10:30 William Wint Holman | |
Öňem, bir suratkeş ýaşap geçipdir, Täsin pelsepäniň üstün açypdyr. Suratyn tamamlap sergä goýupdyr, Hemme oňa baha bersin diýipdir. Suratda, ylymhon ajap bir dana, Garaňky gijede çykyp meýdana. Bagyň içi, panus bolsa elinde, Arzuw hyýallaryn besläp köñlünde. Täsin bir gapyny durdy ol kakyp, Bahada berdiler surata bakyp. Suratyňa söz ýok William Wint Holman, Ýöne ýeke zada düşünip bilmen. Danaň, bu gapyny duramla kakyp, Munda tokmak ýokla açara çekip. Gapynyňa, açyljagy bigüman, Şujagaz ýerini örtüpdir duman. Undupsyňyz öýtýän, çekeňde ilki, Sebäbini bize aýdarsyň belki. Hamala, sowala garaşýan ýaly, Beýan etdi şonda bu geň ahwaly. Aýtsama sowala jogabym saňa, Ýönekeý gapyny kakanok dana! Kakypdur ol, gapysyny ýüregiň, Tokmagyň bu gapa ýokdur geregem. Kalp gapysy diňe işden açylýar, Açanlara söýgi bagt eçilýär. © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |