19:09 Gaýtalamak | |
GAÝTALAMAK Ol hasratlar seni syndyrmaz diýdiň, Ýagan ýagyş meni dyndyrmaz diýdiň, Baryp antik döwürleriň söýgüsin Hem täzeçe söýgiň bilinden guçup, Dünýä uly zady dogurmaz diýdiň. Sen göwnüme söýgi bolup ýaşadyň, Döredilen zatlaň epigonýasy, Seni beýgeltmeklik özümi ýykyp, Bolardy wagtlaýyn bagtyň oňmasy, Ýalňyzlygy gara gözüme basyp, Garaňkyda gara gözlem oňmady. Garaşmadyk ýaly garaşdym ýördüm, Ýagtylyga çykmak arzuwyn edip, Içinde Gün bolan düýşleri gördüm, Ynam-men dönükden bilmänsoň gidip, Dünýä uly zady dogurmaz diýen Şol dünýäň içinde gidäýdi ýitip. A hasratlar meni syndyrmadylar... Ýagyşlaram senden dyndyrmadylar... © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |