20:34 Gelnime | |
GELNIME «Buşluk, ýene goşgularym çykypdyr!» – diýip öýe gazet getiren günüm açyp, birden öz adyňy okasaň, begenermiň, Bägülüm? Ýa bir gün duş gelseň telewizorda, (Parhy ýokdur «Altyn asyr» ýa «Miras») «Gelnime» diýp, şu goşgymy okasam, Ýylgyrarmyň biraz? Şygyr bilen ugruň ýokdur, şonda-da Bir gün ýolda awtobusda barýarkaň, Radioda «Bägülüm» diýenmi eşitseň, Tolgunarmykaň?! Bilýärmisiň, ýagyş ýaly gijeler Şygyr diýip görülýänin nä günüň? Şahyr bolmak ne kyn. Bolmasaň, has kyn. Düşünýärmiň, Bägülüm? 2021 © Süleýman HOJANEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |