11:55 Gijäniň bir çagy | |
Bu söhbet şeýle bir süýji. Soraglary dogry, jogaplary hak. Hiç dynmasyn isledim. Şeýle-de ýarysyndan diňläp başlapdym, «Indi bir arasyny bölmäýin» diýdim. Sesimem çykarmadym. Pursatyň dady ukynyň lezzetini unutdyrdy. Gijäniň bir çagy oýanan sesim senden bolmaly: - ...Hakdan gelen ähli zat gözeldir, haýyrlydyr. Uçranymyz — ondan daşlaşmagymyzyň netijesi. - Eýsem ondan daşlaşyp bolarmy? Ol ähli ýerde dälmi näme? - Dogry, ondan gidip boljak ýer ýok. «Daşlaşmak» diýenimde, şertli, ýagny ony görmediksiräp, gapyllygymyz bilen özümizi düşürýän halymyzy aňlatmak isledim. - Hem «Ýagşylyk — ondan, ýamanlyk — başgadan» diýmek «Ýaradan ikidir, ähli zat iki taraplydyr» diýmek bolar ahyry. Ählisini ol ýaratmadymy näme? Onuň eradasy bilen dälmi ähli zat? - Elbetde, şeýle, ýöne men «Ýagşylyk — ondan, ýamanlyk — başgadan» diýemok, «Ýamanlyk diýen zat ýok» diýýän, ýagny ondan bize ýamanlyk, jebir, sütem, jeza... ýok. Biz öz batyllygymyzdan, gapyllygymyzdan şeýle oýlaýarys. Hakykatynda ähli zat haýyr, ählisi gözel, ýöne ony görmek gerek. - Ýeri bolýar, ol bize diňe ýagşyklyk isleýär... - «Ýagşylyk» — biziň düşünjämiz. Onuň «ýamanlyk» diýen ikinji tarapam bar. «Ol bize ýagşylyk isleýär» diýsek, aşa ýöntem, bärdengaýtma bolar. Ol bize söýgi — yşk besleýär. Munuň ikinji bir tarapy ýok. - Ýigrenç näme? - Ol halamagyň jübüti, bizlik duýgular. Yşk ýeke taraplydyr, tükeniksizdir, garşylyksyzdyr, bähbitsizdir. Ol — aşyk, biz — magşuk. Ol — yşka düşen, biz — yşkyna düşülen. - Onda magşugyň yşky? - Bu diýmek — «Magşuk — aşyk» diýmek. Magşuk hem aşyk boldumy, diýmek ol birlige — tükeniksizlige ulaşypdyr. Çünki hakykatynda olar birdir. Ähli zat birdir, ähli zat oldur. Ol — yşk — biz — tükeniksizlik. - Bir kişiniň günä etmesi, onuň jezasy barada näme aýdarsyň? Munda-da şer ýokmy? - Ýok. Hak ýolunda şer ýok. Günä — etmesiz iş. Ony amal etmek — hata. Günäkär — gapyl. Gapyla bolsa jeza bermek gerek däl, çünki gapyllykdan agyr jeza, temmi, çäre ýok. - A-how, bir kişiniň hakyny iýmek, göwnüne degmek, ganyna galmak — bular şer ahyry. Bularyňam jezasy bolmazmy? - Bolar, hatda olar eýýäm aljak jezasyny alypdyram. Olaryň jezasy — gapyllygy. Olar Haky unudypdyr. - Aslynda Haky tanan beýle işleri etmez. - Ýok, beýle däl. Ynsan ezelde-de Haky bilýärdi, ahyrda-da biler. Ýol birdir, gitjek ýeri ýok, ýöne her kimiň gapyllykdan oýanyş möhleti bir hili. - Gapyllyk, gapyllyk... Gapyllyk näme? - Gapyllyk — Haky unutmak, ony bilmezlik. Ýaramaz düýş ýaly bir zat. Ähli zat wagtlaýyn, ähli zat iki taraply. Gapyllar özara bähbitli gatnaşyk saklaýar, bähbidiň barmy — gatnaşyk bar, ýokmy — ýok. Wagtlaýyn zatlara göwün berýäň, erbet ýerem bularyň wagtlaýyndygyny bilmezlik ýa-da bilesiň gelmezligi, kabul etmezlik. Herki zadyň ikinji bir tarapy, garşylygy bar: ak-gara, belent-pes, ýagşy-ýaman, haýyr-şer, sogap-günä, halamak-ýigrenmek,.. Bu ýer bazar ýalydyr. Gatnaşyklaram söwda çalymdaş — näme ekseň, şony orýaň. Ekeniň orulmaýan halatam ýok däl. Esasy zat: berdiňmi — almaly, köplenjem, köpräk almak üçin bermeli. Ýagşylyk etseler ýa-da ýagşylyk etsinler diýip ýagşylyk etmeli. Hata etdiňmi — jezasyny çekmeli. Haýryň ýetdimi — «gaýtararlar». Ýeke taraplylyk halanylmaýar, hatda kabulam edilip bilnenok. Garşylygyny islemän, ýagşylyk etseň, akmak görerler. Hataňy welin garşylyksyz goýmazlar. - Günäkär we jezasy hakda has düşnükliräk aýdaý. - Biziň düşünjämizde, günäkär jezasyny çekýär, temmisini alýar, öz pälinden tapýar. Muňa adalat diýip düşünýäs. Jezasyny çekmese welin — adalatsyzlyk. Gapyllygymyzdan ýaňa, «Dünýäden etmişleri bilen ötenler dowzaha baryp, oda ýanar, jezasyny barybir çeker, adalat ýerini tapar» diýip oýlaýas. Sogap gazananlar bolsa jennetlikmiş. - Eýsem şeýle dälmi? - Biziň dirilikde çekilen jeza ýa synag hasaplaýan dert-elemlerimiz, muşakgatlar aslynda bir çagyryş. Hemişe açyk bolan bir gapa, huzura, yşka çagyryş. Muny görüp bilmek gerek. «Aýatda edibilen etmişini edip, jeza çekmän, amanadyny tabşyrdy» diýip oýlaýanlaryňyz bar, olaryňky hem beýle bir aňsat däl. Çakylyk hemmä deňdir. Ýöne biz gözümiziň görenini görýäs, görmedigini göremizok. Köňlümiz bilen görübilsedik, olaryň hem köňlüniň huzura garşy niçik atygsaýanyny bilerdik. Akyl gaflatda bolsa, jismi nebis dolandyrýar, bu halda köňle maksada ýetmek ýeňil däl. Nebsiň köňülden üstünligi tutuş dünýäni harap eýleýär, biz bolsa harabalygy däl-de, diňe bir jismi görýäris we «Jezasyz galdy» diýip oýlaýarys. Ýok, ol eýýäm çekmelisini çekdi. Amanat tabşyrylanda, köňül ýene yşka gowşar. Jismiň gapyllykda edeni jisimde we gapyllykda galar. - «Ynsan ezelde-de Haky bilýärdi, ahyrda-da biler» diýipdiň?.. - Hawa, öňde-soňda bilýär, ýöne aralykda gapyllyga düşäýmesi bar-da. - «Öňde-soňda» diýmäň näme? - Amanat berilmezinden öň we tabşyrylanyndan soň. Aralykda-da bilse, gowy boljak, ýöne, aýdýan-a, gapyllyga gapylaýýar. Ýogsam ynsan özüni tanasa, aslyna ýetse, kiçi-girim zat däldigini biljek ol. - Bu näme diýdigiň? - Ynsan — Hak. Hak — ynsan. Çünki ol — ähli zat, ähli ýerde, baky we bir. - Bu diýmek «Ynsanam baky» diýmekmi? - Hawa. - Onda ýogalmak näme? - Ýogalmak bilen bar bolmak — ikisi şol bir zat, ondan gelmek we oňa barmak. Başam ol, ahyram, hatda ýolam ol. Ähli zat — ol. Olam baky. - Onda ömür diýýänimiz näme? Çägi bar, başlangyjy-ahyry bar. - Ömür — jismimiziň — amanadyň bar bolan mütdeti. Muny wagt bilen ölçeýäs. Wagt bu diňe amanat üçin bar. Çägiň bar ýerinde wagt bar. Hak ýaşaýşyna gowşanymyzda bolsa, ne wagt bar, ne giňişlik. Diňe yşk! Şondan amanadyny tabşyrana «Hak rehmetine gowuşdy» diýilýär. - «Dogulmak we ýogalmak şol bir zat» diýdiň, Hakdan gelmegiň Haka barmakdan parhy ýokmudyr? Gelmek ondan daşlaşmak, barmak golaýlaşmak ýaly. - «Munda ähli zat Hak, hatda ýolam» diýmänmidim?! Hakdan Haka geldik, Hakdan Haka barýas, ol ähli ýerde. Ol elmydama aşyk. Gapyl galýan biz. - Ynsan gaýtadan dogulýarmy? - Ýok, bu ýolda hiç bir zat gaýtalanmaýar, tükenmeýärem. - Ynsan ömrüniň meňzeşlikleri nämeden? - Ömrüň ýoly bir, şondan. - Bu zatlaryň ählisine näme üçin ynsanlar başgaça düşünýärler, başgaça düşündirýärler? Olara görä, haýra — sogap, peşgeş; şere — jeza, temmi berýän Hak, şol häsiýeti bilen hem ol adalatlymyş. - Gapyllygyndan şeýle oýlaýarlar. Akylyň ýoly köňle baglanmasa, görmez hakykaty. Käşgä bilsediler Hak yşkyny. Ol adalat, rehmet, merhemet,.. diýýänleri — ummandan ägirt yşkyň damja deýin bölejigi. Adamlary iki sany zat — gorky bilen bähbit baglaýar, emma yşkda beýle däl. Bähbit ýok, garşylyk ýok, tama ýok. - Aň bilen köňlüň näme parhy bar? - Aň ömürlik, köňül baky. Ýöne bularyň ömürlik baglanyşygy hem bar: köňülsiz aň gapyldyr, aňsyz köňül — erksiz. - Haky görýän kim? - Köňül. - Onuň aňa görä beýle belent, mertebeli ýaradylmagyndaky hikmet nämede? - Sazlaşygy emele getirmekde. Ömür sazlaşykly gurnalan. Ähli zat iki taraply, parhly, ýöne biri-biri bilen bagly, onda-da aýrylmaz bagly. Ömrüň şu baglylyk tarapy bakyýete çalym edýär. Üns ber: ýagşy-ýaman, halal-haram, beýik-pes, golaý-uzak, uly-kiçi, ýaş-garry, nur-tüm... — ählisi, biri-birinden parhlydygyna, garşylyklydygyna garamazdan, bitewilikde bir dünýäni emele getirýär. - Ýaradan bulary başgaça-da ýaradyp bilerdi ahyryn, ýagny aňy köňülden üstün. - Elbetde, bilerdi. Ýöne munuň sebäbini bir onuň özi bilýär. Hakykatynda ähli zady ol bilýär, diňe ol. Ol bolsa — biz. Diýmek, bizem bilýäris. Ýöne bu hakykata ýetmek üçin heniz birneme aýňalmak — özümize ýetmek, özümizi tanamak gerek... Diňşirgendim. Ses-seda ýok. Söhbediň dowam ederini isledim, ýok, bolmady. Meniňem soramakçy zatlarym bardy ahyryn, içimde galdy. Säheriň howasy, ertiriň owazy oýardy ukudan. Käşgä sorasadym... © Süleýman HOJANEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |