolsa gämiňi dogry ýola ýüzdürmeli... owadan we höweslendirijilikli....
avatar
0
4 Medicall • 21:47, 03.06.2024
Göýä men daşadym dowzaha odun
Mendim adamzadyň günä sährasy
Göterdi asmana bukulgy adym
Ýerde ganat kakýan şeýtan şöhraty
avatar
0
5 Pero • 09:16, 05.06.2024
Gönimden gelsem,"Göýä men daşadym dowzaha odun
Mendim adamzadyň günä sährasy" ýa-da "Señ günäleñ meñki bolsun" ýa "Sensiz men öli", ýa bolmasa ş.m birgiden meñzetmedir,deñeşdirmeleri özüm-ä halamok. Şo diỳỳän zatlaryñy bütin süññüñ bilen syzyp ýazjak bolsañ,eliñi galam tutman duruberer. Söz keramat diýleni. Şeýle zatlary ýazsam günlerdr bir gün Allahyñ öñüne eltilemde "Hany,sen şeýle diýip agyz köpürjikledipdiñ,sözde diýeniñi ruhuñda çekip gör" diýäýjek ýaly bolup dur.

Emma yokarky bellige garamazdan,goşgy gowy eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203