TÜRKMEN EDEBIÝATY


13:11
Ýalñyzlyk
Şatlyk bizi näme etsin,
Gaýgy-gussa gapym kakdy.
Biwagt gelen köne dostum,
Gelip kalba kükürt çakdy.

Ýyldyrymyñ tizliginde,
Beýnim gözläp tapdy keşbiñ.
Işlerimiñ saz gününde,
Nirelerden ýada düşdiñ.

Öz göwnünini aldan ýürek,
Gül jemalyñ unutmandyr.
Gursagymy gaplan ýigrenç,
Päk söýgüni ýuwutmandyr.

Nirede sen, halyñ niçik,
Aşygyñ alçy gopdumy.
Şagal göwnüñ gawun seçip,
Aşygyn gözläp tapdymy...

Hasratymy hüwdiläre,
Hemra boldy zakgun çüýşe.
Serhoşlykda agşam ara,
Sen giripsiñ ýene düýşe.

© Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 55 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 sussupessimist • 13:46, 03.05.2024
Gül jemalyñ...
päk söýgüni... (öňki aýdanlam)
avatar
0
2 Aýgül_Garaýewa • 18:43, 03.05.2024
Şagal bilen gawun toçno ýerli-ýerinde?
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE