Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:26
Däliň Akyl bilen duşuşygy

DÄLIŇ AKYL BILEN DUŞUŞYGY

Arada bazarda geň birini gördüm. Öz-ä bir horja, egninde-de köneje eşigi. Ol her geçeniňem alkymyna dykylyp barýar, mümkin hyzmatyny hödürleýändir-dä. Her kim oňa: “Özümkini nätjegimi bilemok” diýýär-de deňinden geçiberýär. Käbiri-hä: “Bar, göläňe dogra” diýibem azgyrylýar. Her kimiň derdi özüne ýetik, her kim ondan elli bizar. Ahyry ol ýoluň gyrasyna geçip, lapy keç oturdy. Oňa nebsim agyrdy. Näçe gündir, içinden ýyly geçene meňzänok, bolmanda göwünlik bererin. Göwnüm ýetse garnynam doýursam doýuraýaryn diýip pikir etdim. Baryp başyny sypalap, “Näme beýle gamgyn görünýäň? Näme derdiň bar?” diýdim. Ol elini salgady-da: “Sen geçiber. Saglar menden bizar, Däli meni başyna ýapsynmy?” diýdi.
-Beý diýme, how. Dälide-de göwün bar. Men-ä saňa dözmän geldim. Saňa kim diýerler?
Ol başyny galdyrdy. Bäh, onuň gözleriniň çuň hem mähirlidigini.
-Men Akyl. Iň köp hem iň gyt, iň halanmaýan, hem iň gözlenýän zat men.
-Şondanmy akylyň köp-de, akyllynyň azlygy?
Bu sowalyma Akyl görgüli bozuldy.
-Ýalňyz galdym. Her kim meni süňk duşmanydyr öýdýär. Näçe akmak bolsaň, nadan bolsaň şonça-da bu dünýede ýaşamak aňsat diýen düşünjä uýýarlar.
-Dagy näme ýalanmy? Akmaklykdan geçip däli bolsaň dagy hasam hezil.
-Seň bu gürrüňiň kör bolsaň hezil, seni idekleýärler, barjak ýeriňe äkidip getirýärler, iýjegiňi bişirip öňüňde goýýalar, hat-da köçedenem geçirip göýberýärler diýen ýaly bolýar. Emma, gel, beýle hezil bolsa gözüňi oýaýyn diýseň bir kişem etmez.
-Gözlüligiň nämedigini köre düşündirersiň, ýöne akylyň nämedigini akmaga nädip düşündirjek?
Nädersiň Akyl bu sowalyma jogap tapyp bilmän başyny aşak sallap duruberse. Däliň akyldan döwi güýçli diýildigi şu bolýandyr-da. Ýöne dogrymy aýtsam bu “ýeňşimden” hoşal-a bolmadym. Akyla nebsim agyrdy.
Şol wagtam aňyrdan goşarlary tüýlek bir daýaw pyýada geldi-de ýaňky biçäräniň berdi eňeginiň aşagyna. Görgüli ýere ýazylyp gitdi. Dälem bolsam meňem tas ýüregim ýarylypdy. Ejiz bijäre ýene dikeldi. Dikeleni bilen ýaňky doňýürek paýyş sögüp, ony ýene-de urdy. Akylyň agzy-burny gara-gan boldy. Sary giden köneje köýnegi ganyna boýaldy. Ol şonda-da ýene dikeldi.
-Men saňa näçe diýdim, şutaýlarda görünme diýip. Näme meň müşderilerimi elimden aljak bolýaň. Gepe düşmez haýwan.
Men durup bilmedim. Akyly bu ýyrtyjynyň elinden aldym.
-Ýör, how, gideli bu ýerden. O seni öldürýär ýogsa.
-Dagy näme?! Öldürerin, ýene bir gezek elime düşäýse öldürerin.
Akyl sesini çykarman meniň yzyma düşdi.
-Kim-aýt, o ganhor?
-Nadanlyk.
-Aý, goýa. Bolasy, ýüzi tanyş göründi-le.
Men gaňrylyp-gaňrylyp nadanlygyň ýüzüne seretdim. Göräýmäge ony beýleki adamlardan tapawutlandyrar ýalam däl. Onda birhili nadan sypat ýokdy. Onuň gyzyl dişleri, mahabatly ýöreýşi, ýakymsyz gülküsi bardy. Hem özünden juda hoşaldygyny aýdyp duran gözleri sowukdy. Näme-de bolsa ondan daşyrak duran ýagşy.

Soň men horlugyndan süňk bolup galan biçäre Akylyň ganyny ýuwup, nahar-şor berdim. Ol gaýta-gaýta: “Maňa sag dal, däli hossar çykar diýip asla pikirem etmeýärdim. Özüm Akyl bolsamam şoňa aklym ýetmändir” diýip, göwresine geliuşmeýän gazan kellesini ýaýkaýardy.
-Ýaňky waka düşünmedim-le, sen nadanlykdan ýeňiläýdiňmi?
-Häzirlikçe ýeňildim. Ýöne Sowat diýen diýen dostum bar, şol gelsin. Oň ýanynda nadanlygyň demi çykmaz.
-O dostuň häzir nirede?
-Düýn turistik syýahata gitdi.
-Şoň gidenini bilip, ýaňky Göroglylyk satýarmy, onda?!
Akyl başyny atdy-da soňam: “Senem Däli bolsaň däliligiň bilen geziber. Däliden sorag ýok. Däli halyňa akyllysyrap ýörme, ýogsa…” diýdi-de dymdy. Ol sözüni gutarmansoň, näme diýjek bolanyna düşünmedim. Bir akylly zad-a aýtjak boldy, ýa-da aýtdy welin, däli kelläm düşünmedi.
Soňam Akyl meniň bilen hoşlaşdy-da öz ýoluna gidiberdi. Dagy, daliň ýanynda akyl uzak durarmy diýsene. Käwagt ony şeýle bir göresim gelýär. Köçe-köçe enteýän, ýöne oňa hiç duşup bilemok. Sowat dosty syýahatda köp eglendimi, ýa-da onuň özem gezelenje ötägitdimi, bilmedim. Birden duşsaňyz maňa habar bereweriň. Onuň bilen ýamaşgan oturasym, ondan köp zatlar sorasym gelýär.

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.aman....cc79df9
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 86 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 13:59, 30.07.2023
Turistik gezelençmi, okuwamy…. bir ýerlerik giden Sowadam dönüklik etdi öýdýän. Yzyna dolanasy gelenok…. :-)
Gowja hekaýa, Hydyr aga.
Minnetdar.
avatar
0
2 Merw • 15:42, 30.07.2023
Örän gowy hekaýa köp sag boluň!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203