Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:18
Ýer ýarylmady…


ÝER ÝARYLMADY…

Haýa nämä gerekkä, bihaýalaram gül ýaly ýaşaşyp ýör-ä?

Bihaýalyk bilen haýa hakynda gürrüňe başladym. Başladymam haýa hakynda gürrüň etmegiň özüniň bihaýalykdygyny duýdum. Özüm kim, haýa hakynda gürrüň açarça?! Akyldaryň “Köwşüni palçyga bulan adam batgadan gorkmaz” diýen sözüni galkan edinip, degene gözüm menden däl edibersemem bordy. Suwuň gadyryny çölde galan teşne biler, belki, haýa hakynda bihaýanyň sözlerini okamak has gyzyklydyr.

Hakykatdanam, haýa ynsana näme üçin berildikä? Ýeke özüň öýüňde maýkaça gezip ýörensiň welin, birden bir ýerden myhman geler — derrew köýnek geýmelisiň. Ýa-da gelin keltejik, bolgusyzja ýaglyk bilen başyny çala bogup oturandyr welin, ardynjyrap gaýynatasy geler. Hasyrdap gyňajyny gözlemelidir, gyssag arada ony tapjak bolsaňam dertdir. Haýa diýilýän şu boljak bolsa, hakykatdanam ol nämä gerek? Nämä gerek, öz-özüňi aldap ýörmek?! Myhmançylyga maýkaly gitmesem boldy-da, gelen myhmany öz öýümde nähili garşylamda näme? Gelniň haly-ha hasam geň. Ýeri gaýynataň, mysal üçin, gaýyn eneden tapawudy näme? Biri ata, beýlekisi ene. Eje-kaka ýaly-da. Şonda-da biri bilen-ä arkaýyn gürleşip, derdinişip oturmaly, beýlekisindenem bogunyp, ýaşynyp dert-azara galmaly. Beýle haýa kime gerek?!

Haýa etmek, utanmak duýgusy, ýalňyşmaýan bolsam, soň öwrenilýän zat däl. Gaýta, adam utanjyny ýitirse, soň aňsat-aňsat utanmany bilmeýän, başarmaýan ýaly.

Adam ata, How ene jennetden çykarylmazynyň öň ýany utanypdyrlar diýen rowaýat bar. Aýby bolmadyk, belki, utanjyň nämediginem bilmez. Ynsany haýwandan tapawutlandyrýan zatlaryň biri hem utanç duýgusy diýýäler. Ýöne adamy haýwandanam beter şeýtandan tapawutlandyrýan zat haýa bolsa gerek. Sebäbi bihaýa adamlary göreniňde haýwan janawar göz öňüňe gelenokda, melgun ýadyňa düşýär. Mümkin, ýalňyşýandyryn, ýöne köplenç üsti örtülýän, töwerekden gizlenilýän zatlaryň aňyrsynda aýp ýygşyrylýar. Ynsan näçe dünýesini il-gününden, töwereginden örtmäge çalyşýan bolsa, şonça-da şeýtanlaşmaly bolýar. Şonuň üçin bolsa gerek, kä bir gowy adamlar hakynda gürrüň edilse “Göwni açyk, aňyrsynda zat ýok” diýilýär. Içiň bet pygylly, töweregiňe-de gowy görünjek bolmak, belki, bihaýalygyň çürbaşydyr.

Häzir tanalýan biriniň oglanjykka köçäň ugrunda ýaşulular otyr diýip, olardan utanjyna mekdebe aýlawly çola köçe bilen gidişini eşdip haýran galdym. Ýene bir synçy adam: “Hakyky medeniýetli kişi köçede ýatan itdenem utanar” diýipdir.

Gijeleriniň ýarysyny Alla ybadat edip geçirýän Ymam Agzam köçeden geçip barýaka, biri ony ýanyndaka görkezip: “Hol adam tutuş gijesini ybadat edip geçirýär” diýipdir. Bu sözi eşiden Ymam Agzam özi hakynda gowy pikirde bolan adamy ýalançy etmejek bolup, şol günden soň hakykatdanam gijelerini tutuşlygyna ybadatda geçiripdir. Ine, Ymam Agzamyň sözleri:

“Bolmadyk häsiýetlerim bilen adamlaryň öwmesi sebäpli Alladan haýa edýärin.”

Men bolsa maýkaň, gözlenilýän gyňajyň gürrüňini edýän. SSSR-iň baknasy bolan milletleriň arasynda haýasyny iň gowy saklan, gelin-gyzlary eşigini üýtgetmedik millet diýip bizi görkezýärler. Munuň hakykatdanam şeýledigi barada oýlanyp oturanyňda, Ýer togalagynyň Ymam Agzamdan bäri nähili bihaýalaşandygyna düşünýäň. Bir gezek bir ýaşuly gepiniň arasynda: “Alla adamy öz perzendiniň öňünde utanmaly etmesin” diýip, dileg etdi. Men ol saçynyň garasyndan agy köpelen ýaşulynyň ýaşynyň soňunda çagasynyň öňünde utanar ýaly näme etmiş edenini bilemok, soramagam aýp gördüm. Häzir şol ýaşulynyň sykylyp, bir gysym bolup oturşy göz öňüme gelýär welin, Ýer togalagy diýilýän kiçelip, eliň aýasyna sygaýjak bolýar. Haýa ynsany kiçeldýän bolsa, Ýer ynsandan has haýalymyka diýýän. Onsoň ol neneň kiçelip eliň aýasyna sygaýjak bolmasyn?! “Er ýarylmady, men girmedim” diýilýär. Ýer görgüli näme diýýärkä?

© Hydyr AMANGELDI

Surat: Jamaleddin TOOMAJNIA-nyň eserinden fragment (Türkmensähra. Eýran).
Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/%C3%BDer-%C3%BDarylmady-4fc5c9775a57
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 94 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Seýrаn • 09:50, 09.08.2023
Tema gytçylygyndan kösenýänler üçin bu pikir ýöretme hem bir mysal. Zerur meseläni gozgapdyr ine.
avatar
0
2 Мango • 10:08, 09.08.2023
...Ymam Agzam özi hakynda gowy pikirde bolan adamy ýalançy etmejek bolup, şol günden soň hakykatdanam gijelerini tutuşlygyna ybadatda geçiripdir...

manysy düşnükli, ýöne biraz ulaldylan rowaýat ýaly.
ulatmanam halaýas-da biz.
(gije ýatmasa, gündiz ýataýýamyka ýa. dynç almaly-ha bolar...)

ýöne, Ymam Agzamyň bu sözleri hakykatdanam diýendir:
Bolmadyk häsiýetlerim bilen adamlaryň öwmesi sebäpli Alladan haýa edýärin”.

***
birhili bihaýalygymy azaldyp, haýaly bolasym gelip gitdi...
haýa... - gowy häsiýetle welin...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203