Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:56
Torgaýguşlar
TORGAÝGUŞLAR

Öýümden Aşgabat ýoluna çenli iki kilometr ýaly aralygy köplenç pyýada geçýän. Ýaňy Gün dogup gelýärkä ekin meýdanyň gyrasy bilen ýöremegiň üýtgeşik bir täsiri bar. Häzir bu täsiri bu peltek dilim bilen näçe pelteklesem hem sähelçe-de düşündirip bilmejegimi bilýän. Emma göwnüme muny ýazyp bilsem, dünýede armanym galmajak ýaly. Eger uly gürlän ýaly görünmejegini bilsem, “Bu haly, täsiri düşündiripmek meniň baş maksadym” diýerdim. Şeýleräk oýlar bilen barýarkam, çöpüň aşagyndan mollatorgaý asmana göterildi. Ol ýokaryk galyp barşyna üýtgeşik saýraýardy.
Ýetginjekkäm şol döwrüň “Pionerler köşgüne” dutar öwrenmäge gatnardym. Mugallymymyza Bäşim Lallak diýerdiler. Gowy adamdy. Onuň bize saz öwretjek bolup dik duran ýerinden eli dutarly “Damp-bara-damp” diýip, poly depip durşy, düýn bolan ýaly, göz öňümde. Bir gün arakesmede ýoldaşlarymyzyň biri: “Mugallym, “Kepderini” öwretsene” diýdi. Dym-dyrslyk boldy. Biz hemmämiz Bäşim agaň jogabyna garaşýardyk. Halypa bir sägindi-de gaharly: “Ilki “Torgaýguşlary” bir öwren” diýdi. Biz gülüşdik. Gülkümize Bäşim aganyňam gahary ýazyldy. Olam ýylgyrdy. Soň “Bagtly geljegime barýany” çalmaga başladyk.
Indi görüp otursam, “Kepderini” men diýen sazandalara-da “Çalyp ber” diýseň, ýaýdanýan eken. O wagtlar welin, “Kepderini” çalasymyz gelýärdi.
Mollatorgaý bolsa gitdigiçe ýokaryk dyzaýardy. Bu täsin guşuň Allanyň adyny sanap ýokaryk göterilýärmiş-de, ýekejesine galanda ýadyna salyp bilmän aşak gaýdýandygy baradaky täsin rowaýat ýadyma düşdi. Allanyň adynyň ýeke birini tutuş durkuň bilen duýup aýdyp bilseň ruhuň göterilýänine-hä söz ýok. Häzir biziň öwrenşip giden, hatda kähalat baryny-ýogunam unudýan zatlarymyz: Allanyň yşygy — Günüň çyzylyp dogup gelşine-de, guş-gumrularyň senasyna-da, tämiz howa, janyň saglygyna-da göwnüň açylyp joşasyň, sesiň bolsa-bolmasa aýdyma gygyryberesiň gelýär. Ýogsa bu Allanyň adynyň, sypatynyň sähelçe, hol owadan kebelegiň adam elinden gelmejek nagyşly ganatynyň galyňlygyça-da ýok bölejigi ahyryn.
Saklanyp bilmedim, çola ýanýodadan köneje köwüşli barşyma:
-Asmandaky torgaýguşlar,
Ýary gör-düň-mi, gör-düň-mi?-
diýip çalaja hiňlendim. Sopularyň Allany ýara, ýagny bir gyza deňemeklerini geň görerdim. “Alla ýara görä beýigräkdir-ä” diýerdim. Emma häzir welin diňe Onuň ynsanyň ýarydygyny, başga hiç bir zadyň ýary bolup bilmejegini duýdum. Torgaý guş bolsa nokada öwrülip, ýetişibildiginden “jür-jür” edip saýraýardy. Onuň senasyny “jür-jür” diýip kiçeldenime utanýan. Inşalla, saýrap bilmesemem saýraýanyň nähili saýraýandygyny beýan etmegi öwrenmäge çalşaryn. Alla meni bu sözümde ýalançy etmesin.
Ýene-de ruhum göterlip asmandaky torgaýguşa ýüzlendim. Bu gezek ondan ýarymy däl, hakyky ýary soraýardym. Bokurdagym doldy, aýdym setirlerini tamamlap bilmedim…
Aşgabat ýolyna ýetdim. Torgaýam aşaklady. Awtobusa mündüm. Inim tikenekläp gitdi. Garşymda iki sany lal biri-biri bilen barmaklarynyň yşaraty bilen gürleşýardiler. Dyknyşyk awtobusda olaryň alkymyna dykylyp durmaly boldum. Ýüzümem, gözümem olardan sowup bilmeýärdim. Edil jadylanan ýaly olara seredýärdim. Olapyň çalt-çalt hereket edýän barmaklary torgaýguşuň pysyrdaýan ganatlaryna şeýle bir meňzeýärdi. Ynsan Allanyň atlaryny sanaýar. Sanaýar… sanaýar… Edil ýanymda ýaly dostumyň “Mugallym “Kepderini” öwretsene diýýän sesi gulagyma gelýär. Bäşim Lallak pahyram “Sen entek torgaýguşlary bir öwren” diýýär.
“Kepderi” sazynyň edil guşuň ganatlarynyň sesini gaýtalan bir ýeri bar. Magtymguly Pyragynyň hezreti Alyny synamak üçin gelýän kepderidir laçynly poýemasyny bilmeýänimiz ýokdur. Birdenem saz bölünen ýaly bolýandyr-da dutar ganatlarynyň sesini owazlandyrýandyr. Soňam bagşy kükrekden çykýan sesi bilen:
“Uçup perwaz kyldylar
Gitdiler asman sary”
diýýär. Guş sypatyndaky perişdeleriň asmana galyp baryşlary bigtyýar göz öňümden geçýär. Hatda olaryň ganatlarynyň sesem eşidilýär…

Çeşmesi: https://medium.com/@h.amangeldi/torgaýguşlar-d905973b607d. 07.01.2023ý.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 54 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 23:04, 09.01.2023
Pikirlendiriji, her sözlemi kalbyñy şükranalyk duýgusyndan doldurýan oýlanma eken, Okan wagtym Ussat şahyryñ:
"Müñ adyny ýüregime nagyş eden Allam meniñ" setirlerini ýatladym. Ýazan, ýetiren sagbolsunlar! Alla ýalkasyn!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203