21:05 Saňa meňzemek isleýän | |
SAŇA MEŇZEMEK ISLEÝÄN Bagyşla, eger-de hataly bolsam, bu günler erkimi aklym kesmeýär. Içim gybyr-gybyr – Ýazasym gelýär şygyr Seniň ezeldäki galamyň bilen. Şybyr-şybyr ýanyp duran ýagyşlaň oduna ýanasym gelýär. Hem göwnümde bir hoş hyýal besleýän – Saňa meňzemek isleýän. Ýok zat ýok, bar zatlaň welin ählisin söýesim gelýär. Eý göresim gelýär ähli barlygy. Ýigrenmek, ýazgarmak, kem baha bermek ýaly duýgulary undasym gelýär. Söýüp döredesim gelýär bir zatlar, ýok, ýok, edil sen deýin ýaradasym gelýär söýüp bir zatlar. Söýmekde many. Her näçe günäkär, a:sy-da bolsa, bagyşlasym gelýär ähli ynsany. Bir söz bilen düzläp biljek halyma, sabry, muhabbeti boljak bu dünýäň, çünki herki zadyň teýkaryn bilýän Saňa meňzäsim gelýär. Biziň üçin ähli zadyň çägi bar, çykyp bolmaz, ýykyp bolmaz diwaryn, çykman welin görüp bolmaz didaryň. A meniň çykasym, ýykasym gelýär, ne sogap, ne günä, oýnanok maňa. Meniň bir maksadym, bir niýetim bar: Görsem bor seni, hem-de sen ýaly hiç hili bähbitsiz, gorkusyz – zatsyz söýsem bor. Bilmedim näme üçin muny islemäm, ýöne, Saňa meňzemek isleýän. © Süleýman HOJANEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |