10:45 Durmuş saña çeper film däl | |
Ýalñyz goýsa, ýaryñ ýedi ýat bolup, Sowaýarmy içiñ, serpeñde şerap? Hasratyñ paýlaşýañ ýanyma gelip, Hamala, Kaýysdan hallaryñ harap. Ömrüne şatlygy, söýgüni, bagty, Gelende şol gözel getiren ýaly. Çolarypdyr daşy aýralyk wagty, Barja umydynam ýitiren ýaly. Aýralyk, Men ony tanaýan öñem, Eziz Wälidämden edipdi jyda. Jigilem soraýar:" Atamdyr, enem nirde?.. Biz olary küýseýäs juda!" Üç sany doganmyñ başynda hossar, Aladasyn edýän çyrpynyp herýan. Şowlulygam özün asmandan asýar, Şir bolup, başymy dik tutup barýan. Pelek ýykylaýsañ ýeñsäñden deper, Söýere wagtam ýok, güzeran işden. Kakasynyñ pulna şa bolsa köpler, Jigimiñ ýylgyrşyn görýärin düýşde. Yşk derdi öldürmez, heder edere, Başyñ daşdan gaty, gelersiñ üstün. Göreşsiz-sahnany taşlap gidere, Durmuş saña çeper film däl, dostum! © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |