Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:24
Meni

MENI

Ne hikmetdir, atarypsyň
Ýoldan alyp ýoda meni?
Sabrym damyp gutarypdyr,
Kaş edipsiň pada meni.

Ýetmedim uzadyp, wah, el,
Yşkym nirde, ýaňzyt sähel?
Seždeden aýyrma säher,
Baglap meýli bada meni.

Sözüm bardy gögeregen,
Depäm bardy göge degen,
Peýman eder bolsam eger,
Sak edewer wada meni.

Ýürek bolsa, bardyr derdem,
Bergeniňe kaýyl her dem.
Ýüküme dözmese gerden,
Taşlama täk ada meni.

Imanym ber tazykdyran,
Är ölmez bir ýazykdanam...
Sadalykdan azypdyryn
Öwür ýene sada meni!

Mukam MUHAMOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 158 | Mowzugy paýlaşan: Ynam | Teg: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.0/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
0
1 Мango • 16:48, 31.03.2023
Seždeden aýyrma säher,
Baglap meýli bada meni.

"Seždeden" soň simwolik "meýli badany" azajyk gelişdirmejek bolýan. Sebäbi sežde ybadatyň kulminasiýasy ýaly ondan soň meýli bada baglanmak gürrüňi biraz manyny gowşadýamy nämemi, garaz aňladabilmek kyn.
avatar
1
2 Мango • 16:49, 31.03.2023
Eger Ynam Mukamyň özi bolsa, hoş geldiň diýýärin.
avatar
0
3 Medicall • 23:42, 31.03.2023
meýli bada baglansa seždä baransoňam dänip ýöränler bar-a, "gäbi azmasyn" diýýärler, belki şoň ýaly ýagdaýa düşenler "gäbi azan" bolýandyr?!
"Ol hala düşürme, gäbi azandan eýleme, azdyrma..." diýýändir şahyram
avatar
0
4 Мango • 23:47, 31.03.2023
"meýli bada" - dogry we dürs düşünmelimi, ýa-da "meýli bada" - aşyklyk, iman meýimi?
avatar
0
5 Medicall • 00:03, 01.04.2023
aşyklyk dünýewi aşyklyk bolup bilmezmi, meýli bada göni meý, şeraply bada bolman ýagny hoo adamlary güýmemek üçin oýlap tapylan söýgi diýýän zatlary ýaly bir zatlar bolup bilmezmi?!))- . (ol ýerde "aýyrma seždeden" diýşine görä göni manyda ýaly bolupdyr, ) . Eger iman, haka yşk meýi bolsa ol meý seždäni has berkitjek ýaly..
avatar
0
6 Medicall • 00:20, 01.04.2023
Imanym ber tazykdyran, şu setire heýç düşünmedim-da, "ber" diýip kime ýüzlenýär, "imanymdan tazykdyran" diýjek bolundymyka?! eger beýle diýse-de ýene sorag döräberjek şol bentde. Ol setirdäki "tazykdyran"-y ikinji setirdäki äri bir ýazykdan öldürmejek bolup duran setire ýollaş bolsun diýip tutup getirilen ýaly bolup duran ýaly. bolup durýa))

Emma goşgyny gaýtalap okasaňam ýadadanok, HALADYM!
avatar
0
7 Pero • 09:27, 01.04.2023
Seźdeli yerinede meyli badaly yerinede eddil göni manyda duşundim men-ä.
avatar
0
8 Pero • 09:42, 01.04.2023
kaş
, at. 1. Ters, jet. Hoş mylaýym boluň, kem suhan olmaň, Menden zynhar, iliň bilen kaş bolmaň! (Magtymguly). 2. Duşman, ýagy.

pada
[pa:da], at, gepl.d. Sygyr sürüsi.

"Kaş etme pada meni" diýmek bilen ilden çykarma,ile garşy goýma diýdigimikä?!
avatar
0
9 Pero • 09:49, 01.04.2023
Biraz üýtgedipdirin kaş etme dalde kaş edipsiñ eken yagny ilime garşy goyduñ diýýamika
avatar
0
10 Мango • 09:55, 01.04.2023
Ýetmedim uzadyp, wah, el,
Yşkym nirde, ýaňzyt sähel?
Seždeden aýyrma säher,
Baglap meýli bada meni.

yşk-sežde-meý – ilki духовный aşyklyk ýaly pikir etdim.
soň pikir edýäň welin meni (dünýewi) meýe baglap (ruhy) seždeden, Özüňden (ybadatdan) aýyrma diýýän ýalam...
dogrusyny Mukam biler diýäýmesek...
avatar
0
11 Мango • 10:07, 01.04.2023
Goşgy "Возвращение блудного сына" diýilen tema meňzeş ýaly-la, Gahryman ýola gelmek isleýän ýaly-la...

Ne hikmetdir, atarypsyň
Ýoldan alyp ýoda meni?
(ýoldan aýrylyp ýoda çykmak - bu umuman ýoldan çykmak)
Sabrym damyp gutarypdyr,
Kaş edipsiň pada meni.
(kaş düşmek pada – ters düşmek köpçülige. ýene ýokarky pikiri güýçlendirýär. sürüden aýrylmak, köpçüligiň akymynyndan aýrylmak. köpçüligiň pikirine ters bolmak. (aslynda köpçülik terse barýan bolsa oňa "kaş" bolmak ters zadam däl))

Imanym ber tazykdyran,
Är ölmez bir ýazykdanam...
Sadalykdan azypdyryn
Öwür ýene sada meni!

(ine-de ýola dolanýan ýeri, "är ölmez bir ýazykdan, ...azypdyryn, ...ÖWÜR ÝENE!")

bulam bir wersiýa boldy. :-)
umuman "Возвращение блудного сына" bolaýmasa.
avatar
0
12 Kyyas • 13:16, 01.04.2023
Her bir okyjyda bir tüýsli täsirini ýetiren bolsa, dürli pikirlere ugrukdyran bolsa onda kämil goşgy. Berekella! Awtor
avatar
0
13 Pero • 17:05, 01.04.2023
Goşgyñ gowydygyna söz ýok. Emma her kimde bir pikir döredýän goşgy stili däl bi. Hemme zat anyk. Diñe käbir sözleriñ haýsy manysynda ulanylandygy barada dürliräk pikirler dörejek boldy. Soñundan Mangoñ 10-njy teswirinde aydan pikiri bn nokat goyuldy. Bu goşgy anyk şol manylarda yazylan bolmaly
avatar
0
14 ibrahimbadakhshan • 22:52, 01.04.2023
Menem Mango bilen ylalaşýan, Bu goşgynyň mazmunynda özüniň ýoldan azanyny duýanyň, tobasy duýulýar! Gowuja goşgy! Başky sejdeli, meýli gürrüňler howlukmaç ýazylan synlar bolmaly
avatar
0
15 Pegas • 23:32, 06.02.2024
Şol iki setire göni manyda düşünilse, hemme zat düzelýär)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203