15:58 Dostum | |
Badyhowa ýaşlyk sowuldy eýýäm, Besdir, ýel ugruna herýana ykdyk. Azapsyz, "Alma biş agza düş" diýmän, Soñsuz, arzuwlaryñ gözlegne çykdyk. Ganatlarmyz bilen uçmagmyz gerek, Garaşýar, tilkiler agzyny açyp. Hiç zada giç däldir, urýarka ýürek, Ömür öýlänçi deý, gitmesin geçip. Sözler bossanyndan, bogup bir nama, Setirlerden sungat döredip bilsek! Ýaşanyňa degýär armanyň näme, Ýürekleñ töründe ýer edip bilsek! Yzyña kän bakýañ, aýtsana niçün? Gursakda geçmişiñ ahmyry barmy? Käte, ýalñyşmaly öwrenmek üçin, Gerekli daşyñam agramy bormy. Ýazylan ýazgydy öñden bilen ýok, Bijäñ çekde göräý, şatlykmy-gussa?! Tazy deý, towusyp aljak galañ ýok, Biz bagta gowşarys, dähedem-dessem. Dostum! © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |