Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:34
Garaja molla

GARAJA MOLLA
(hekaýa)

Hojaýusup işan şeýle bolandan soň, Garaja molla-da özüniňem yzyndan bu gün gelerler, erte gelerler diýip gezdi. Bir gün nädip baranyny bilmedi — Emma Alladan ölüm dilemek günä hasaplanýar. Şonuň üçin, Garaja molla Işan agaň baş ujunda aýat okap otyrka-da, öz tümmeginiň ýanaşyk duruşyny göz öňüne getirmejek bolupdy.

Emma, Gpow diýilýän gelmedi. Hamala “Sen nire Hojaýusup işan nire?” diýýän ýaly günler parahat geçiberdi. Ýyllaram aýlandy. Indi Garaja molla Işanyny namazyndan soň ýatlap dileg edäýmese, başga wagt hakydasyna-da gelmedi. Kiçijik obada toýam, ýasam seýrek. Kä wagt bir nika gyýaýmasa, kän dünýeden ötýänem ýok. Hojamazara-da gidilenok. Goňşy obalarda-da “Pylanyny äkidipdirler” diýen gürrüň azaldy. Äkidiläýse-de atylyp, zat edilýän däldir-dä, bir parahatlyk.

Bir günem, ýegdenekläp, Dilli Tüýdük göründi. Gözlerini elek-çelek edip, çalt-çalt gürleýän Tüýdügiň: “Ertir seni ýygnamaga Gypow geljek” diýmesine, Garaja molla, ilki, ynanjagyny-ynanmajagyny bilmedi. Ýazyň güni, Gün çykypdyr. Meýdan gül-güläleklik. Serçeler ala wagyr. Işan agaň tutulanyna-da näçe ýyl geçdi. Gelenini isläp ýoluna seredilen Garaja molla indi Gypowyň ýadyna nirden düşdi. Ýumruk ýaljak oba bir molla gerekdir-ä… Emma Garaja molla arkaýynlaşyp bilmedi. Gaýta, ýumrulmyş edaraň garaňky, sowuk ýerzemini Garaja mollaň gözüne çyndan beter bolup göründi. Dilli Tüýdük diýilýän haramzadaň bir zat eşitmese ýa eşitdirilmese gelmejegi belli. Meni olara ýatladan özi bolsa bilýäňmi?! Gonjuna gor guýlan ýaly, bir ýerde durup bilmän, bir içeri girýän, bir daş çykýan mollaň ýanyna on üç-on dört ýaşlaryndaky ogly eli kitaply geldi. Oglunyň elindäki Kur’an süreleri ýazylan kiçijik kitapçany gören molla: “Ýygna, şo kitabyňy, gözüm görmesin” diýip, ogluna dalananynam duýmady. Aslynda, o kitap özüniň Hojaýusup işanyň ýanyna ilki baran güni alyp giden kitabydy. Şo bada ýitirim bolan oglunyň yzyndan toba eden Garaja molla ýüzüni tutup tuduň düýbüne çökdi. Ol tüýs ýaşajak ýaşyndady. Ogul öýerjek, gyz çykarjak. Gypowyň çygly ýerzeminine giresi, Garamurtyň sapançasynyň öňünde armanly ölesi gelenok. Onuň obada durasy gelmedi. Gözi gapylan ýaly, ileri-gaýrasynam bilmän, haýdap barşyna, Köşüň deňinden geçip, Aşgabada ýetende durdy. “Gypowdan gaçyp nirä gitjek? Öňki ýaly Eýrana aşjak gümanyň ýok.” Ol Batansad diýilýäniň agzynda bir eglendi. Ulugberdi baý şu ýerde nahal ekýämiş diýýänleri hakydasyna geldi. “Ulugberdi baý näme etsin. Elinden gelse, ol özüne ederdi. Häzir howlusyna girip Ulugberdi baý diýseň, tanalmazam.” Garaja molla “Batansadyň” golaýyndaky kiçiräjik bezemen jaýyň açyk gapysyndan aýdym-sazyň sesini eşitdi. Ol nädip içerik boýnuny uzadanynam duýmady. Gysgajyk murtly häzirbegjan eli tarly “Aman-aman-aman-eeý” diýip, gara der mugama gygyrýardy. Molla ýeňsesinden itilen ýaly jaýa girdi. Agaç oturgyçda oturyp, gaýry milletden bäş-üç adamyň nahar edinýäni, törräkde teke halysynyň üstünde per ýassyga ýaplanyp, dört-bäş sany tekäň aýakly çilimi kükedýäni onuň gözüne ildi. Olara tarap barybermäge-de çekindi. Oňa çenli ýaş ýigit “Näme hyzmat” diýip ylgap geldi. Garaja molla oňa-da näme diýjegini bilmedi. Olar bir salym biri-biriniň ýüzüne geň galyşyp seretdiler. Elbet, ýigit öňem bir şeýdip gelene arak berip ugradandyr-da “Arakmy? Biri bolarmy?” diýdi. Garaja molla nädip “Ikisini getir” diýenini bilmedi. Onuň diňe aýaklary däl, dilem akylyndan öňe düşen bolarly. Oglan sähel salymda iki çüýşe aragy mollaň egnindäki horjuna saldy. Garaja molla egninde horjunynyň bardygynam şonda bildi. Hernä pulsuz gaýtmandyr — ol hasaplaşdy-da gelişi ýaly daş çykdy, hyzmatçy oglanyň “Nahar edinerin diýseň…” diýenem gulagyna ilmedi. Hamala, ýörite arak almaga gelen ýaly, Garaja molla yzyna, obasyna dolandy. Ol kä wagt biri-birine degip ses edýän çüýşeleri näme üçin alandygyna düşünmeýärdi. Ýöne öýüne ýetse, olary boşatjakdygyny bilýär. Ýa öňden bäri “Arakdan bir doýsam” diýdimikä? Ýa-da lüt bolaýyn, onsoň Gypowam äkitsin, syrtyna soksun diýdimi? Ýogsa, Garaja molla aragam, ony içip oturanam gören bolsa, bir ýa iki gezek görendir. Ýöne häzir “Sen molla ahyryn. Hojaýusup işanyň sopusy, halal-haram, günä, ahyret…” diýen ýaly sözler aklynda aýlanyp, agram salýardy diýsek, ýalan boljak. Gaýta, ol gazygyndan boşan maly ýatladýar. Akyly beýlede dursun, onuň gözem ýer görmeýärdi. Molla şu wagt diňe bir zada — ertire diri çykmajagyna ynanýardy. Garamurtuň sapançasyndan çykjak ok çykmanka onuň aklyny alypdy. Arakdanam ullakan teselli gözlänokdy. Özüni öldürerden-ä ejiz, bolmanda özümi bir bilmesem diýýädi diýsegem, ümürli gün panys çyra tutup ýol ýagtyltjak bolana meňzejek. Häzir Garaja mollaň halyny bir Alla bilýär.

- Hany, iýer ýaly bir zatlar getir. Käse-de al.

- Käsäni näme etjek?

- Işiň bolmasyn.

Arak çüýşelerini gören aýalynyň gözleri tegelenip, elewräberdi.

- Gyýw, näme etjek bolýaň?

- Göreňokmy? Agşam Gpow gelýä, äkitmäge. Onam görersiň.

Garaja molla aragyň ajysynam, ysynam duýanok. Käsäni püre-pür edip suw içen ýaly içýär. Nahar bilenem işi ýok. Aýalam ony nädip saklajagyny bilenok. Içerde däri ýarylan ýaly eden “Gpow” sözi onuňam el-aýagynyň ysgynyny alyp, dünýesini düňderipdi. Garaşylýan uzak garaşdyrmady. Gara maşyn Garaja mollaň gapysyna gelip durdy. Ondan zogdurlyp çykýan goýy gara tüsse gapydaky erigiň patrak ýaly ak güllerine siňýärdi. Ýalpyldowuk gonçly gara ädik dogumly ädimler bilen Garaja mollaň işigine geldi. Garamurt haýbatly murtlarynyň gözüne çümäjek bolup duranynam az görýän ýaly, olara ýene tow berdi. Onuň gapdalyndaky iki sany eli tüpeňli saryýagyz esgerem güpürdeşip galanokdylar. Sähel yzyrakda-da gara gaýyş penjekli, neçennik diýilýän. Az salymdan bukdaklabyrak Dilli Tüýdügem göründi. Köneje gapy zarp bilen açyldy.

- Garaja molla senmi?

Garaja molla azymly sese garaşyp oturanam bolsa, tisginip ýerinden turjak boldy. Şol wagtam serhoşlygyň nämedigini birinji gezek duýdy. Ol başy aýlanyp lampa aşak oturanynam bilmedi. Dilem diýenini etmän bazzyk-buzzuk edýä.

- Eý! Şu mollamy? Tuýduk!

Dilli Tüýdügem Garaja mollaň halyny görüp, Garamurtdan beter, gözlerine ynanmady. Ol sakawlap, diýere söz tapmady. Onuň ýerine Garaja molla gürledi.

- Neçen-n-nik, açylmadyk ýene bi-bi-biri bar. Geçiň… Gar-gar-garramurt… Bolmasa sen-sen-sen gel, Dil-li-li-li t-t-tüýdük. Gitmeli bolsa gid-d-d-eris…

- Sen mollamy?

Garamurtyň haýbatly sypaty serhoş molla sähelçe-de täsir etmedi.

- Garamurt, atdaş senm-aý? Menem gara, senem gg-ggara. Bolý-aa-laý. N-n-nirä gitmeli bolsa-a-a…

Garaja mollaň bolup oturşyny görüp, şypar orsuň hyýrsyz ýüzi ýylgyrdy. Ol Garaja molla “Tur!” diýip azymly gygyran Garamurty saklady.

- Dur, dur. Molla sen otur… otur… Molla içse hororşo. Degmeli däl. Ýöne Tuýduk, seret, molla arak içmesini goýsa maňa aýt. Horoşo?

- Horoş, neçelnik. Horoş.

Gelenler çagba getirip, soňam zym-zyýat bolan gara bulut ýaly çykyp gitdiler. Diňe Dilli Tüýdük eglendi.

- Bäh. Sen bet adam-aýt. Seň bilen oýun etmeli däl. Nireden kelläňe geldi? Nirden bildiň arak içseň Gypowyň saňa degmejegini? Telpek goýdum, molla saňa…

Olam başyny ýaýkap hem kikir-kikir gülüp, çykyp gidensoň, öýde bir burçda çagalaryny gujaklap, saňňyldap duran aýalyndan başga adam galmady. Garaja molla oňa-da barmysyňam diýmän, ikinji çüýşäni açyp käsäni püre-pür etdi. Oňam ýaryny içip, ýaryny saçaga dökän-saçan eden Garaja molla çiň arkan ýykylyp, şobada-da uka gitdi.

Şondan soň tä ölýançä Garaja mollaň sag wagtyny gören bolmady. Kim oňa “Içýänine utanjyna içýä” diýdi, kim…

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/garaja-molla-61efd16cf8ef
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 148 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Lacrymosa • 14:46, 24.02.2024
bäh, kino ediläýse dagy gaty bet kino bolardy

biz çagakak ,,biwagt kakylan gapy'' dp kino bolýady. başyndan-aýaga gijäň içinde hasyrdaşyp geçäýýädiler. gaty täsirli kinody
sag bolsun Hydyr aga
avatar
0
2 Мango • 14:58, 24.02.2024
Dilli Tüýdügiň lakamy jüpüne düşüpdiraý...
Dilli tüýdük o çekistleň yzyna düşüp gelmegi dogrumy-ka? ýa olar (dilli tüýdük ýalylar) kime işleýänini gizläbem duranokmykalar?
nejis ýyllar ekenaý?
aýylganç synag...
avatar
0
3 Мango • 15:24, 24.02.2024
"Batansad", azeri-ermeni çaýhanalary... şular ýaly taryhy detallaryň agzalmagy hekaýany baýlaşdyrýar.
halaýan şolar ýaly tanap bolýan detaljyklary...
avatar
0
4 Medicall • 01:33, 26.02.2024
Wahheyy.. "niýetine görä ykbal bolmady..." diýýami.
Hydyr aga sagbolsunlar, ömri uzak bolsun! Bize okadanyñyz üçinem sagboluñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203