Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:45
Gelen geçer!
GELEN GEÇER!

Gelen geçer!
Dünýä nähili ýöntem!
Gelen geçer ömrün goýup hummara.
Bu gün orny törden,
ertesi görden
Birigün lukma bor ýowuz hundara.
Emma pana gelenler baky gelen ýalydyr,
Ölüm ýalan ýalydyr!
Her kes dünýäň eýesi!
Her kim ýygyp düýrendir tapan-tupan malyny,
Gaznasyna basandyr binýat tutup ebedi.

Munda her kim ýaşajak!
Her kes munda ýaşajak!
Gedaýa bak,
baýa bak,
gallaja bak,
aja bak,
Toýy synlap, ýasa bak,
ýakyna bak,
ýada bak,
Üsgürse öljek ülhide
Hem kemakyl ýaşa bak,
Her kes munda ýaşajak!
Urulsa-da,
sögülse-de,
söýülse-de,
gyrylsa-da,
Atylsa-da,
Çapylsa-da akyllysy-akmagy,
Ýaşatmajak bolundykça her kes beter ýaşajak,
Ýaşamak — matlapsyzlaň iň arzyly maksady!
Ýarajak ýa ýaranjak,
ýadyň ýamzyn ýalajak,
Munda her kim ýaşajak!
Gul bolmaga taýyndyr,
Kül bolmaga taýyndyr,
Köwläber bäbenegin.
Sebäbi bilýän ýokdur nämedigin ýaşaýşyň,
Sebäbi bilýän ýokdur ölümiň nämedigin!
Bölümler: Goşgular | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Мango • 14:12, 21.12.2022
haladymaý.

"Sebäbi bilýän ýokdur nämedigin ýaşaýşyň,
Sebäbi bilýän ýokdur ölümiň nämedigin!"

ajap jemleme. rast gep.
ýokarda "ýaşaýyş" diýip sananlarynyň hiçisine-de ýaşaýyş diýmeýär. dogry....
ölümiň nämedigin bilen ýaşaýyşyň nämediginem biler - diýen ýaly.
"ölümi we ýaşaýyşy ýaratdyk..." diýýä aýat.
ýaşaýyş ölümden soň gelýär....
Nobatguly agaň ruhy şat bolsun.
avatar
1
2 Мango • 14:14, 21.12.2022
çarhy pelege bulaşyp ýatan suratam gowy eken.
akademiçeskiý gurak çekilen suratlardan şeýle çekilen suratlar maňa ýaraýar.
janly ýaly edilen realistik suratlaryň täsiri az.
===
gowaý, hem gogy okaýaň, hem surat görýäň...
avatar
0
3 Мango • 09:33, 11.11.2023
täzeden okaýan welin, edil rep aýdymlarynyň sözleri ýaly bolup duraý.
türkmensähraly Emin Rasene aýdyraýsaň muny.

Munda her kim ýaşajak!
Her kes munda ýaşajak!
Gedaýa bak,
baýa bak,
gallaja bak,
aja bak,
Toýy synlap, ýasa bak,
ýakyna bak,
ýada bak,
Üsgürse öljek ülhide
Hem kemakyl ýaşa bak,
Her kes munda ýaşajak!
Urulsa-da,
sögülse-de,
söýülse-de,
gyrylsa-da,
Atylsa-da,
Çapylsa-da
akyllysy-akmagy,
Ýaşatmajak bolundykça her kes beter ýaşajak...
avatar
1
4 Atsyzatly • 13:27, 11.11.2023
"Ýaşamak — matlapsyzlaň iň arzyly maksady!" diýip Nobatguly aga birbada adamlaryň ölmäne howlukmaýanlary üçin ýazgarýan ýaly görünse-de, ýene "Sebäbi bilýän ýokdur nämedigin ýaşaýşyň" diýip, "ýaşaýyş" diýip, "ýaşajak" diýip enterpelegi öwrülen adamlaň "ýaşaýyş" diýilýän mukaddeslige düşünmeýänlerine jany ýangynly gatyrganýanada meňzeýär.
Nobatguly aganyň goşgylary çuň mana ýuwrulan, birbada düşünmek, näme diýjek bolýanyna aň ýetiräýmegem aňsat däl. Şol çuň manylygy, ýitiligi, çylşyrymlygy, podtekstligi bilenem okyjyny özüne baglap alýar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203