Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:56
Şeýh Ybraýym bilen Hoja Ahmet Ýasawy

ŞEÝH YBRAÝYM BILEN HOJA AHMET ÝASAWY

(hyýaly hekaýa)

Olar howlukman, topragy ynjytmaýan ädimler bilen tokaýyň darajyk ýodasyny yzarlap barýarlar. Asmanda ýyldyzlar Ýere gaçaýsak, ol bagty getiren ýodajyga düşek bolup düşeläýsek diýýär. Aýam nämedendir, gizlin bir syryndan uýalýan ýaly, ýüzüniň ýarsyny ýapyp bu iki ýolagça seredýär. Öňde Türküstanyň uly şeýhi Ybraýym, yzynda “Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet” diýdirjek, ýaňy ýedi ýaşyny dolduran ogly Ahmet. Olar soňky günler beýle “gezelençlere” has ýygjam çykardylar. Şeýh Ybraýym Kur’any Kerimi okar, Ahmedem süreleri, aýatlary içine siňdirip, soňam daşyna syzdyryp çykarýan ýaly olara düşünşini aýdyp berer. Ahmediň ýaşajyk, näzik sesi ýerden çykan çeşmäň şildirdine meňzär, Şeýh Ybraýymam begenjini oglundan gizläp, o “çeşmäň suwuna” ýüzüni ýuwar.

Ataly ogul tokaýyň agaçlarynyň seýreklän ýerine, bir giňişlige çykdylar. Aýyň ýagtysyna ýaz gününiň dürli reňkli gülleri ýere çekilen nagyşlar mysalydy. Şeýh Ybraýym çakmak daşyny çykaryp ot ýakdy. Ahmedem töwerekden çöpleme getirdi. Ýaz gijesiniň çigreginde kiçiräk oduň ýylysy mährem enäň aýasy kimin ýyly. Ybraýym Şeýh oduň başynda ynjalykly oturdy. Kakasyna gysmyljyrabrak hem öz bolşundan ejap edýän Ahmediň çugdam oturşy, uçjak guşy ýatladýar.

Şeýh pessaýy ses bilen Kur’andan aýatlary okaýar. Aýatlarda ot hakynda, dowzahyň ody hakynda aýdylýardy. Arabyň dilini öz ene dili ýaly bilýän Ahmet gözlerini otdan aýyryp bilmeýärdi. Onuň monjuk ýaly gara gözleri oduň ýagtysyna täsin ýyldyraýar. Süre okaldygyça onuň oglan göwnüniň daşyny owazlar, sesler, yşaratlar, alamatlar gurşaýar. Ol Kur’any Kerimiň ilkinji aýatlary eşdilip ugrandan häýsy dünýä düşenini aňşyryp bilmese-de bu dünýeden üzülipdi. Ahyry süre tamamlandy. Kakasy Kur’any üç gezek öpüp maňlaýyna degirdi-de ýapdy.

Ataly ogul uzak wagt oda seredip seslerini çykarman oturdylar. Hamala, olar indi ýeke agyzam gürlemän, hersi özbaşyna içini hümledip oduň başyndan turarlar diýdirdi. Birdenem Ahmet oturşunam üýtgetmän çala ses bilen gürlemäge başlady.

- Ot Allaň ynsana beren nygmaty. Ot bolmasa ýylylyk bolmaz…

Şeýh Ybraýym çala bildirip, ogluna baş atdy. Ahmediň kakasy bilen işi ýok, aýdanlaryny dowam etdi:

- Ot yşyk, ýagtylyk.

Oglan birden durdy-da, garaňky asmana, ýyldyzlara Aýa seretdi, emma onuň möleje, dury gözleri Aýy däl, Güni görýärdi.

- Günem ot. Içindäki ody sönse, Günem söner. Gün sönse… dirilik söner. Başlangyç nokadam ahyrky nokadam onda — otda…

Ahmet oduň ýalynyna elini tutdy. Näzik el o ýagtyny içinden geçirdi, gyrmyzy gany gyzaryp göründi. Oglan oduň gyzgynyna elini çekdi.

- Ot ýakýa, ýok edýä. Ýöne, biraz uzagrakda, hem ýagtylyk hem ýyly. Eger, suw bilen toprak bolsa, oduň ýagytysyna hem ýylysyna dirilik dem alyp, ösüp bilýä. Bu başlangyç. Ýakynlaşsa-da diriligi ýakyp ýandyrýa bu-da soňky nokat. Ot özünde hem başlangyjy, hem soňy saklaýa. Allaň emri ýeterlik, ot başladybam bilýä, tamamlabam.

Şeýh Ybraýym oglunyň sözlerini söz däl — diri, herket edip duran bir keşp şekilinde görýärdi. Birdenem Şeýh tisgindi. Öz gyzgynyna özi lasyrdap gaýnýan gyzyl ot läbigi oňa göründi.

- Dowzahyň ody…

Ahmet kakasyna jogap berýän ýaly, diňkesini oda dikip oturşyna gürledi:

- Olam ot. Otda arassalyk, tämizlik. Tebip pyçagyny oda tutup tämizleýä.

Şol wagt oduň içindäki bir şaha şatyrdap ýanmaga başlady. Ondan ýekeje uçgun gapdala syçrap gitdi-de söndi. Başga bir gök çybyk bolsa hem tüsseleýärdi hem ujy nemlenip, çala köpürjikleýärdi. Ahmediň gözleri bolsa ýanýan çybygy däl, gül açan baldagy görýärdi. Baldagyň içindäki gül açdyrýan ody synlaýardy.

- Gül açdyrýanam ot, güli guradýanam ot.

Şeýh Ybraýym oglunyň halyndan howatyrlanyp başlady. Ony yzyna dolap getiresi geldi. Ol ogluny gorkuzmajak bolýan kimin, çalaja seslendi:

- Adamda-da ot barmy?

Ahmet kakasynyň sowalyna açyljak, özüne geljek ýaly etdi, emma güýji ýetmedi. Ol görnüşleriň tolkunlarynyň üstünde ganat geren guşa meňzeýär.

- Ölen adamda ýyly ýok. Adamyň ýüreginiň ody bolmasa, hyjuwy, güýji, yşgy bolmaýar.

Şeýh Ybraýym ýanyp duran otdan bir çybygy alýarda ony guma sokup çykardy. Çybygyň ody sönüp tüssesi inçeçik ak çyzyk bolup towlanjyrap asmana galýardy. Ahmet oňa seretdi. O tüssejigi eliniň aýasyna alasy geldi, onuň biçäre başyny sypalasam diýdi. Emma ol kakasyna jogap bermeli, many çykarmaly. Bu dersleriň maksady şol.

- Kaka, sönen ot — ahmyr, ýanyp bilmedik yşk, hyjuw, arman… Bahyllyk, ýigrenç, garaňky jümmüşde, eýesine-de görünmeýän ýigrenç, ýakyp ýandyrmak, oda öwrülmek islegi… Adamy ýakyp gowurýan ajy gözýaş, sessiz agy — ot. Ynsanyň diriligini demi bilen ýyladýanam ot.

Şeýh gobsundy. Bu dersiň bahym tamamlanjagyna yşarat.

- Onda dünýede ikiň biri otmy?

- Biriň ikisi — ot.

Ybraýym ogly bilen razylaşmaýan terizde jogaba meňzeş sowal berdi.

- Belki, biriň altysy otdur?

Ahmet altyny sanady.

- Şatlygy-agysy, şüküri-näşükürligi, barlygy-ýoklugy.

Şol wagt bir ýerden perwana gelip özüni oda urdy. Ýandy. Ilki ganatlary soň göwresi.

- Perwanany uçuranam ganaty, gonduranam. Emma ony oda atan ganaty däl — yşgy.

Ahmet bir taýak bilen külüň içinden bir bölek közi çykardy. Külden arassalanan köz dürli reňkde öwüşgün atýardy.

- Oglum bu näme etdigiň?

Ahmet küli görkezip:

- Bu etler-süňkler — diýdi. Soň közi görkezdi:

- Külden saplanan köz — Allanyň jemalyny gören, “kalu bela”da biat eden ruh.

Şeýh Ybraýym turup, gelen ýodasy bilen yzyna ýöräp ugrady. Ahmedem seresap ädimleri bilen kakasynyň yzyna düşdi. Ol çalaja:

- Femeý ýagmel myskale zerretin haýrel ýara,

we mey ýagmel myskale zerretin şerreý ýara.

Bu-da ot — diýdi.

Şeýh Ybraýym oglunyň soňky aýdanlaryny eşitdimi-eşitmedimi bildirmedi. Ol sesini çykarman ýoluny dowam etdi.

Ertesi gün Saýram şäherine çozan talaňçylar Şeýh Ybraýymy şehit etdiler. Ejeden kakadan aýrylan Hoja Ahmet Arslan babanyň atynyň syrtynda Ýesi şäherine göçmeli boldy. Ýyl geçer ol Hoja Ahmet Ýasawy bolup ýetişer. Onuň kakasyny şehit edenleriň nesli musulman bolup, Şeýhiň guburyna zyýarata gelerler…

© Hydyr AMANGELDI

çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 80 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Kerim • 19:04, 19.07.2024
Beh...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203