15:13 Bize söýgi ýetenok... | |
"BIZE SÖÝGI ÝETENOK..." Bilýäňizmi? Bize söýgi ýetenok, başaramzok söýüp söýlüşimiz deý. Ýa bähbit araýas ähli zatlardan, ýa gorkudan turuzýarys tüweleý. Gorkmasadyk jähennemiň odundan, kimiň halal-haram bolardy derdi? Ýa jenneti wada bermedik bolsa, kim gara başyny seždä goýardy? Bir zady sadaka berýäris bendä, Eýämden iki edip almaklyk üçin. Namaz okaýarys (undamzok hernä), diňe şerti ýerne salmaklyk üçin. Zada zar etmesek çagalarmyzy, garramyzda eklär diýip düşünýäs. Şonuň üçin «Düşewüntli kär edin» diýip, ony oda-köze düşürýäs. Diýýäris: «Ne peýda köp zat bilmekde, bolmasa bähbidiň üçin wepadar?». Awtobusda ýaşula ýer bermekde «Soň bize-de berler» diýen tama bar. Söwda öwrüp barýas ynsanlygymyz: «Berdiňmi – al, bermän alsaň has gowy». Nirede ýitirdik ynsabymyz biz? Nirde goýduk muhabbeti, dostlugy? Biliň, biziňki däl mundan alanmyz, Dünýälik zat bu dünýäniň malydyr. Söýgüsi kem bolan her bir amalmyz Jan girmedik gury göwre ýalydyr. Süleýman HOJANEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 18 | |
0
0
-1
-2
-2
-2
0
-2
1
-1
1
| |