Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:00
Asgyç
Exclusive


ASGYÇ


Her kim eşigini asdy bir ýerinde
Kim ýantorbasyny ähli goşlary bilen
Özüniň düşünjelerini
Pikirlerini asarlyk etdi
Duýgusyny goşhalta dolduryp
Gurak galanlaram kändi
Kim çykyp suratyny asdy ýylgyryp düşen
Käsiniň gözi ýumuk çykypdyr
Kimsi çalam-çaş saçyny
Kiçelen köýnegini asdy ýetginjek
Asmandan asan bardy özüni
Kalbyndaky gözenegini çykaryp
Beýnisiniň gandalyny emaý bilen asdy
Erkanalygyny asdy şahyr
Reňkanalygyny - ýazyjy

Sazyny çalyp - kemençesini
Soňky sahypasyna siňip - kitabyny
Ulagynyň açaryny
Durmadyk sözüni asdy sözlük
Çakan kükürdiniň külüni
Okan habarynyň sahypasyny
Terkidünýä - ýüpüni
Dertli - ýüküni
Çep - sagyny, sag - çepini
Gelen geçeni asdy
Düýn - şu güni
Galmagal gulagyny asdy
Uzak - gysgany, gysga - alysy
Gezek mendedi
Men...

© Seýran Otuzow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
2
1 aygull • 23:33, 02.07.2024
Sen nämäni asdyň?))
avatar
1
2 Мango • 08:09, 03.07.2024
Uzak - gysgany, gysga - alysy
Gezek mendedi
Men...
Gulagyňyza lapşany

:-)
avatar
1
3 Мango • 08:28, 03.07.2024
bu asgyjy göz öňüne getirmek ýamanam kyn.
gaty kän zat asyp bolýan eken.

iki ýerinde ýüregim gozganyp gitdi.

1) Kalbyndaky gözenegini çykaryp
Beýnisiniň gandalyny emaý bilen asdy

2) Gelen geçeni asdy

---
1) kalbyňda gözenegiň, beýniňde gandalyň bardygy duýaýsaň... emaý bilen asmak üçin.
2) gelenler geçenlere güýmenmän geljek bilen bolaýsalar...

Seýran däde. ozalam näme ýazanyňa akyl ýetirjek bolup gaýta-gaýta okaýas... bize aňsadrak bolar ýaly nokady, otury bir goýamaly ekeniňiz...

asgyjyňy halanymy aýdasym gelýär, ýöne aýtjak däl...
diňe ýyzzyl basjak.
avatar
1
4 Мango • 08:33, 03.07.2024
Her kim eşigini asdy bir ýerinde
Kim ýantorbasyny ähli goşlary bilen
Özüniň düşünjelerini
Pikirlerini asarlyk etdi
Duýgusyny goşhalta dolduryp

ýantorba - sumka, goşhalta-da rükzakmyka?
ýöne aşakdaky sahypalaň biri başga goşguda asylsa neder?

Sazyny çalyp - kemençesini
Soňky sahypasyna siňip - kitabyny
Ulagynyň açaryny
Durmadyk sözüni asdy sözlük
Çakan kükürdiniň külüni
Okan habarynyň sahypasyny
avatar
0
5 Мango • 08:36, 03.07.2024
Erkanalygyny asdy şahyr
Reňkanalygyny - ýazyjy

ol reňkana ýazyjy, hudaý saklasyn nemelerdenmi? :-)
(bu söz Atanakçyň Aýnasynyň sözi)
avatar
1
6 Мango • 08:42, 03.07.2024
aşakdaky ýerlerinde gizlije ikinji many hem yşyklap gidýär

1) Asmandan asan bardy özüni
(özüňi asmandan asmak - ulumsylyk)

2) Galmagal gulagyny asdy
(gulak asmak - diňlemek)

asmak - bu goşguda nähili manyda?
diýjek bolýanym "şahyr erkanalygyny asýan" bolsa, erkinligini dobrowolnyý giderdigimi.... ýa-da asyp her kime görkezdigimi, ýa hazirlikçe ulanmazlyk üçin asýarmy... ?
avatar
0
7 sussupessimist • 09:53, 03.07.2024
Gowy pikir yoredipsiň Mango.
Şol manylaň hemmesinde. Hem meyletin asyp, şony iň bolman wagtlayyn ulanman taşlamak, hem asyp, göz edip serip goymak, hem asyp, öldürmek...
Asman sözem, asyl, şol asgyç bilen bir kökden emele gelendir.
avatar
0
8 Seýrаn • 10:11, 03.07.2024
Men şu asylanlary jemläp asdym. Yzyndanam dünýäň özüni bir goşgudan asdym. Maksat, sag bol dost paýlaşanyňa.

Mango, şonça pikir döredipdir sende, ýazylanyna, paýlaşylanyna degendir onda bu. Asgyç sözi kelläme gelenine juda begenipdim, gowy prototip boljak närse. Içimden-daşymdan gelenleri ýazdym, özüme gezek gelende durdum. Agyr degdi :)

Reňkanalyk başga pikir getirmedimaý kelläňe, meselem köp öwüşginli, dürli düşünjeli, setir-setir, galam yz...
avatar
0
9 begenc • 16:16, 03.07.2024
Asgyjam Asgyçjan eken. Gelen-geçen asypdyr.
"Masada masaymış ha!" Edip Cansever-iň goşgusy bardy şu heňde.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203