Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:52
Men kim?

MEN KIM?

Men kim?
Seniň söýgüli bendäň,
gözlerin gaflatdan açyp bilmeýän.
Günäleri üçin sygmadyk dünýä,
jellat wyždanyndan gaçyp bilmeýän.

Ýaz ýagşy deý haý-höwese ýeňlibem,
umydygär rehmetiňden, rehmiňden.
Aýasynda saklap bilmedik erkin,
müýnürgeýän munda ynsan ählinden.

Men kim?
Halkyndan utanan Hakdan uýalman,
ýüz görüp, jenneti unudan adam.
Ötegçi zatlara çeken müň arman,
öten namazyna köýmedik nadan.

Perzendi mähriban enem-atamyň,
hem aga, hem ini, garaz, ortanjy.
Bagyşlap bilmejek ýeke hatamy
bir gelniň adamsy
(budur elhenji).

Men kim?
Kä gijeler seniň adyň gaýtalap,
tün asmandan ýere inen bir damja.
Dileg etmek üçin ýeke-täk seniň
gapyňa ellerin giň açyp barjak.

Men kim?
Dünýä zererinden az degen nepi,
ne bar bolup, ne-de ýitip bilmedik.
Her nämäň yzynda bolsa-da sepil,
Seniň huzuryňdan gidip bilmedik.

© Süleýman HOJANEPESOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: LegLek | Teg: Süleýman Hojanepesow | Рейтинг: 4.4/8
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Pero • 13:15, 10.01.2024
Men kim?
Dünýä zererinden az degen nepi,..."şu ýerde "Zerere" düşünmedim. Zeper bolmalymyka ýa?!

"Men kim?
Halkyndan utanan Hakdan uýalman,
ýüz görüp, jenneti unudan adam." bu setirler sandyratdy. Ahhh,biz şeÿle,köpimiz şeýle.

Umuman,goşgy güýçli çykypdyr. Esasy zat bolsa,türkmen agañ galamyndan çykany bildiripjik dur.:)))
avatar
0
2 Medicall • 14:02, 10.01.2024
Bagyşlap bilmejek ýeke hatamy
bir gelniň adamsy
(budur elhenji).


Aý, bagyşlarlaram welin, iñ etmeli däldigini bilibem etmek adamzada mahsus ejizlik.(esasy erkeklerde, aýallar bu babatda bagyşlanmaga asla garaşmaly däl, hata göýbermäge meýl etmek hakynda-ha gürrüñem bolup bilmez... )

Her nämäň yzynda bolsa-da sepil,
Seniň huzuryňdan gidip bilmedik.


Hawa, esasy zat ONUŇ dergähinde bolmaklyk... Ýüregiñ çuñ ýerinde, Ruhuñda, bar ýerde-de ONUŇ ýanyñdadygyny duýup bilmek...

Şowly ESER!

Ütünlik!
avatar
0
3 sussupessimist • 09:46, 12.01.2024
Erbet däl. Men kim? diýen soragy köpräk beribermeli özüňe, ýöne ýüz görmezlik bilen jogabyňam almaly. Namazlygyň aňyrsynda bukulman.
Galamyň ýiti bolsun!
7/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 202