15:22 Gol çekdim | |
GOL ÇEKDIM Tapmankam ýitirdim kelebiň ujun, Uklaman düýş gördüm yşkyň tününde. Sähra ýazlamaga gitdi hyrujym, Düýne seni berip, galdym şu günde. Wadama mukym men, Saňa mutyg men. Binesip men mürçe-myýan kamatdan. Galdym ganat kakyp bulutlara çen, Ondan aňryk bolsa beren ganatlaň takatym deý gowşady tap getirmän, Arzuwymdan gymmat eken wysaly. Dolanmaly boldum arzy:m ýitirmän, Sana alynmadyk dileg mysaly. Ýagşy niýet bilen ýolukdym bela, Nep tapmadym mährim aşa bermekden. Sersepil men, yşkym bilen mübtela, Derdim dolup, daşyp gitdi erňekden. Ölmänkäm direlden gözleň ýat ede, Müň daşa urlanym hebes janyma. Gel, girdapda galan göwnüm şat ede, Ýüzüm ýok barmaga özüm ýanyňa. Çyn yhlasym — yşka tölenen pajym. Söýgä bergim artyk eken üzerden. Bile geldik, ýeke gaýtdym, alajym ga:lmady. Terk edip, gitdiň güzerden. Düşünmedim, ýeke görüm gazlypmy?!. (Hemaýyn gürrüňe berildim aşa). Ýazgyt – şumy? Şu – ýazgytmy? Ýazlypmy gara bagtym gara reňk bilen daşa? Haraý gözläp ýarym garyş galamdan, Derdime gol çekdim gijäň tümünde: «Tapmankam ýitirdim kelebiň ujun, Uklaman düýş gördüm yşkyň tününde!..». © Mukam MUHAMOW | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
1
| |