23:15 Höküm | |
HÖKÜM Häzir goşgy ähli zatdan has zerur Dili tutulýana dildar deý möhüm. Gündogarda tüm bar, günbatarda nur Goşgy dymyşlyga çykarýar höküm. Nebir derdim bardy sygmaýan göze Uludy gussanyň ýüregi kimin. Rehimdar bentlerim meni deňize Agdaryp goýberdi, gark boldum elin. Ötünjim goşgy deý juda belentdi Goşgy bilen ýetdim sekiz gat arşa. Ýalňyşlarym meni dergähe eltdi Geldim ýeke özüm ýar garşy alsa. Sen kalbymyň derýa dönen mawysy Eý, ähli şygyrlaň deňzine bakýan! Ýetermi köňlümiň ahy-nalasy, Ökünjim derýama goşulyp akýar. Bar uruşda ölmän galan şehit men Söweşler dynmazak başym üstünde. Eý, goşgym gel, ýagtylyga äkit sen Ýogsam galjak deýin bu agyr tümde. © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |